Türkmenistanyň döwlet sirkiniň işgärleri we Ahalreke atçylyk toplumynyň “Galkynyş” milli at üstündäki oýunlary toparynyň agzalary Watanmyzyň sirk sungatyny we atçylyk sportuny ösdürmekde bitiren hyzmatlary üçin Türkmenistanyň Prezidentiniň altyn zynjyry we 10 müň dollar bilen sylaglandylar. Režissýorlardan, artistlerden we atşynas türgenlerden başga nem sirkiň weterinar lukmany hem pul baýragy bilen sylaglandy. Umumylykda bu maksatlar üçin 153 müň amerikan dollary möçberindäki pul serişdeleri Türkmenistanyň Prezidentiniň Haýyr-sahawat gaznasyndan bölünip berildi.
Sirk sungatynyň we atçylyk sportunyň usatlary daşary ýurtlarda çykyş edip, uly abraýa eýe bolýarlar. Olar ýakynda Moskwada geçirlen sirk sungatynyň Bütindünýä fesriwalynda çykyş edip, örän uly üstünlikler gazandylar.
Olar gaýdyp gelenlerinde Aşgabadyň Halkara howa menzilinde dabaraly ýagdaýda garşy alyndy. Eýýäm uçardan düşüp gelýän iň ýaş jigidiň elinde biziň watandaşlarymyzyň dünýäniň dürli künjeginden gelen sirk sungatynyň ussatlary bilen ýeňil bolmadyk bäsleşikde gazanan ýehişleriniň “Idola” diýip atlandyrylýan altyn kubogy öwüşgin atýardy. Bu olaryň gazanan ýeke-täk baýragy däldir. Türkmen jigitleri festiwalda bellenen baýraklaryň ählisine mynasyp boldular.
Bütindünýä sirk sungatynyň festiwalynyň meýdançasynda biziň Watanmyza wekilçilik eden ussatlar güýçli el çarpyşmalary, gül çemenleri we gutlag hem-de minnetdarlyk sözleri bilen garşylandy. “Galkynyş” milli at üstündäki oýunlary toparynyň ýolbaşçysy, Türkmenistanyň Medeniýetda at gazanan işgäri Pyhy Baýramdurdyýew şatlykly duýgularyny biz bilen paýlaşdy:
- Biz gazanan uly üstünliklerimiz bilen watana gaýdyp geldik. Biziň bu uly üstünligimiz Türkmenistanyň golaýlap gelýän Garaşsyzlyk baýramyna sowgadymyz bolar. Baş baýrak ugrundaky bäsleşik ýeňil bolmady. Sebäbi sirk sungatynyň ýokary derejedäki ussatlary dürli derejedäki žanr, stilistika, ýerine ýetiriş usullary boýunça gatnaşdylar. Kimiň ýeňiş gazanjakdygyny öňünden bilmek mümkin däldi. Elbetde, emin agzalarynyň öňünde ökdelerden ökdeleri saýlamak ýaly ýeňil bolmadyk wezipe durdy. Baş baýragy almak ugrundaky bäsleşik oňa gatnaşyjylaryň ählisini tolgundyrdy. Meniň pikirimçe, bu biziň oglanlarymyzda aýratyn yhlas-joşgun döretdi. Şonuň üçin hem biz bu uly sirk baýramçylygyna gatnaşyjylaryň ählisini ähli babatda ýeňip geçdik. Munuň üçin örän uly işler geçirildi. Biziň toparymyz Moskwa gitmek üçin iki aýdan gowrak ýadawsyz taýýarlyk gördi. Ählimiz bir adam ýaly bolup ýeňiş gazanmaga ymtyldyk. Biz ýörite maksatnama taýýarladyk, onda at üstündäki oýunlaryň çylşyrymly usullaryna aýratyn üns berdik, ony bir demde özleşdirdik. Ýogsa-da, bu maksatnama biziň tomaşaçylarymyz Aşgabat sirkiniň manežinde golaý wagtda tomaşa edip bilerler.
Haçan-da biziň toparymyzy festiwalyň ýeňijisi diýip yglan edenlerinde biziň başdan geçiren jadylaýjy düýgularymyzy söz bilen aýdyp bolar ýaly däl. Bäsleşigiň ýeňijisini kesgitlemek üçin dünýäniň dürli ýurtlarynda ýygnanan abraýly emin agzalary iki sagatlap maslahatlaşdylar. Elbetde, bu togundyryjy pursat boldy. Haçan-da hemmesi çözülende, biziň şatlygymyzyň çägi bolmady! Haçan-da emin agzalarynyň ýolbaşçylygynda tomaçylaryň ählisi ör tutup hem-de el çarpyşmalary bilen biziň ýeňşimizi gutlanlarynda biziň ählimizde Watanmyza bolan buýsanjymyz goşalandy.
Elbetde, bu döredijilik bäsleşigi biziň ýaş jigitlerimiz üçin örän uly mekdep boldy. Olar hakyky ruhy bäsleşigiň şaýady boldular, ýeňş gazanmagyň aňsat zat däldigini duýdular. Bu bolsa her birini ganatlandyrýar, iň gowudan gowusy bolmak üçin saýlap alan hünäriň boýunça uly yhlas bilen meşgullanmaga borçly edýär. Ýeňişden soňra biz Moskwada dürli şaherlerde çykyş etmäge çagyrýan köp sanly çakylyklaryň aldyk.
Ikinji orun ýer eýelerine - Wernadskiý şaýolunyň ugrunda ýerleşýän Uly sirke akrobatika çykyşlary üçin berildi. Üçünji orun Efiopanyň artistlerine – olaryň hem akrobatika çykyşlary üçin berildi. Biz bolsa sirk sungatynyň festiwalynyň nominasiýalarynyň ählisi boýunça baýrak aldyk. “Idol” altyn kubogyndan başga hem bize köpçülikleýin habar beriş serişdelerinden baýrak gowşurdylar, tomaşaçylaryň söýgüsi Baýragynyň eýesi bolduk, esasy zat bolsa, biziň toparymyz 2015-nji ýylyň ýanwar aýynda Monte-Karloda (Monako) geçiriljek şunuň ýaly festiwala gatnaşmaga çakylyk aldy. Biz dünýäniň iň abraýly arenasynda Türkmenistany mynasyp görkezmek üçin ähli tagallalary ederis.

* * *