Ï Dünýä çempionatynyň kümüş medaly türkmen türgeninde
mail-icon
altynasyr.newspaper@sanly.tm
EN RU TK

Dünýä çempionatynyň kümüş medaly türkmen türgeninde

view-icon 1193
Sport we söweş sambosy boýunça Sankt-Peterburgda tamamlanan ХХХVII dünýä çempionatynda türkmen türgeni Kerim Allanurow baýrakly orna mynasyp boldy. Ol Türkmenistanyň milli söweş sungaty federasiýasynda Türkmenistanyň At gazanan tälimçisi Dörtguly Tejenowyň ýolbaşçylygynda türgenleşýär. Türkmenistanyň Milli sport we syýahatçylyk instituitynyň bäşinji ýyl talyby 57 kg agram derejede söweş sambosy boýunça bäsleşiklerde ikinji orna mynasyp boldy hem-de bu abraýly bäsleşiklerden Watana kümüş medal bilen gaýdyp geldi. Ähli bäsleşikleri mese-mälim üstünlikli alyp barmak bilen, Kerim Allanurow finalda bolgarly atlet Marko Kosewden asgyn geldi. Netijede bolgarly türgen birinji orny eýeledi.


Indi 13 ýyl bäri sambo bilen türgenleşip gelýän Kerim Allanurow üçin bu ýokary derejedäki halkara bäsleşikleriniň ilkinjisi däldir. Ýöne ol söweş sambosy derejesi boýunça ilkinji gezek bäsleşýär. Wilnýusda 2011-nji ýylda geçirilen çempionatda ol 57 kg agram derjede sport sambosy boýunça baýrakly orny aldy. Şu ýyl bolsa ol sport we söweş sambosy boýunça talyplaryň arasynda Kazanda geçirilen Dünýä kubogynda üçünji orny almagy başardy. Kerimiň sport sambosy boýunça 2013-nji ýylda gazanan altyn medallaryň üçüsi bar.

Söweş sambosy boýunça, onda-da şular ýaly Sankt-Peterburgda sport we söweş sambosy boýunça ХХХVII dünýä çempionatynda halkara bäsleşiklerine ilkinji sapar gatnaşmak, bu uly üstünlik.

Şu ýyl sambonyň 75 ýyllygynyň bellenilip geçilýändigini aýtmalydyrys. Sport we söweş sambosy boýunça Sankt-Peterbugda geçirilen ХХХVII dünýä çempionaty hem bu senä bagyşlanyp dünýä boýunça geçirilýän dabaraly çäreleriň iň ýokary derjelisi boldy. Dünýä çempionatyna dünýäniň 75 ýurdundan 500-den gowrak tügen gatnaşdy. Bu çempionat oňa gatnaşyjylaryň sany boýunça iň köp türgen gatnaşany boldy. Çempionat ýene-de bir özüniň şanly senesini belledi – ylaýyk 40 ýyl mundan ozal şular ýaly bäsleşikler ilkinji sapar türgenleri 11 ýurtdan ýygnady (Eýran).

Çempionatyň açalyş dabarasynda sportuň bu görnüşine mynasyp goşant goşan türgenlere we tälimçilere sylaglar gowşuryldy. Şeýlelikde, Türkmenistanyň söweş sungaty milli federsiýasynyň başlygy, Türkmenistanyň At gazanan tälimçisi, halkara derejeli sport ussady Ata Adaýew ýubileý medaly we ýadigärlik altyn sagat bilen sylaglandy.