Türkmen türgenleri ýetginjekleriň arasynda tennis boýunça Singapurda geçirilen halkara ýaryşynda uly üstünlik gazandylar. Aşgabatly A.Ärnepesow ýekeleýin görnüşde altyn medal gazandy. Şeýle hem öz topardaşy G.Poçaýyň gatnaşmagynda geçirilen jübütleýin ýaryşda hormat münberiniň ýokary basgançagyna çykdy.
Ýaryşa 12 ýurtdan – Awstraliýadan, Beýik Britaniýadan, Gonkongdan, Hindistandan, Ýaponiýadan, Türkmenistandan we beýleki ýurtlardan türgenleriň 80 töweregi gatnaşdylar. Şoňa görä-de, diňe erkekler düzümi bolup çykyş eden türkmenistanlylaryň ýaryşyň görnüşleriniň ikisi boýunça hem öz garşydaşlaryna ýeňiş gazanmaga hiç hili mümkinçilik goýman çykyş etmekleri has-da guwançlydyr. Berkarar döwletimiziň bagtyýarlyk döwründe hormatly Prezidentimiz Gurbanguly Berdimuhamedowyň ýolbaşçylygynda üstünlikli durmuşa geçirilýän bedenterbiýe-sagaldyş hereketini we sportda ýokary gazanylanlary ösdürmek syýasaty hem-de milli Liderimiziň ýaşlara görkezýän şahsy göreldesi netijesinde biziň watandaşlarymyz ýyl-ýyldan dünýä derejeli sport ýaryşlarynda barha köp ýeňişleri gazanýarlar. Munuň mysallary köp. Şol mysallaryň biri Singapurda tennis boýunça geçirilen halkara ýaryşynda görkezilen haýran galdyryjy çykyşdyr.
Altyn medala ýetmek ugrunda ýekeleýin görnüşde A.Ärnepesow öz peýdasyna ynamly tamamlan duşuşyklarynyň bäşisini geçirdi. Şol sanda jemleýji duşuşykda öz garşydaşy bolan ýaponiýaly türgen Katsuýa Ikezoiden – 6:1, 6:1 hasabynda üstün çykdy.
Ýekeleýin görnüşde jemleýji duşuşykda güýç synanyşan türgenler ýene-de duşuşmaly boldular. Bu gezek olar jübütleýin görnüşde ýaryşdylar. Elbetde, Günüň dogýan ýurdunyň jübütleri (K.Ikezoi - Ş.Tokumitsu) ozalky ýeňlişleriniň öwezini dolmaga ymtyldylar, ýeňşe-de ýakynlaşdylar: biziň jübütimiz birinji tapgyrda 6:3 hasap bilen ýeňip, şeýle hasap bilen hem -- 3:6 ikinji tapgyrda ýeňlişe sezewar boldular. Emma jemleýji duşuşykda türkmenistanlylar öz güýçlerini, ussatlyklaryny hem-de erkini bir ýere jemläp, duşuşygy ýeňşe ýetirdiler – 10:3.
Şu aýda biziň tennisçilerimize halkara derejesinde ýene-de bir möhüm synag garaşýar. Noýabryň soňky günlerinde Taýlandda tennis boýunça Aziýanyň çempionaty badalga alýar. Türkmenistandan şeýle iri ýaryşda ýurdumyzda iň güýçlüler hasaplanýan A.Ärnepesow we A.Prenko wekilçilik ederler.