Şu gün Sportuň gyşky görnüşleri boýunça sport toplumynyň buzly meýdançasynda Türkmenistanyň milli ýetginjekler ýygyndysy bilen Minskiniň /Belarus/ ýetginjekler ýygyndy toparlarynyň arasynda ýoldaşlyk duşuşygy geçirildi. Oýnuň başlamagynyň öň ýany içi janköýerlerden doly toplumda türkmen figuralaýyn typyjylarynyň taýýarlan çykyşy ýaýbaňlandyryldy.
Minsk toparynyň oýunçylarynyň gazananlarynyň hatarynda 11-13 ýaş aralygyndaky çagalaryň we ýetginjekleriň arasynda Belarusyň çempionatynyň altyn medallary, şeýle hem “Altyn şaýba” atly ýaryşyň bürünç baýragy bar.
Bu toparyň uly tälimçisi Maksim Ýakowlewiň pikirine görä, häzirki ýoldaşlyk duşuşygy Minskiniň we Aşgabadyň ýaş hokkeýçileri üçin oňat sport tejribesine öwrüldi. Mundan başga-da, duşuşyk Aşgabadyň sport toplumynyň ajaýyp meýdançasynda geçiriler. Bu meýdança bilen ol oýundan öň türgenleşik mahaly tanyşdy.
Şeýle hem Minskiniň tälimçisi türkmen hokkeýçileri bilen mundan beýläkki hyzmatdaşlyga umyt bildirip, ýakyn geljekde Türkmenistanyň sportuň gyşky görnüşleriniň milli merkezine jogap çakylygyny iberjekdigine ynandyrdy.
Türkmenistanyň ýetginjekler ýygyndysy şu günki güne çenli milli sport ýaryşynda öňde barýan toparlaryň üçüsinden düzüldi. Olar Içeri işler ministrliginiň “Galkan”, Haryt-çig mal biržasynyň “Şir” hem-de “Türkmengaz” döwlet konserniniň “Oguzhan” toparlarydyr.
Türkmenistanyň ýygyndysynyň baş tälimçisi Rustam Kerimow hem şeýle ýoldaşlyk duşuşyklarynyň, aýratynam türgenleriň ýaş nesli üçin zerurdygyny nygtady.
Bary-ýogy birnäçe ýyl mundan ozal türkmen hokkeýçileri buzly meýdançada ilkinji ädimlerini ätdiler, bu gün bolsa olar diňe bir milli ýaryşlara däl, eýsem, halkara ýaryşlaryna hem gatnaşýarlar.Munuň özi hormatly Prezidentimiz Gurbanguly Berdimuhamedowyň tagallalary netijesinde mümkin boldy. Milli Liderimiziň başlangyçlary boýunça Aşgabatda sportuň gyşky görnüşleri boýunça döwrebap sport toplumlarynyň ikisi bina edildi. Olarda diňe bir dürli milli ýaryşlar geçirilmän, biziň türgenlerimiz oýnuň ýokary derejesini görkezip, halkara ýaryşlary hem geçirilýär. Şu ýerde şu ýylyň fewralynda Aşgabatda geçirilen Türkmenistanyň Prezidentiniň Kubogy ugrundaky birinji halkara ýaryşyny ýatlamak isleýäris. Onuň netijeleri boýunça “Oguzhan” topary ýaryşyň wise-çempiony boldy.
Ine, indi bolsa biziň ilkinji milli ýygyndymyz düzüldi. Ol özüniň ilkinji, özi-de halkara duşuşygyny geçirdi. Bu oýun hokkeýi söýüjileriň aňynda uzak wagtlap galar, çünki ol ýiti pursatlary, ýaş türgenleriň utgaşykly hereketleri hem-de geçirilen hokkeý toplarynyň köplügi bilen özüne çekdi.
Duşuşygyň ilkinji sekuntlaryndan oýun depginli häsiýete eýe boldy. Türkmen hokkeýçileri eýýäm üçinji minutda hasaby açdylar: Akmyrat Çaryýew tapawutlandy. Emma myhmanlar eýýäm 5 minutdan soň hasaby deňlediler. Bu üstünligi hüjümçi Aleksandyr Moskalýew gazandy. Indi türkmenistanlylaryň ýagdaýy ele almak nobaty geldi we duşuşygyň ilkinji böleginiň tamamlanmagyna 4 minut galanda ýer eýeleri ýene-de öňe saýlandylar. Bu gezek Eziz Annamuhammedow tapawutlandy. 2:1 hasabynda biziň hokkeýçilerimiziň peýdasy bilen toparlar arakesmä çykdylar.
Duşuşygyň ikinji böleginde oýnuň depgini peselmedi: türkmenistanlylar belarus hüjümçisi Maksim Serkarenkonyň okgunly hüjümini geçirdiler, ol derwezeçiniň garşysyna tilsim geçirip, hokkeý topuny salmagy başardy. Hasap ýene-de deňlendi.
Myhmanlar bu üstünlikden ruhlanyp, öňe tarap hereket etdiler, şondan hem türkmen hokkeýçileri peýdalandylar: eýýäm 3 minutdan soň, Ýakup Berdiýew biziň ýygyndymyzy nobatdaky gezek öňe çykardy, bir ýarym minutdan soň bolsa Artem Putinsew hasaby 4:2 çenli artdyrdy.
Duşuşygyň üçünji böleginde hokkeýçiler biri-biriniň derwezesine köp wagt hokkeý topuny salyp bilmediler. Jemleýji jürlewigiň çalynmagyna 5 minut galanda, Minskiniň ýygyndysynyň derwezesine hokkeý toplary birnäçe gezek yzly-yzyna geçirilip, türkmenistanlylar garşydaşynyň derwezesine hokkeý toplarynyň üçüsini saldylar. Şunda Akmuhammet Ezizow, Çöli Dagdanow hem-de Işan Weliýew tapawutlandylar. Netijede, Türkmenistanyň ýetginjekler ýygyndy topary 7:2 hasabynda ynamly ýeňiş gazandy.
Ýeňijilere Belarus Respublikasynyň Prezidenti Aleksandr Lukaşenkonyň adyndan ýörite baýraklar—ýörite taýýarlanan hokkeý taýaklary gowşuryldy.
Şunuň bilen türkmen we belarus hokkeýçileriniň arasyndaky ýoldaşlyk duşuşygy tamamlanmaýar. 5-nji noýabrda sportuň gyşky görnüşleri boýunça sport toplumynda 17.00-da ýene-de bir duşuşyk geçiriler. Onda Minskiniň ýaş türgenleri “Oguzhan” topary bilen duşuşarlar, soňky gün bolsa 12.00-da myhmanlar bilen “Şir” topary güýç synanyşar.