Gazagystanda geçirilýän dünýä çempionatynda türkmen boksçulary üstünlikli çykyş etmegini dowam edýärler. Ýaryşyň dört gününiň netijeleri boýunça biziň türgenlerimiziň ýedisinden bäşisi ýaryşyň ikinji tapgyryna çykdy.
Şeýle üstünligi şu gün ulularyň arasynda dünýä birinjiligi ugrundaky ýaryşda ilkinji gezek çykyş edýän Türkmenabatdan 22 ýaşly Aziz Açylow gazandy.Onuň ilkinji bäsdeşi 75 kilograma çenli argamda marokkoly B.Haddiouin boldy. Bu duşuşyklar baýraklar ugrunda 48 boksçynyň arasyndaky ýaryşyň hakyky bezegine öwrüldi. Duşuşygyň ilkinji sekuntlaryndan biziň watandaşymyz garşydaşyna güýçli urgularyň birnäçesini geçirdi, ony iki gezek nokdauna sezewar etdi. Ikinji nokdaundan soň, birinji raundyň tamamlanmagyna 4 sekunt galanda duşuşygyň emini litwaly K.Bagdanawiçius söweşi saklamaga we ýeňşi türkmenistanla degişli etmäge mejbur boldy. Aziz Açylowyň indiki garşydaşy bije atylyşy boýunça sekizinji belgili Serbiýadan A.Drenowak bolar.
Beýleki türkmen boksçularyndan dünýä çempionatyň ikinji tapgyryna ozal Zarip Jumaýewiň (52 kilograma çenli agramda), Aziz Bebitowyň (64 kilograma çenli), Serdar Hudaýberdiýewiň (69 kilograma çenli) we Arslanbek Açylowyň (81 kilograma çenli) geçendiklerini ýatladýarys.