Ï Türkmen taekwondoçylarynyň uly üstünligi
mail-icon
altynasyr.newspaper@sanly.tm
EN RU TK

Türkmen taekwondoçylarynyň uly üstünligi

view-icon 957
Şu gün taekwondo boýunça (ITF görnüşli) Aziýa Kubogy ugrundaky ýaryşlaryň ikinji güni boldy. Onda Türkmenistanyň topary 8 medaly gazanmagy başardy. Olaryň dördüsi altyn, dördüsi bolsa kümüş medallardyr. Biziň türgenlerimiz ýekelikde we toparlaýyn bäsleşiklerde, şeýle hem taekwondo ýaryşynda “tuli” diýlip atlandyrylýan toplumlaýyn çykyşlarda tapawutlanmagy başardylar.

Türkmen toparynda çykyş edýän Gaýgysyz Atabaýew iň gowy netijäni görkezdi. 57 kilograma enli agram derejede çykyş edýän bu türgene tutuş Aziýa taekwondoçylarynyň arasynda taý tapylmady. Ol ýaryşyň ýokary derejeli hormat münberine üç sapar çykmagy başardy. Şeýlelikde ol ýaryşyň agzalan görnüşleri niň hemmesi boýunça altyn medallara mynasyp boldy. Üç gezek gazanylan bu netijäniň hormatyna Türkmenistanyň baýdagy biziň ýurdumyzyň döwlet Senasynyň ýaňlanmagynda dabaraly ýagdaýda belende galdyryldy.

Ildeşimiz Kuwwatmyrat Ilmyradow hem altyn medala mynasyp bolmagy başardy. Ol 78 kilograma çenli agram derejpede ýekelikde guralan bäsleşiklerde ynamly çykyş etmek biln şeýle üstünlige eýe boldy.

Şeýle hem taekwondo boýunça Aziýanyň Kubogynyň medallaryna Muhammet Kullanow, Ýusup Annaýew, Annaberkeli Berdiýew dagy mynasyp boldular. Olar Türkmenistanyň ýygyndy toparynyň kümüş medallarynyň üstüni ýetirdiler.

Ýokarda ady agzalan türgenler we Serdar Jannazarow Aziýanyň Kubogy ugrunda geçirilen toparlaýyn bäsleşikleriniň ýeňijilerib oldular. Olar bäsleşigiň iň ýokary baýragyny – altyn madalyny eýelediler. 46 kilogram çenli agram derejede çykyş edýän Atajan Annanurow ýekelikde geçirilen bäsleşiklerde tapawutlanyp, Türkmenistanyň sportda gazanan üstünliklerini bürünç medal bilen artdyrdy.

Taekwondo boýunça ITF görnüşli Aziýanyň Kubogy ugrundaky ýaryşlarda biziň türgenlerimiziň has-da ýokary netijeler gazanmaga mümkinçilikleri bar.