Ï Sportuň gaýa çykmak görnüşi boýunça çempionat
mail-icon
altynasyr.newspaper@sanly.tm
EN RU TK

Sportuň gaýa çykmak görnüşi boýunça çempionat

view-icon 808
Aşgabadyň eteginde Gökdere jülgesinde sportyň gaýa çykmak görnüşi boýunça Türkmenistanyň şahsy açyk çempiony geçirildi. Bäsleşik ”Agama” alpinistler klubu bilen bilelikde Türkmenistanyň Sport baradaky döwlet komiteti tarapyndan guraldy we Türkmenistanyň Sagdyn jemgyýet howpsuzlygyny goraýyş gullugynyň Berkarar etrap bölüminiň, Türkmenistanyň Magtymguly adyndaky ýaşlar guramasynyň Aşgabat şäher Berkararlyk etrap guramasynyň hem-de paýtagtyň Arçabil etrap häkimliginiň goldamaklarynda geçirildi.


Üç günüň dowamynda sportuň gaýalara çykmak görnüşy boýunça şahsy bäsleşiklere otuzdan gowrak türgenler gatnaşdy. Olar paýtagtyň toparlarynyň ikisiniň, Balkanabat şäheriniň we Ahal welaýatynyň wekilleridir. Gaýalara çykmak türkmen alpiniziminiň taryhynda ilkinji sapar halkara düzgünlerine laýyklykda iki görnüşi boýunça; bouldering boýunça – birnäçe gaýa ýollaryny strahowkasyz ýüpli geçmek (gimnastiki strahowka bilen), şeýle hem ýokarky strahowka ýüpi bilen dik gaýa dyrmaşmak boýunça geçirildi

Bäsleşigiň birinji güni kwalifikasiýa saýlamadan geçen bäsleşige gatnaşyjylar öňünden ýörite taýýarlanan ugurlar boýunça ylgaw ýaryşlaryna göýberildi. Bäsleşýänlere boulderngde finalda çylşyrymly üç ugur hödürlendi. Olar çäklendirilen sanly ýapyşalgalary ulanmak bilen, ýoly geçmelidiler. Soňra türgenler gaýalara çaltlandyrylan depgin bilen çykmak boýunça öz ukyplaryny görkezdiler. Netijede paýtagtyň toparlarynyň ikisini wekilleri – Sergeý Nowikow we Timur Durdyýew birinji-ikinji orunlary eýelemk bilen, gaýa çykmak boýunça ýurduň çempiony diýen ady paýlaşdylar. Üçünji we dördünji orun “Aşgabat-2” toparyndan Nikita Gerasimenko we Balkanabatly Wýaçeslaw Aliýew mynasyp boldular.


Bäsleşikde gaýa çykmagyň ähli görnüşleri boýunça alpinizmiň weterany “Aşgabat -1”-ň wekili Najiýa Kostowa birinjiligi eýeledi. Ikinji orny Aşgabatly zenan Anastasiýa Loskarýowa, üçünji orny Ahal welaýatyndan wekil Irina Permýakowa eýelemegi başardylar.

Indiki çempionatlar Köýtendagyň we Uly Balkanyň gaýalarynda geçirmek meýilleşdirilýär. Çempionatyň jemleri boýunça sportuň ekstremal görnüşi boýunça halkara bäsleşiklerine gatnaşmak üçin Türkmenistanyň ýigindy topary dörediler.