Ï Jogapkärli tapgyrda
mail-icon
altynasyr.newspaper@sanly.tm
EN RU TK

Jogapkärli tapgyrda

view-icon 625
Milli parlamente saýlaw möwsümi aýgytly tapgyrlaryň birine gadam basdy. Saýlaw toparlary tarapyndan hasaba alnan Türkmenistanyň Mejlisine deputatlyga dalaşgärler öz maksatnamalaryny beýan etmek bilen, saýlawçylar bilen duşuşyklary geçirýärler.

Saýlawlaryň maglumat taýdan üpjün edilmegi Türkmenistanyň raýatlarynyň saýlaw hukuklarynyň kepiliniň düzüm bölegi bolup durýar. Saýlawlaryň maglumat taýdan üpjün edilmegi saýlawlar möwsüminiň aýanlygy we aç-açanlygy bilen şertlendirilendir we ol raýatlaryň öz isleglerini düşünjeli beýan etmeklerine şert döredýär.

Merkezi saýlaw toparynyň diwanynyň kätip-referenti Hekimberdi Öwezowyň belleýşi ýaly, saýlawlary maglumat taýdan üpjün etmek saýlawçylary habarly etmegi we wagyz-nesihat işlerini öz içine alýar. Habarly etmegi saýlaw toparlary, döwlet häkimiýet, ýerli öz-özüňi dolandyryş guramalary, köpçülikleýin habar beriş serişdeleri amala aşyrýarlar. Olar bilelikde dalaşgärleriň saýlawçylar bilen duşuşyklaryny guraýarlar. Saýlaw toparlary dalaşgärleriň hasaba alynandygy baradaky habary ilata ýetirýär, saýlawçylary olaryň durmuş ýoly baradaky maglmatlar bilen tanyş bolmaklaryny üpjün edýär. Köpçülikleýin habar beriş serişdeleri maglumatlary habar bermek üçin gulluk edýärler.

Syýasy partiýalar, jemgyýetçilik guramalary, Türkmenistanyň raýatlary, dalaşgärler, olaryň ynanylan adamlary, teklipçi toparlar wagyz işlerini alyp barýarlar. Olaryň elektorat bilen duşuşykdan başga hem köpçülikleýin habar beriş serişdeleri arkaly wagyz işlerini alyp barmaga hukuklary bardyr. Saýlawlary maglumatlar bilen üpjün etmek maglumatlaryň dogrulygy we hakykylygy, dalaşgärleriň wagyz işlerini geçirmek üçin köpçülikleýin habar beriş serişdelerini peýdalanmakda deňligini üpjün edýär. Wagyz işleri dalaşgärler hasaba alynan günüden başlanýar we saýlawlara bir gün galanda tamamlanýar.

Saýlaw kodeksine laýyklykda dalaşgärleriň we teklipçi toparlaryň döwlet teleradio ýaýlymlarynda tölegsiz tertipde efir wagtynyň berilmegine hukuklary bardyr. Bu sagat 19-dan 23-e çenli aralykdadyr. Tölegsiz tertipde bölünip berilýän efir wagtynyň her günki möçberi bir sagatdan az bolmaly däldir. Görkezilen tölegsiz tertipdäki efir wagty dalaşgärleriň arasynda deň şertlerde paýlanylýar.

Tölegsiz tertipde bölünip berilýän efir wagtynyň üçden bir böleginden az bolmadyk wagty dalaşgärleriň bilelikdäki çekişmeleri, “tegelek stollary” we beýleki şoňa meňzeş wagyz işlerini geçirmekleri üçin niýetlenilýär. Bu çärelere dalaşgärleriň diňe özleri gatnaşyp bilerler. Dalaşgärleriň çykyşlaryny bölmek ýada olaryň çykyşlaryny haýsydyr bir teswirlemeler bilen ugrukdurmak kodeks tarapyndan gadagan edilýär.

Döwürleýin metbugat neşirleri hem dalaşgärlere, teklipçi toparlara deň şertlerde çap meýdanyny bölüp berýärler. Ýöriteleşdirilen metbugat neşirleriniň – çagalar, tehniki, ylmy we beýlekiler wagyz maglumatlarynyň nähilidigine garamazdan, olary çap etmekden ýüz dönderilmegine ýol berilýär. Şunlukda bu maddada bu neşirleriň saýlaw möwsümine doly gatnaşmazlyk şertlerinde rugsat berilýändigi aýdylýar.

Wagyz işleri geçirilende häkimiýeti eýelemäge, konstitusion gurluşy zorluk bilen üýtgetmäge we döwletiň bitewüligini bozmga çagyryşlara, şeýle hem durmuşy, dini jynsy, milli ýigrenji we duşmançylygy wagyz etmek gadagan edilýär. Saýlawçylara bermit bermek, sowgatlary we beýleki maddy gymmatlyklary bermek, harytlary ýeňillikli bahalardan satmak, muzdsuz ýa-da ýeňillikli şertlerde haýsydyr bir hyzmatlary etmek gadagandyr. Dalaşgärler, olaryň garyndaşlary, ynanylan adamlary, teklipçi toparyň agzalary saýlawlar döwründe haýyr-sahawat işi bilen meşgullanmaga hukuklary ýokdur.

18 ýaşy dolmadyklara, saýlaw toparlarynyň agzalaryna, gözegçilere, kazylara, hukuk goraýjy edaralaryň işgärlerine, daşary ýurt raýatlaryna, halkara guramalaryna wagyz işlerini geçirmäge hukuklary ýokdur. Wagyz işleriniň geçirlmeginiň dowamynda dalaşgärleriň at-abraýyna, metrebesine ýa-da işbaşarjaňlyk ukybyna görnetin ýalan maglumatlara esaslanýan we şek ýetirýän habarlaryň ýaýradylmagyna ýol berilmeýär. Bu düzgünlere ýol berlen halatynda degişli çäreleriň görülmegine – dalaşgäriň, teklipçi toparyň bellige alynmagynyň ýatyrylmagyna çenli çäre görülýär.