Ï Öňdebaryjlar öz orunlaryny pugtalandyrýar
mail-icon
altynasyr.newspaper@sanly.tm
EN RU TK

Öňdebaryjlar öz orunlaryny pugtalandyrýar

view-icon 794
Şu gün sportuň gyşky görnüşleri boýunça sport toplumynda 2013-2014-nji ýyllaryň hokkeý möwsümi boýunça Türkmenistanyň ilkinji çempionatynyň 6-njy tapgyrynyň jemleýji bäsleşikleri geçirildi.

Onuň netijeleri öňdebaryjy toparlaryň öz orunlaryny has-da pugtalandyrýandygyny görkezdi. Çempionata 8 topar gatnaşýar. Olar, Türkmenistanyň Içeri işler ministrliginiň “Galkan”, Goranmak ministrliginiň “Watançy”, “Aragatnaşyk ministrliginiň “Alp Arslan”, Döwlet haryt-çig mal biržasynyň “Şir”, “Döwlet serhet gullugynyň “Merdana”, “Türkmengaz” döwlet konserniniň “Oguzhan”, Içeri işler ministrliginiň institutynyň “Nesil” we Sport baradaky döwlet komietiniň Sprt mekdebiniň “Bagtyýarlyk” toparlarydyr.

Alty tapyrdan soň “Galkan” topary öňdň barýar. Ol bäsleşkleriň jemi boýunça 18 utuk topladyy. Bu klubuň oýunçylary “Alp Arslan” bilen bolan duşuşykda joagpsyz 19 şaýbany geçirip, altynjy ýeňşi gazandy. Özi-de, bu 19-njy şaýbany duşuşygyň tamamlanmagyna 19 sekunt galanda 19-njy belgide oýnaýan A.Wahowskiý geçirdi.

Şeýle hem “Nesil” “Watançy” toparyny 13:1, “Oguzhan” bolsa “Bagtyýarlygy 15:2 hasabynda utmagy başardylar.

“Şir” we “Merdana toparlarynyň arasynda geçirilen bäsleşik has-da çekeleşikli boldy. Duşuşygyň aharky pursatlarynda “Merdana” toparynyň oýunçylary birnäçe hüjümleri amala aşyrdylar we 9:6 hasabynda ýeňiş gazandylar.

Ýeri gelende aýtsak, “Şir” toparynyň geçiren 6 şaýbasynyň hemmesini hüjümçi Pawel Barkowskiý derwezä salmagy başardy. Ol bäsleşikleriň dowamynda 45 şaýbany derwezä girizip, sanawda öňde barýar. Bu sanawda ikinji orunda “Nesil” toparyndan Meýlis Kulyýew barýar. Ol 22 şaýba geçirmegi başardy. “Galkan” toparyndan Aleksandr Wahowskiý bäsleşikleriň dowamynda 18 şaýba geçirip, sanawda üçünji orny eýeledi.

Türkmenistanyň 2013-2014-nji ýyllaryň hokkeý möwsümi boýunça birnji çempionatynyň ýedinji tapgyrynyň bäsleşikleri sportuň gyşky görnüşleri boýunça sport toplumynda hepdäniň şenbe we ýekşenbe günleri geçiriler.