Ï Türkmenleriň taryhy-medeni mirasy adamzat ösüşiniň genji-hazynasydyr
mail-icon
altynasyr.newspaper@sanly.tm
EN RU TK

Türkmenleriň taryhy-medeni mirasy adamzat ösüşiniň genji-hazynasydyr

view-icon 909
Şu gün, bu ýerde açylýan Ýaşulularyň maslahatynyň öňüsyrasynda umumymilli foruma gatnaşyjylara we myhmanlara “Köneürgenç” döwlet taryhy-medeni goraghanasynyň zolagynda ýerleşýän we UNESKO-nyň Bütindünýä mirasynyň sanawyna girýän köp sanly taryhy we medeni ýadygärlik bilen tanyşmaga ajaýyp mümkinçilik döredildi. Maslahata gatnaşyjylaryň we myhmanlaryň hatarynda hökümetiň agzalary, harby we hukuk goraýjy edaralaryň, ministrlikleriň we pudaklaýyn edaralaryň, jemgyýetçilik guramalarynyň ýolbaşçylary türkmen diplomatlary – biziň ýurdumyzyň daşary ýurtlardaky ilçileri, habar beriş serişdeleriniň wekilleri, ýokary okuw mekdepleriniň rektorlary, şeýle hem talyp ýaşlar bar.

Irden myhmanlar Daşoguzdan Köneürgenç şäherine geldiler. Olar gadymy medresäniň binasynyň öňündäki meýdançada mähirli garşylanyldy. Häzirki wagtda bu ýerde Arheologiýa we etnografiýa muzeýi ýerleşýär.

Soňra goraghananyň ylmy işgärleriniň ýolbaşçylygynda Ýaşulularyň maslahatyna gatnaşyjylar muzeýe gezelenç etdiler, gadymy şäheriň taryhy, Daşoguz welaýatynda ýerleşen şu we beýleki köne şäherleriň, galalaryň hem-de aýry-aýry desgalaryň çäginde geçirilen gazuw-agtaryş işleriniň barşynda ýüze çykarylan arheologik tapyndylar bilen tanyşdylar.


Ozalky medresäniň hüjrelerindäki ekspozisiýa myhmanlarda aýratyn gyzyklanma döretdi. Olaryň her biri däp bolan halk senetçileriniň birine bagyşlanýar. Bu ýerde geçen döwürlerde hatdatlaryň, küýzegärleriň, tokarlaryň, agaç ussalarynyň, demirçileriň, zergärleriň, derilerden önüm taýýarlan ussalaryň, ädikçileriň, dokmaçylaryň we keşdeçileriň nähili işländigini görmek bolýar. Medresäniň okuw otagy bolup hyzmat eden zalda XIX asyryň dini okuw mekdebiniň içki bezegi dolulygyna dikeldilipdir, namaz okalýan otagda bolsa muzeýiň arheologik gymmatlyklary ýerleşdirilipdir.

Mälim bolşy ýaly, Daşoguz welaýatynyň çäginde dürli eýýamlara degişli binagärlik ýadygärlikleriniň ençemesi ýerleşýär. Şol ýadygärlikler bolsa birmahallar sebitiň iri medeni merkezleriniň biri bolan gadymy türkmen döwletiniň beýikligine şaýatlyk edýär. Şol ýadygärlikleriň hatarynda Tekeşiň we Il Arslanyň, Törebeg hanymyň, Soltan Alynyň, Pirýarweliniň kümmetleri, Yzmykşir galasy, gurluşygy Gutlug Temiriň ady bilen baglanyşykly metjidiň minarasy we milli taryhy binagärligiň beýleki hakyky dürdäneleri bar. Islendik arheologik ýadygärligiň, islendik gadymy binagärlik nusgasynyň aňyrsynda öz topragynda irki adamzat siwilizasiýasynyň esasyny goýan türkmen halkynyň taryhy durandyr. Hakykatdan hem, binagärlik ýadygärlikleri döwletleriň gülläp ösen döwürleri, köp asyrlar mundan ozal olarda ýaşan hem-de olary gaýduwsyzlyk bilen goran adamlar barada köp zatlary gürrüň berip biler. Bu milli mukaddeslikler Berkarar döwletimiziň bagtyýarlyk döwründe ruhy we medeni ösüşi başdan geçirýän türkmen halkynyň edermenliginiň, synmaz erkiniň, agzybirliginiň hem-de Watana bolan söýgüsiniň mizemez nyşany bolup durýar.

Köneürgenjiň mukaddeslikleriniň köpüsi, ilkinji nobatda, sopy şeýhi Nejmeddin Kubranyň kümmeti we oňa ýanaşyk, halk arasynda “Üç ýüz altmyş” diýlip atlandyrylýan gadymy gonamçylyk bu ýerde jaýlanan keramatly adamlaryň sany barada ýatladýar hem-de zyýaratçylaryň, hatda Aziýanyň iň alys ýurtlaryndan gelen zyýaratçylaryň hem ünsüni çekýär. Ýaşulularyň maslahatyna gatnaşyjylar soňra şu ýadygärlik bilen tanyşdylar. XIV asyrda gurlan hanaka kümmeti Soltan Alynyň we Pirýarweliniň kümmetlerini öz içine alýan binagärlik toplumynda esasy orny eýeleýär. Aýdyşlaryna görä, şol ýerde Nejmeddin Kubra basybalyjylara garşy gaýduwsyz söweşipdir we 1221-nji ýylda şäheri goramak ugrunda bolan jeňde wepat bolupdyr. Mazaryň üstündäki täsin bezelen daş beýik şeýhiň aramgähiniň çeperçilik merjeni bolup durýar. Ol gündogar maýolikasynyň iň gowy nusgalarynyň biridir. Mundan ýarym asyrdan gowrak ozal gümmez ýykylan mahalynda bu desga uly zyýan ýetirilipdir. Häzir bolsa onda dikeldiş işleri geçirilýär.

Ýöne ussalaryň, gurluşykçylaryň, suratkeşleriň we bezegçileriň şan-şöhratly şäheriniň esasy gymmatlyklary olaryň XII-XIV asyrlarda guran binagärlik täsinliklerinden ybaratdyr. Şol desgalar häzirki şäheriň çäginden daşda, Türkmenistanyň demirgazygyndaky iri arheologiýa toplumynyň ýaýlyp ýatan ýerinde ýerleşýär. Amyderýanyň köne hanasy bolan Derýalygyň çep kenarynda ýerleşýän taryhy landşaftyň giň zolagy hem döwlet tarapyndan goralýar.

Myhmanlar köneürgenç türkmenleriniň imperiýasynyň paýtagtynyň möhüm ýadygärliklerine – oňat bezelen Törebeg hanym kümmetine, dünýäde iň beýik minaralaryň biri bolan, beýikligi 60 metre ýetýän Gutlug Temiriň minarasyna, soňra Horezmiň şasy Tekeşiň kümmetine, Horezmiň şasy Il Arslanyň kümmetine, esasy girelgesi saklanyp galan uly binanyň harabalyklaryna baryp gördüler. Bu bina paýtagt şäheriň kerwensaraýy bolupdyr diýlip hasaplanylýar. Alymlaryň pikirine görä, Köneürgençde şeýle ajaýyp desgalar döremezden öň, Merkezi Aziýanyň iň ajaýyp künjekleriniň birinde ýerleşen gadymy ýurduň binagärlik sungaty hem-de çeperçilik medeniýeti uzak wagtlap ösüşi başdan geçiripdir.

Ýadygärliklere baryp görmegiň barşynda Ýaşulularyň maslahatyna gatnaşyjylar şäheriň täsin goranyş desgalaryna – Kyrkmolla we Akgala ýadygärliklerine hem baryp gördüler. Bu galalaryň ikisi hem Köneürgenjiň gadymy şähergurluşyk merkezi bolmaga mynasypdyr. Şunuň bilen baglylykda, alymlaryň arasynda bu mesele giňden ara alnyp maslahatlaşylýar. Arheologlaryň pikirine görä, diňe gazuw-agtaryş işleri hakykata göz ýetirmäge hem-de Kyrkmolla diňindäki topragyň soňky gatlaklarynyň aşagynda nämeleriň bardygyny we Akgalanyň XV-XVI asyrlara degişli gala diwarlarynyň aşagynda taryhçylara nähili täsinlikleriň garaşýandygyny bilmäge ýardam eder.

Dürli nesillere degişli hünärmenleriň köp sanlysy Köneürgenjiň ýadygärliklerini öwrenmek hem-de aýawly saklamak işine uly goşant goşdy. Olary bolsa adamzat ruhunyň döreden bu gymmatlyklaryna, halk ussalarynyň zehininiň we ýokary ussatlygynyň maddy subutnamalaryna bolan uly söýgi baglanyşdyrýar. Köneürgençde başarjaň we ussat gurluşykçylar häzir hem az däl. Olaryň tagallasy bilen şäherde saklanyp galan, Orta asyrlara degişli desgalaryň ählisi dikeldildi, olaryň ýanaşyk ýerleri abadanlaşdyryldy. Munuň özi bu ýadygärlikleriň syýahatçylar we zyýaratçylar üçin elýeterli bolmagyny üpjün edýär.

Myhmanlaryň aýtmagyna görä, gadymy Köneürgenjiň desgalarynyň ululygy haýran galdyrýar. Munuň özi Gündogaryň taryhynda bu şäheriň ähmiýetini, onda saklanyp galan ýadygärlikleriň çeperçilik gymmatlygyny artdyrýar. Şu gün bu ýadygärliklere barlyp görülmegi Türkmenistanda halkymyzyň baý taryhy-medeni mirasyny aýawly saklamaga hem-de öwrenmäge aýratyn üns berilýändiginiň ýene-de bir aýdyň subutnamasyna öwrüldi.

Gezelenç tamamlanandan soň, Türkmenistanyň Prezidenti Gurbanguly Berdimuhamedowyň baş saglygyna sadaka berildi.

Şu gün türkmen topragynyň mukaddes ýerlerinde edilen doga-dilegler Gudraty güýçli Allatagalanyň dergähinde kabul bolsun!