Ï Ahalteke bedewleri üçin “gyşky dynç alyş möwsümi” başlandy
mail-icon
altynasyr.newspaper@sanly.tm
EN RU TK

Ahalteke bedewleri üçin “gyşky dynç alyş möwsümi” başlandy

view-icon 1067
Aşgabadyň atçylyk-sport toplumynda güýzki at çapyşygy möwsümi ýapylyşy bolup geçdi. Bu nobatdaky at çapyşygynda atly baýraklaryň bäşisi ugrunda bäsleşildi.

2800 metr aralyga geçirilen ikinji at çapyşygynda 1960-njy ýylda döredilen we häzire çenli onuň ugrunda 50 töweregi bäsleşik geçirilen “Türkmenatlary” Döwlet birleşiginiň göçme Kubogy ugrunda bäsleşildi. Bu hormatly baýraga Türkmenistanyň Prezidentiniň Ahalteke atçylyk toplumyndan Gurgun atly gara at mynasyp boldy. Çapyksuwar M.Agamyradowyň çapan bu 3 ýaşly bedewi bu aralygy 3 minut 29,4 sekuntda geçmegi başardy.

At çapyşygynyň altynjy tapgyrynda “Eýeberdi teleke” atly baýrak ugrunda iki ýaşar bedewleriň arasynda 1600 metr aralyga bäsleşildi. Bu at çapyşygynda hususy eýeçilige degişli bolan Söýgülim atly dor bedew öz ýyndamlygyny görkezmegi başardy. Ol bu aralygy 1:53,7 minutda geçmegi başardy.


At çapyşygynyň üçünji tapgyry üçünji topara degişli bolan 3 ýaşar bedewler öz goşgularynda behişdi bedewleriň waspyny ýetiren meşhur türkmen şahyry Mätäjini adyna goýlan baýrak ugrunda bäsleşdiler. Bu bäsleşikde Türkmenistanyň Içeri işler ministrliginiň athanasyna degişli bolan Gudrat atly garamtyl-dor at ýeňiji bolmagy başardy. Çapyksuwar O.Ýalkabowyň çapan bu aty bu aralygy 2:53,9 minutda geçmegi başardy.

2400 metr aralyga guralan dokuzynjy at çapyşygynda diňe tejribeli atlar – dört we ondan hem uly ýaşly bedewler özara bäsleşdiler. Bu bäsleşikde bedewler “Oguzhan” atly baýrak ugrunda bäsleşdiler. Bu at çapyşygynda Türkmenistanyň Prezidentiniň Ahalteke atçylyk toplumyna degişli bolan Bahreýn atly dor bedew pellehanadan birinji bolup geçmegi başardy. Ýeňiji bolan bedew bu aralygy 2:57,5 minutda geçdi.

Onunjy, jemleýji tapgyrda üçünji topara degişli bolan 3 ýaşar bedewler 2400 metr aralyga bäsleşdiler. Onda ýaryş “Ýapylyş” baýragy ugrunda geçirildi. Güýzki at çapyşygy möwsüminiň jemini jemlän at çapyşygynda Türkmenistanyň Goranmak ministrliginiň athanasyna degişli bolan Akmaňlaý atly bedewi ýeňiji boldy. Bu bedewiň gazanan baýragy ony çapan çapyksuwar B.Berkeliýewiň sport bäsleşiklerinde gazanan baýraklarynyň arasynda mynasyp orny eýelär.