Almatyda (Gazagystan) geçirilýän 17-nji dünýä çemponatynda türkmen boksçylary özleriniň çykyşlary bilen guwandyrmagy dowam edýärler. Göreşiň ýedi gününiň netijeleri boýunça biziň türgenlerimiziň ikisi ýaryşyň üçünji tapgyryna çykdylar.
Şeýle üstünligi bu gezek 2012-nji ýylda londonda geçirilen Olimpiýa oýunlaryna hem-de dünýä çempionatlarynyň dördüsine gatnaşan, 2009-nji ýylda Aziýanyň çempiony bolan Serdar Hudaýberdiýew gazandy. Türkmenabatly 27 ýaşly halkara derejeli sport ussady ikinji ýeňşini gazandy hem-de özi üçin täze çempionatda 69 kilograma çenli agramda iň güýçli 16 boksçynyň hataryna girdi.
S.Hudaýberdiýewiň Halkara boks assosiasiýasynyň (AIBA) baýdagy astynda çykyş edýän hindistanly türgen M.Jangra bilen duşuşygynyň birinji raundy deňlik ýagdaýynda geçdi. Nobatdaky raundda eminler garşydaşa ikinji gezek duýduryş bereninden soň, tutluşygyň tamamlanmagyna 43 sekund galanda ýaryşy saklap ýeňşi türkmen boksçysyna degişli etdiler—2:0 (18:18, 19:17, 19:17).
Dört ýyl mundan ozal Milanda (Italiýa) bolan dünýä çempionatynda S.Hudaýberdiýew çärýek finala çenli ýetdi. Türkmen toparynyň öňdebaryjysynyň şol üstünligi gaýtalap biljekdigi onuň indiki duşuşygynda bije boýunça altynjy belgi astynda çykyş edýän russiýaly A.Besputin bilen geçiriljek duşuşygynyň netijesinde belli bolar. Muňa çenli russiýaly garşydaş T.Býambany (Mongoliýa) 2:1 (30:27, 28:29, 30:27) hasabynda utupdy.
Ozal beýleki türkmen boksçylaryndan dünýä çempionatynyň üçünji tapgyryna Milli sport we syýahatçylyk institutynyň talyby, Kazanda geçirilen Bütindünýä Uniwersiada-2013-iň çärýek finalçysy Zarip Jumaýewiň (52 kilograma çenli) çykandygyny ýatladýarys. Ol ilkinji iki duşuşygynda M.Wasimden (Pakistan)-3:0 (30:27, 30:27, 29:28) hasabynda we M.Nazariden (Owganystan)-3:0 (30:27, 30:27, 30:27) hasabynda ynamly üstün çykdy.