Şu gün Sportuň gyşky görnüşleri boýunça sport toplumynyň buzly meýdançasynda Türkmenistanyň hokkeý boýunça çempionatynyň 2013-2014-nji ýyllaryň möwsüminiň birinji aýlawynyň jemleýji oýunlary geçirildi. Geçirilen ýaryşlaryň ýedisiniň jemleriniň görkezişi ýaly, esasy liderleriň ikisiniň öňdebaryjylygyny nazara alanyňda, esasy göreş bürünç baýraklar ugrunda ýaýbaňlanar.
Ýeri gelende bellesek, ýaryşlara toparlaryň sekizisi – Içeri işler ministrliginiň “Galkan”, Goranmak ministrliginiň “Watançy”, Aragatnaşyk ministrliginiň “Alp Arslan”, Haryt -- çig mal biržasynyň “Şir”, Döwlet serhet gullugynyň “Merdana”, “Türkmengaz” döwlet konserniniň “Oguzhan”, IIM-niň Institutynyň “Nesil” hem-de Sport baradaky döwlet komitetiniň Sport mekdebiniň toparlary gatnaşýarlar.
Häzirlikçe ýaryşda “Galkan” öňde barýar, onuň 21 utugy bar. Soňky duşuşykda bu topar “Nesilden” 15:0 hasabynda uly ýeňiş gazandy.
“Şir” topary liderlerden 3 utuk yza galýar, ol birinji aýlawyň jemleýji duşuşygynda Sport baradaky döwlet komitetiniň Sport mekdebiniň toparyny 18:0 hasaby bilen ýeňdi.
Ýedinji ýaryşyň galan iki duşuşygy bolsa özüne çekijiligi we öňünden çaklap bolmajaklygy bilen tapawutlandy. Mysal üçin, “Oguzhan” we “Merdana” toparlarynyň arasyndaky bäsleşikde ýeňijini goşmaça 5 minudyň dowamynda kesgitlemeli boldy. Ýogsam, oýnuň ykbaly onuň esasy wagtynda çözülip hem bilýärdi.
Birinji döwürde başlangyç “Oguzhanyň” hokkeýçileriniň tarapynda boldy. Olar arakesmä çenli 4:2 hasabyny gazandylar. Ikinji 20 minudyň dowamynda ýagdaý düýpgöter üýtgedi: “Merdananyň” oýunçylary buzly meýdançada tapawutlanyp, ikinji arakesmä çenli eýýäm 8:6 hasaby bilen öňe saýlandylar. Üçünji döwürde “Oguzhanyň” hokkeýçileri utuş gazanmaga çalşyp, bäsdeşleriniň derwezesine 2 hokkeý topuny saldylar we duşuşyga goşmaça wagtyň berilmegini gazandylar, onuň barşynda “Türkmengaz” döwlet konserniniň toparynyň hokkeýçileri 9-njy –ýeňiş topuny derwezä gönükdirdiler. Şuňa meňzeş ýagdaý “Watançy” bilen “Alp Arslanyň” arasyndaky bäsleşlikde hem döredi. Şonda üstünlik bir topardan beýleki topara geçmek bilen üýtgäp durdy. Üçünji döwrüň tamamlanmagyna 2 minut galanda hem hasap 5:5 bolupdy. Göwnüňe bolmasa, goşmaça döwür gerek boljak ýalydy, emma “Alp Arslanyň” goragçysy uly ýalňyşlyga ýol berýär, “Watançynyň” hüjümçileri bolsa şol ýalňyşlykdan peýdalanyp, gutarnykly 6:5 hasaby gazandylar.
Şeýlelikde, üçünji orundan bäşinji orunlary eýeleýän toparlary – “Nesil” /13/, “Merdana” /12/ we “Oguzhan”/11/ bary-ýogy 2 utuk tapawutlandyrýar. 6-njy orunda 6 utuk bilen “Watançy”, onuň yz ýany bilen 3 utugy bolan “Alp Arslan” gelýär we ýaryş sanawyny Sport baradaky döwlet komitetiniň Sport mekdebiniň topary jemleýär, onuň hasabynda hiç hili utuk ýok.
“Merdana” toparyndan Pawel Barkowskiý köp hokkeý topuny geçiren oýunçylaryň sanawynyň öňüni çekip gelýär. Ol 7 oýunda bäsdeşleriniň derwezelerine 50 hokkeý topuny salmagy başardy. Ikinji orny Meýlis Kulyýew /”Nesil”/ eýeledi, oňa 26 gezek tapawutlanmak başartdy. Köp hokkeý topuny geçiren hokkeýçileriň birinji üçlügini “Galkan” toparyndan Aleksandr Wahowskiý jemleýär. Onuň hasabynda 23 hokkeý topy bar.
Öňümizdäki dynç günleri Sportuň gyşky görnüşleri boýunça sport toplumynyň buzly meýdançasynda Türkmenistanyň hokkeý boýunça çempionatynyň 2013-2014-nji ýyllaryň möwsüminiň ikinji aýlawynyň oýunlary badalga alar. Ýeri gelende bellesek, ýaryşda birinji we dördünji orunlary eýelän toparlar geljek ýylyň baharynda öz aralarynda Türkmenistanyň ilkinji Kubogy ugrunda güýç synanyşarlar.