Ï Türkmen boksçylary Almatydaky dünýä çempionatyny ýeňiş bilen başladylar
mail-icon
altynasyr.newspaper@sanly.tm
EN RU TK

Türkmen boksçylary Almatydaky dünýä çempionatyny ýeňiş bilen başladylar

view-icon 868
Almatyda (Gazagystan) badalga alan dünýä çempionatynda türkmen boksçylary ilkinji ýeňşi gazandylar. Bu ýeňşe Milli sport we syýahatçylyk institutynyň talyby, şu ýyl Kazanda geçirilen Bütindünýä Uniwersiadasynyň çärýek finalçysy Zarip Jumaýew mynasyp boldy.

Uly ýaşly türgenleriň dünýä birinjiligine ikinji gezek gatnaşmak bilen, Türkmenistanyň ýokary sport ussatlygy mekdebinde tälim alan 21 ýaşly türgen ilkinji duşuşykda pakistanly boksçy Muhammet Wasimden üstün çykdy we 52 kilograma çenli agramda çykyş edýän 47 boksçynyň iň gowularynyň 32-siniň hataryna girmegi başardy. Duşuşygyň ilkinji sekuntlaryndan Zarip hüjüme geçdi we bäsleşigiň ahyryna çenli aýgytly hereket etdi. Ilkinji iki raund birmeňzeş hasapda – 30:27 hasabynda biziň ildeşimiziň peýdasyna tamamlandy. Duşuşygyň jemleýji böleginde hem eminler Türkmenistanyň wekiliniň artykmaçlyk gazanandygyny (29:28) we netijede 3:0 hasabynda garşydaşyndan üstün çykandygyny yglan etdiler.

Z.Jumaýewiň indiki garşydaşy owganystanly boksçy Mohammad Nazari bolar. Bu jübütiň ýeňijisi çärýek finala çykmak ugrundaky bäsleşikde E.Salasyň (Wenesuela) we E.Mamişzadanyň (Azarbaýjan) arasynda geçiriljek duşuşygyň ýeňijisi bilen duşuşar.

Almatynyň Baluan Şolak adyndaky Sport köşgünde geçirilýän 17-nji dünýä çempionatyny eýýäm sportuň bu görnüşiniň taryhynda möhüm waka diýip atlandyrdylar. Çünki, ýaryşlar Halkara boks assosiasiýasynyň (AIBA) täze kadalary boýunça, ýagny gorag başgapsyz geçirilýär. Bu çempionatda dünýäniň 111 ýurdundan boksçylaryň 457-si on sany agramlyk derejesinde medallar ugrunda göreşýärler.

Dünýä çempionatynda Türkmenistana boksçylaryň ýedisi wekilçilik edýär. Olaryň arasynda 2012-niji ýylda Londonda geçirilen Olimpiýa oýunlaryna gatnaşan, 2009-njy ýylda Aziýanyň çempiony bolan Serdar Hudaýberdiýew (Almatyda ol ilkinji gezek özi üçin täze bolan 69 kilograma çenli agramlyk derejesinde çykyş eder), şeýle hem 2013-nji ýylda Kazanda geçirilen Bütindünýä Uniwersiadasynyň çärýek finalçysy Faruh Ýemudow (60 kilograma çenli agramlyk derejede) bar.

Boks boýunça dünýä çempionaty 26-njy oktýabrda tamamlanar.