Ï Türkmenistanda Saýlawlary we sala salşyklary geçirmek baradaky Merkezi toparyň mejlisi
mail-icon
altynasyr.newspaper@sanly.tm
EN RU TK

Türkmenistanda Saýlawlary we sala salşyklary geçirmek baradaky Merkezi toparyň mejlisi

view-icon 629
Şu gün Türkmenistanda Saýlawlary we sala salşyklary geçirmek baradaky Merkezi toparyň Türkmenistanyň Mejlisiniň bäşinji çagyrylyşynyň deputatlarynyň saýlawlaryna taýýarlyk görmek meselelerine bagyşlanan mejlisi geçirildi. Mejlise Merkezi saýlaw toparynyň agzalary, Merkezi saýlaw toparynyň diwanynyň işgärleri, Merkezi saýlaw toparynyň ýanynda döredilen iş toparlarynyň, syýasy partiýalaryň, jemgyýetçilik guramalarynyň we köpçülikleýin habar beriş serişdeleriniň wekilleri gatnaşdylar.

Mälim bolşy ýaly, Saýlaw kodeksine laýyklykda saýlawlaryň öň ýanyndaky möhüm möwsüm—milli parlamentiň deputatlygyna dalaşgärleri bellige almak çäresi tamamlandy we eýýäm häzirden bu möwsümiň ilkinji iki tapgyrynyň – dalaşgärleri hödürlemek we bellige almak tapgyrlarynyň Türkmenistanyň hereket edýän kanunçylygyna laýyklykda geçirilendigini hem-de olaryň ýokary halkara ülňülerine laýyk gelýän hakyky demokratik saýlawlary geçirmek üçin ygtybarly esasy taýýarlandygyny ynamly aýtmak bolar.

Mejlisiň barşynda dalaşgärleri hödürlemek we bellige almak möwsüminiň netijeleri baradaky habar diňlenildi. Berlen maglumatlara laýylykda, jemi 283 dalaşgär resmi taýdan bellige alyndy.

Aşgabatda 15 saýlaw okrugy boýunça 32 dalaşgär, Ahal welaýatynda 15 okrug boýunça 35 dalaşgär, Balkan welaýatynda 10 okrug boýunça 24 dalaşgär, Daşoguz welaýatynda 27 okrug boýunça 59 dalaşgär, Lebap welaýatynda 28 okrug boýunça 66 dalaşgär, Mary welaýatynda 30 okrug boýunça 67 dalaşgär bellige alyndy. Türkmenistanyň Demokratik partiýasyndan 99 dalaşgär, Türkmenistanyň Senagatçylar we telekeçiler partiýasyndan 21 dalaşgär, Kärdeşler arkalaşyklaryndan 89 dalaşgär, Zenanlar birleşiginden 37 dalaşgär, Magtymguly adyndaky Ýaşlar guramasyndan 22 dalaşgär, şeýle hem raýatlar toparlaryndan 15 dalaşgär bellige alyndy.

Dalaşgärleriň sanawlary merkezi we ýerli metbugatda çap ediler. Dalaşgärler baradaky goşmaça maglumatlar, şol sanda olaryň terjimehallary ýakyn günlerde çap ediler.

Dalaşgärleri bellige almak tamamlanandan soň, Merkezi saýlaw toparynyň mejlisinde tassyklanan düzgünnama laýyklykda, wagyz etmek möwsümi—teleýaýlymlarda çykyşlar hem-de saýlawçylar bilen duşuşyklar başlanar. Hereket edýän kanunçylygyň çäklerinde saýlaw toparlarynyň, şeýle hem ýerli ýerine ýetiriji häkimiýetiň we öz-özüňi dolandyryşyň degişli edaralarynyň, kärhanalaryň, guramalaryň ýolbaşçylarynyň üstüne ýygnaklary hem-de dalaşgärleriň we olaryň ynanylan adamlarynyň saýlawçylar bilen duşuşyklaryny guramak wezipesi ýüklenilýär. Dalaşgärleriň ählisine giň möçberli maksatnamalary, ilkinji nobatda bolsa, türkmenistanlylaryň ýaşaýyş-durmuş şertlerini mundan beýläk-de gowulandyrmak maksatnamalaryny durmuşa geçirmek bilen baglanyşykly tekliplerini saýlawçylara hödürlemek üçin deň hukuklar we mümkinçilikler döredilýär.

Öz nobatynda, saýlawçylara ýygnaklarda we köpçülikleýin habar beriş serişdelerinde dalaşgärleriň syýasy, işjeň we şahsy häsiýetlerini erkin we hemmetaraplaýyn ara alyp maslahatlaşmaga hukuk berilýär. Munuň özi saýlawçylara her bir dalaşgär we onuň saýlawlaryň öň ýanyndaky maksatnamasynyň esasy ugurlary bilen tanyşmaga hem-de kanun çykaryjylyk häkimiýetine wekilçilik etjek halkyň mynasyp dalaşgäri babatda netije çykarmaga mümkinçilik berer.

Mejlisiň çäklerinde Merkezi saýlaw toparynyň agzalarynyň öňümizdäki saýlawlara taýýarlyk görmek we guramaçylykly geçirmek boýunça çäreleriň maksatnamasyna laýyklykda, ýurdumyzyň welaýatlarynda hem-de Aşgabat şäherinde geçirilýän işler baradaky habarlary hem diňlenildi. Şol maksatnamada dürli derejedäki çäreleriň köpüsini geçirmek göz öňünde tutulýar. Şunda ilatyň arasynda düşündiriş işlerini geçirmäge aýratyn orun berilýär.

Mejlise gatnaşyjylar bu möhüm jemgyýetçilik-syýasy çäre bilen baglanyşykly guramaçylyk meseleleriniň birnäçesini ara alyp maslahatlaşdylar. Onuň barşyna diňe bir syýasy partiýalar we jemgyýetçilik guramalary tarapyndan hödürlenen milli synçylar däl, eýsem, çagyrylan halkara bilermenleri hem-de ÝHHG-den we Garaşsyz Döwetleriň Arkalaşygyna girýän ýurtlardan synçylar syn eder.

Mejlisiň gün tertibine girizilen meseleleriň biri Mejlisiň deputatlarynyň saýlawlary gününde döwletimiziň çäginden daşda boljak ildeşlerimiz üçin diplomatik wekilhanalarynyň ýanynda döredilen saýlaw uçastoklarynyň işini guramak bilen baglanyşykly boldy. Mälim bolşy ýaly, olaryň köpüsi daşary ýurtlaryň ýokary okuw mekdeplerinde okaýan talyplardyr. Şunuň bilen baglylykda, talyp ýaşlaryň arasynda Türkmenistanyň Saýlaw kodeksiniň esasy düzgünlerini, täze taryhy eýýamda hormatly Prezidentimiz Gurbanguly Berdimuhamedowyň başlangyjy boýunça ýurdumyzda amala aşyrylýan giň demokratik özgertmeler jähetinden şu saýlaw möwsüminiň örän wajypdygyny düşündirmek, şeýle hem saýlawçylaryň sanawlaryny düzmek hem-de ses berlişigi guramak babatda uçastok saýlaw toparlarynyň agzalary üçin gaýragoýulmasyz wezipeler bellenildi.

Türkmenistan boýunça jemi saýlaw uçastoklarynyň 2446-sy döredildi. Olaryň 266-sy Aşgabat şäherinde, 338-si Ahal welaýatynda, 262-si Balkan welaýatynda, 472-si Daşoguz welaýatynda, 545-si Lebap welaýatynda, 530-sy Mary welaýatynda we 33-si Türkmenistanyň daşary ýurtlardaky diplomatik wekilhanalarynyň ýanynda ýerleşýär. Olaryň ählisi döwrebap tehniki enjamlar, ses bermek üçin içi görnüp duran gutular, maglumatlar we gollanmalar, kadalaşdyryjy-hukuk namalarynyň türkmen we rus dillerindäki tekstleri, aragatnaşyk serişdeleri bilen üpjün edildi.

Mejlisiň ahyrynda oňa gatnaşyjylar döwletimizde demokratik ýörelgeleri mundan beýläk-de pugtalandyrmaga hemmetaraplaýyn ýardam bermäge taýýardyklaryny nygtadylar. Türkmen jemgyýeti bu ýörelgelere köp asyrlaryň dowamynda ygrarly bolupdyr. Berkarar döwletimiziň bagtyýarlyk döwründe bu ýörelgeler hormatly Prezidentimiz Gurbanguly Berdimuhamedowyň oýlanyşykly hem-de parasatly syýasaty netijesinde täze many-mazmuna eýe boldy.

* * *

Saýlawçylaryň dykgatyna

Aşakda 2013-nji ýylyň 15-nji dekabrynda, Mejlisiň deputatlarynyň saýlawlary gününde Türkmenistanyň daşary ýurtlardaky diplomatik wekilhanalarynyň ýanynda saýlaw uçastoklary açyljak şäherleriň sanawy getirilýär:

Nýu-Ýork we Waşington (Amerikanyň Birleşen Ştatlary), Ženewa (Şweýsariýa), Pekin (Hytaý Halk Respublikasy), Moskwa we Astrahan (Russiýa Federasiýasy), Er-Riýad (Saud Arabystany Patyşalygy), Abu-Dabi (Birleşen Arap Emirlikleri), Pariž (Fransiýa Respublikasy), London (Beýik Britaniýanyň we Demirgazyk Irlandiýanyň Birleşen Patyşalygy), Berlin we Frankfurt-na-Maýne (Germaniýa Federatiw Respublikasy), Nýu-Deli (Hindsitan Respublikasy), Wena (Awstriýa Respublikasy), Brýussel (Belgiýa Patyşalygy), Ankara we Stambul (Türkiýe Respublikasy), Tähran we Maşat (Eýran Yslam Respublikasy), Yslamabat (Pakistan Yslam Respublikasy), Buharest (Rumyniýa), Kiýew (Ukraina), Minsk (Belarus Respublikasy), Kabul, Hyrat we Mazari-Şerif (Owganystan Yslam Respublikasy), Astana (Gazagystan Respublikasy), Baky (Azerbaýjan Respublikasy), Duşenbe (Täjigistan Respublikasy), Ýerewan (Ermenistan Respublikasy), Daşkent (Özbegistan Respublikasy), Kuala-Lumpur (Malaýziýa), Tokio (Ýaponiýa).