Futbol boýunça Türkmenistanyň Kubogy ugrundaky 22-nji ýaryş tamamlanyp barýar. Bu ýaryşda badalga alan ýokary liganyň 10 toparyndan dördüsi Kubok ugrundaky bäsleşigi dowam etdirer.
Şu gün Aşgabatda ýarym finalyň ilkinji oýunlary geçirildi.
“Bagyr” stadionynda Türkmenistanyň Futbol federasiýasynyň Kubogynyň eýesi “Ahal” topary ýurdumyzyň wise-çempiony “Merwi” kabul etdi. Duşuşygyň 47-nji minutynda D.Baýramow marylylary öňe çykardy – 1:0. 80-nji minutda N.Çöliýew hasaby deňledi-1:1. Oýnuň esasy wagtyna goşulan wagtyň birinji minutynda A.Nikitenko dürs urgy bilen “Ahala” ýeňiş getirdi – 2:1. Türkmenistan at gazanan tälimçisi A.Gurbaniniň şägirtlerine bir pökgi möçberindäki artykmaçlyk finala çykmak üçin ýeterlik boljakdygy ýa-da bolmajaklygy Maryda geçiriljek jogap oýnunyň netijeleri boýunça belli bolar.
Halkara türkmen-türk uniwersitetiniň stadionynda geçirilen beýleki ýarym final duşuşygynda paýtagtymyzyň “Altyn asry” topary garaşylmadyk ýagdaýda ýurdumyzyň häzirki çempiony we Aziýa futbol federasiýasynyň prezidentiniň Kubogynyň eýesi “Balkany” 3:0 hasabynda ýeňmegi başardy. Ýeňiş gazanan toparda G.Öwekow (33-nji minutda), A.Garajaýew (72-nji minutda) we A.Amanow (88-nji minutda) tapawutlandylar.
Finalçylar 23-nji oktýabrda geçiriljek jogap duşuşyklarynyň netijeleri boýunça kesgitleniler. Türkmenistanyň Kubogynyň eýesi 28-nji oktýabrda, ýurdumyzyň Garaşsyzlygynyň 22 ýyllygyna gabatlanyp geçiriljek final duşuşygynda mälim bolar.