Ï Dekabr netijeleriň jemlenýän aýydyr
mail-icon
altynasyr.newspaper@sanly.tm
EN RU TK

Dekabr netijeleriň jemlenýän aýydyr

view-icon 979
Dekabr sport boýunça gazanylan netijeleriň jemlenýän aýydyr. Şu günler tutuş ýurdumyz boýunça jemleýji ýaryşlar geçirilýär we şu ýylda tapawutlanan türgenler kesgitlenip, milli ýygyndy toparlar döredilýär. 16-njy dekabrda paýtagtymyzdaky “Galkynyş” sport toplumynda gandbol boýunça Türkmenistanyň kubogyny almak ugrnudaky ýaryş başlandy, oňa gatnaşmak üçin ähli welaýatlaryň we Aşgabadyň erkeklerden düzülen toparlary ýygnandylar. Şol ýaryşyň öňüsyrasynda, bu ýerde erkekleriň we zenanlaryň toparlarynyň arasynda kabaddi oýny boýunça ýurdumyzyň kubogyny almak ugrunda ýaryş geçirildi. Bu bäsleşikler häzirki wagtda ýurdumyzda sportuň başa-baş göreş bilen çalymdaş bu görnüşinde aşgabatly türgenlere entek taý gelýänleriň ýokdugyny görkezdi.

Kabaddi ýapyk binalarda we söweş sungaty boýunça Aziýa oýunlarynyň maksatnamasyna girizildi hem-de şu bäsleşikler Aziada -2017-ä taýýarlyk görmegiň bir tapgyryna öwrüldi.

Ýeri gelende aýtsak, erkekleriň we zenanlaryň kabaddi boýunça ýygyndy toparlary şu ýylyň tomsunda Koreýanyň Inçhon şäherinde geçirilen IV Aziadada ýurdumyza wekilçilik etdiler. Şeýle uly halkara ýaryşlaryna ilkinji gezek gatnaşýan türkmenistanlylaryň öňünde durýan esasy wezipe sportuň şu görnüşi boýunça daşary ýurtlaryň öňdebaryjy toparlarynyň tejribesini öwrenmekden ybarat boldy. Şonda toplanan tejribe türgenleşikleri geçirmek boýunça türkmen tälimçileri tarapyndan işlenip düzülen kadalaryň özenini düzdi. Olaryň pikirine görä, bu kadalaryň ulgamy 2017-nji ýylda Aşgabatda kabaddi boýunça ýaryşlarda türgenlerimize özleriniň sport ussatlylygyny görkezmäge ýardam berer.

Türkmenistanyň kubogyny almak ugrunda Sport baradaky döwlet komiteti we Söweş sungaty (hanmudo) boýunça federasiýasy tarapyndan guralan şu ýaryşyň jemleýji tapgyrynda zenanlaryň arasynda Aşgabadyň we Marynyň toparlary duşuşdylar. Ilkibada bäsleşik deňräk derejede geçdi, ýöne ikinji 15 minutlyk bölümde paýtagtymyzyň Türkmenistanyň at gazanan tälimçisi O.Buharakowyň ýolbaşçylygyndaky türgenleri bäsleşigiň ahyryna çenli erjellik görkezdiler we netijede, N.Hojamämmedowyň ýolbaşçylygyndaky türgenlerden 74:54 hasabynda üstün çykdylar. Ýeri gelende aýtsak, kabaddi boýunça aşgabatly türgenler milli ýygyndy toparynyň düzümine girýar, maryly türgenler bolsa şu bäsleşige ilkinji gezek gatnaşdylar, şoňa görä-de kümüş medallara eýe bolmak – olar üçin ýokary netijedir.

Erkekleriň arasynda ýaryşyň jemleýji tapgyryna diňe paýtagtymyzyň toparlary çykdylar. Şunda-da zenanlaryň arasyndaky ýaryşa mahsus ýagdaý dolulygyna gaýtalandy: toparlaryň biri milli ýygyndy toparyň oýunçylaryndan ybarat boldy, ikinji topardaky türgenler bolsa milli derejede geçirilýän bu bäsleşige ilkinji gezek gatnaşýarlar. Ýaş türgenler duşuşygyň diňe birinji böleginde mynasyp derejede garşylyk görkezmegi başardylar. Netijede, Aşgabat-1 topary 66:45 hasabynda üstün çykdy.

Dekabr aýynyň şu günlerinde gyşky oýunlar sport toplumynyň buzly meýdançasynda 2013-2014-nji ýyllardaky möwsümde hokkeý boýunça Türkmenistanyň ilkinji çemptonaty geçirilýär, şunda 9-njy tapgyryň oýunlary geçirildi.

Ýeri gelende ýatlatsak, ýurdumyzyň has güýçli hokkeý topary diýen ada mynasyp bolmak ugrunda sport toparlarynyň 8-si – Içeri işler ministrliginiň “Galkan”, Döwlet haryt çig-mal biržasynyň “Şir”, IIM-niň institutynyň “Nesil”, Döwlet serhet gullugynyň “Merdana”, “Türkmengaz” döwlet konserniniň “Oguzhan”, Goranmak ministrliginiň “Watançy”, Aragatnaşyk ministrliginiň “Alp Arslan” we Sport baradaky döwlet komitetiniň Sport mekdebiniň toparlary bäsleşýärler.

Ýaryşda öňdebaryjylaryň biri bolan “Merdananyň” we ýaryşda yzda barýan “Watançynyň” arasyndaky duşuşyk aýratyn gyzyklanma döretdi. Sport synçylary duşuşygyň netijesiniň öňünden kesgitläp boljakdygyny aýdýardylar, ýöne Goranmak ministrliginiň toparyndaky oýunçylar ilkinji pursatlardan başlap, duşuşygyň ahyryna çenli tutanýerlilik görkezdiler. “Merdana” toparynyň hokkeýçileri garşydaşlarynyň hüjümlerine kynlyk bilen döz geldiler. “Watançynyň” örän kyn, ýöne özi üçin wajyp ýeňşi gazanmagy mümkin hasaplananda (üçünji döwrüň gutarmagyna çenli Goranmak ministrliginiň topary 3:2 hasabynda utýardy), “Merdananyň” hokkeýçileri ähli güýçlerini hüjüme gönükdirdiler we derwezä iki hokkeý topuny urdular. Netijede, duşuşyk 4:3 hasabynda Döwlet serhet gullugynyň toparynyň peýdasyna tamamlandy, bu topar şol ýeňişden soňra 15 utuk toplap, dördünji orny eýeledi.

“Oguzhan” we “Şir” toparlarynyň arasyndaky duşuşyk hem diýseň täsirli boldy: bu duşuşygyň esasy wagtynda ýeňiji äşgär edilmedi we oýun 4:4 hasabynda tamamlandy. Goşmaça wagtda-da bu ýagdaý üýtgemedi. Bellenilen düzgünlere laýyklykda, ýeňijini bullit – hokkeýdäki penalti arkaly äşgär etmeli boldy. Şunda “Oguzhanyň” derwezebany has ýokary ussatlyk görkezdi we bu topar 5:4 hasabynda üstün çykdy.

Netijede, Türkmenistanyň Döwlet haryt çig-mal biržasynyň topary ýaryşda ikinji gezek ýeňlişe sezewar boldy, ýöne kadalara laýyklykda 1 utuk gazandy. Şeýlelikde, “Şir” 22 utuk toplady we ýaryşda ikinji orny eýeledi.

Ýaryşda “Galkan” topary öňdeligi eýelemegini dowam edýär, bu topar 9-njy tapgyrda Sport baradaky döwlet komitetiniň Sport mekdebiniň toparyndan 5:0 hasabynda üstün çykdy we 27 utuk toplap, 1-nji orunda barýar.

“Nesil” topary hem hut şonuň ýaly hasap bilen “Alp Arslan” toparyndan üstün çykdy, munuň özi IIM-niň institutynyň toparyna 19 utuk toplap, ýaryşda üçünji orny eýelemegine mümkinçilik berýär.

Şu bäsleşiklerden başga-da, şu hepdede sportuň birnäçe görnüşleri boýunça ýylyň jemleýji ýaryşlary geçiriler. 19-22-nji dekabr aralygynda paýtagtymyzyň Abadan etrabyndaky täze 3-nji sport mekdebinde erkekleriň we zenanlaryň arasynda uşu boýunça Türkmenistanyň kubogyny almak ugrundaky ýaryş geçiriler, şeýle hem ýaş türgenleriň gatnaşmagynda uşu boýunça ýaşlaryň milli festiwaly guralar. Mälim bolşy ýaly, ähli welaýatlardan Aşgabada söweş sungatynyň şu görnüşi boýunça tapawutlanýan ussatlaryň 100-den gowragy geler. Bäsleşige gatnaşyjylar iki görnüş – sanda (tutluşyklar) we taolu (toplumlaýyn maşklar) boýunça medallara eýe bolmak ugrunda bäsleşer.

Bäsleşikleriň barşynda Türkmenistanyň Uşu boýunça federasiýasynyň wekilleriniň hasabat-saýlaw maslahaty hem geçiriler. Maslahata gatnaşyjylar federasiýanyň ýolbaşçylygynyň täze düzümini hem-de geljekki meýilnamalary kesgitlärler.

Şol sport mekdebinde 21-22-nji dekabrda çeper gimnastika boýunça Türkmenistanyň çempionatyny geçirmek göz öňünde tutulýar. Oňa sportuň şu görnüşi boýunça tutuş ýurdumyzdan ussat türgenler ýygnanar.

Şu gün Aşgabatdaky “Galkynyş” sport toplumynda boks boýunça erkekleriň arasynda Türkmenistanyň kubogyny almak ugrundaky ýaryşyň ilkinji bäsleşikleri geçiriler. Bu abraýly baýragy almak ugrunda türgenleriň 200-e golaýy bäsleşýär, olaryň arasynda bäş welaýatyň we Aşgabadyň ýygyndy toparlarynyň wekilleri hem bar. Bäsleşikler 22-nji dekabra çenli dowam eder.

Şol ýerde 24-27-nji dekabr aralygynda stoluň üstünde oýnalýan tennis boýunça “Tor-12” milli ýaryş geçiriler. Bäsleşiklere Türkmenistanyň çempionatynda we ýurdumyzyň kubogyny almak ugrunda has tapawutlanan erkekleriň we zenanlaryň toparlarynyň hersinden türgenleriň 12-si gatnaşar.

Türkmen döwlet binagärlik-gurluşyk institutynyň sport zalynda 18—22-nji dekabr aralygynda woleýbol boýunça Milli merkeziň kubogyny almak ugrunda bäsleşik geçiriler. Bu baýragy almak ugrunda her ýylda ähli welaýatlaryň ýygyndy toparlary bäsleşýär.

Şu günler ýurdumyzyň esasy sport desgasy hasaplanýan köpugurly “Aşgabat” sport toplumynda-da bäsleşiklere taýýarlyk görýär. 23-27-nji dekabr aralygynda bu ýerde pauerlifting boýunça ussat türgenler ýurdumyzyň kubogyny almak ugrunda bäsleşer.

Tejribeli türgenlerden başga-da, ýaşlar hem şu ýylyň netijelerini jemlär. Mary welaýatynyň merkezinde 20-22-nji dekabr aralygynda dzýu-do göreşi boýunça tutuş ýurdumyzdaky ýaş türgenler Türkmenistanyň kubogyny almak ugrunda göreşer.

Ýeri gelende aýtsak, şu bäsleşikleriň ählisi sagdyn durmuş ýörelgesiniň işjeň tarapdary we ony wagyz edýän hormatly Prezidentimiz Gurbanguly Berdimuhamedowyň başlangyjy boýunça Berkarar döwletimiziň bagtyýarlyk döwründe gurlan täze, döwrebap sport toplumlarynda we sport mekdeplerinde geçirilýär.