Ï Baýramçylyga beslenen Awazanyň täze ýyl täsinligi
mail-icon
altynasyr.newspaper@sanly.tm
EN RU TK

Baýramçylyga beslenen Awazanyň täze ýyl täsinligi

view-icon 987
Täze ýylyň öňisyrasynda hemme adamlar gezelenç ýa-da syýahat etmegi halaýar. Howa we demir ýol menzillerinde dürli reňkler bilen owüşgin atýan bezegli arçalar ýolagçylary garşy alýar we ugradýar. Täze ýyl gutlaglary we hoşniýetli arzuwlar daş-töweregi gurşap alýar. Bu bolsa hemmeler tarapyndan söýülýän täze ýyl baýramçylygynyň üstüni ýetirýär. Biziň habarçylarymyz hem baýramçylyk ruhundyndaky Awazany görmek we ondan baýramçylyk täsirlerini almak üçin ýolagçylar akymyna goşulşyp gitdiler.


Täze ýyl baýramçylygyny jadyly baýramçylyk diýip ýöne ýere aýtmaýarlar. Baýramçylygyň öňisyrasynda Hazary kenarynda bolmak bilen, wagtyň ýeriniň üýtgeýändigi ýaly duýgy emele geldi. Gün öz şöhlelerini ýylylyk bilen saçanda bizde geçen tomsa gaýdyp gelen ýaly duýgy döredi, deňiz tokunlarynyň baýramçylyga bagyşlap atýan tolkunlarynyň dürli aýdymlaryny biziň her birimiz eşidýäris... Haçan-da biz deňziň sowuk suwuny elläp görenimizde hakykata göz ýetirdik. Ýöne, “dynç alşyň dür-dänesi” bolan Awazanyň çägeli kenarlary şu günler hem boş bolmaýar. Deňziň kenary – “Awaza” milli syýahatçylyk zolagynda köp sanly dynç alýanlaryň söýüp gezelenç edýän ýerlerine öwrüldi, şeýle hem bu ýerde buýsançly, owadan guwlaryň höküm sürýän, çarlaklaryň sesiniň agdyklyk edýän ýeri bolan “guş bazary” ýerleşendir. Deňziň kenarynda guşlaryň dürli görnüşleriniň ýygnanmagy dogrudan hem gözel görnüşe eýe. Bu bolsa bu ýeriniň – gyşky Awazanyň ajaýyplygy bolup durýar.


Baýramçylyk ruhunda bezelen syýahatçylyk zolagy şu günler çagalaryň täze ýyl baýramçylygyny geçirýän merkezine, Aýazbaba we Garpamyk bilen bilelikde Awaza derýäsy boýunça gämide täze ýyl gezelnji edilýän ýerine, täze ýylyň öwüşginelrini surata düşürilýän möwsümine öwrüldi.


Milli syýahatçylyk zolagynyň her bir myhmanhanasy, dynç alyş öýi ýa-da sagaldyş öýi arçany iň gözel görnüşde bezemek ugrunda bäsleşýär. Bu günki gün üç burçul görnüşde lybas geýnen, dürli öwüşgindäky yşyklar bilen bezelen, altyn jaňjagazly we kümüş bedewjikli arçalar barha ýakynlaşýan baýramçylygyň nyşany hökmünde bu ýerde dynç alýanlary garşy alýar. Geçen ýyl Türkmenistanyň Kärdeşler arkalaşygynyň “Daýanç” sagaldyş merkeziniň arçasy iň owadan arça hökmünde bellenildi. Indi boýy 15 metr bolan we bütewi yşyklar şöhlesinde ajaýyp bezelen arça çagalaryň şadyýan aýdym sazdyr tans toparlaryny öz töweregine ýygnamagyny dowam etdirýär. Çagalaryň täze ýyl baýramçylyk dabaralary mekdep okuwçylarynyň gyşky dynç alyş möwsüminiň ahyryna – 10-njy ýanwara çenli dowam eder. Bu döwrüň içinde çagalar “Daýanç” sagaldyş merkeziniň müdirýetiniň täze ýyl baýramçylygy üçin öňünden taýýarlan şatlyk şagalaňlarynyň, dabaralarynyň we sowgatlarynyň giden tapgyryny alarlar.


Haçan-da kenarda agşam düşende bu örän uly syýahatçylyk toplumynyň arçalarynyň ählisinde täze ýyl yşyklary şöhle saçýar, Awaza fantastiki şähere öwrülýär. Dürli reňkde tans edýän we aýdym aýdýan suw çüwdürimleriniň meýdançasynda ýylyň bu döwründe diňe deňziň tolkunlarynyň sesi eşdilýär. Ýöne, bu ýerdäki baglardaky we alleýalardaky dürli reňkli yşyklaryň müňlerçesi olaryň gyşky ümsümliginiň üstüni ýetirýär hem-de ertekilerdäki ýaly syrlary özlerinde saklaýarlar. Hazar deňziniň kenarynyň baş arçasy bolsa özünniň dürli yşyklary bilen syýahatçylyga çagyrýan ýaly we arzuwlaryň hasyl bolmagyna çagyrýan ýaly görünýär.


Gyşyň salkyn howasyna garamazdan, täze ýylyň yşyklary bilen bezelen “deňiz”, owadan arçalar jadylaýjy tomus festiwaly bilen ornuny çalşandygy barada pikir etmäge orun goýmaýar. Men diňe uçaryň üstünde düşürilen suratlary synlap, bu pikir – gül açýan bägüller meniň saparmyň ahyryna çenli serimden aýrylmandygyna düşünip galdym. Olar hemme ýerde – myhmanhanalaryň we dynç alyş öýleriniň gül bakjalarynda, ýollaryň gyralaryndaky gül ekilýän ýerlerde bardy, olar gyşyň gelenini we sowguň düşeninini duýmaýan ýaly gül açýardylar. Biz täsinlige hemişe garaşýarys, aýratyn hem täze ýylyň öňisyrasynda. Hatda käwagtlaryň onuň edil ýanymyzdadygyny hem duýmaýarys. Ýöne, olary diňe görmegi başarmaly. Meniň üçin bu güller adaty täsinlik boldy. Gyş paslynyň ortalarynda bägülleriň gül açmagy – bu eýsem ertekä çalymdaş ýaly zat dälmi...