Ï “Millenium” utuk toplaýar
mail-icon
altynasyr.newspaper@sanly.tm
EN RU TK

“Millenium” utuk toplaýar

view-icon 871
Aşgabadyň futbol sport mekdebiniň “Millenium” toparynyň wekilleri Koreýanyň Inçhon şäherinde geçirilen Aziýa ýaşlar futbol festiwalyndan altyn baýrakly gaýdyp geldiler.

Festiwala dünýäniň köp ýurtlaryndan 50-den gowrak topar ýygnandy. Türkmenistanlylar 10 ýaşa çenli bolan ýaşlaryň arasynda çykyş etmek bilen, diňe bir öz toparynda ýeňiş gazanman, eýesem Garaşsyz Döwletlariň Arkalaşygy Ýurtlarynyň wekilleriniň arasynda iň gowy netijäni görkezmegi başardylar. Biziň ýaşlarymyz geçirilen bäsleşikleriň üçüsinde ýeňiş gazanyp, bir oýny hem deňme-deň oýnap, bir sapar hem ýeňlişe sezewar bolmadylar.