Ï Bir obadan iki adam dünýä çempionatynyň baýrakçylary
mail-icon
altynasyr.newspaper@sanly.tm
EN RU TK

Bir obadan iki adam dünýä çempionatynyň baýrakçylary

view-icon 791
Tamamlanyp barýan ýylyň ahyrynda Türkiede göreş boýunça dünýäniň dokuzunjy çempionaty geçirildi. Sportuň bu görnüşi biziň ýakalaşma göreşimize meňzeşdir we olimpiýa dzýudosy bilen umumylyklary bardyr. Bäsleşikler üçin tomaşa etmek we ýokary depgin mahsusdyr. Onuň barha uly meşhurlyga eýe bolýandygy hem ýöne ýere däldir.


Şu ýylyň dekabr aýynda Stambulda zeminiň iň gowy türgeni diýen at ugrunda 45 döwletiň pälwanlary özara bäsleşdiler. Bu çempionatda örän seýrek duş gelýän täsinlik bolup geçdi: bir obanyň iki wekili baýrak alan pälwanlaryň hataryna goşuldy. Özi hem hem zenanlaryň arasyndaky bäsleşikde, hem erkek adamlaryň arasyndaky bäsleşikde. “Siýawuş paşa” sport toplumyndaky täsinligi türkmen türgenleri döretdiler.

Türkmenistandan baran wekil Aýna Zaripowa 48 kilogram agaram derjede çykyş edip, maý aýynda Daşkentde sambo boýunça kontinenetal birinjili ugrunda geçirilen bäsleşikde gazanan “altyn” medalynyň üstüni Stambulda göreş boýunça geçirilen bäsleşikde “bürünç” medal bilen ýetirdi.

Erkekleriň arasynda 60 kilogram agram derejede Myrat Orazow ilkinji sapar halkara bäsleşiklerinde çykyş etdi. Onuň bürünç medaly – ýokary ussatlygy görkezendigi we onuň durmuşynda şular ýaly derejede halkara bäsleşiklerine ilkinji sapar gatnaşyp, berk häsiýeti ýüze çykarandygy üçin mynasyp baýrakdyr. Onuň stambulyň meýdançasynda toplan tejribesiniň belli bahasy ýokdur. Bu baýrakçylaryň ikisiniň hem Lebap welaýatynyň Farap etrabynyň Ýalkym obasynda ýaşaýandyklary we sport mekdebiniň türgenleşdirijisi bolup işleýändikleri bellemeli ýagdaýdyr.