Şu gün Magdanly şäherinde täze sport toplumynyň açylyş dabarasy boldy, şeýlelikde, welaýatda 2014-nji ýylda meýilleşdirilen binagärlik açylyşlaryna badalga berildi. Täze binany welaýat düýpli gurluşyk müdirliginiň buýurmasy boýunça öň bu ýerde 365 orunlyk üçin niýetlenen sport mekdebini guran ýerli hususy kärhana döwrebap binagärlik keşbinde gurdy.
Şanly sene mynasybetli owadan bezelen sport toplumynyň açylyş dabarasy uly baýramçylyga öwrüldi. Berkarar döwletimiziň bagtyýarlyk döwrüniň ýokary üstünliklerini wasp edýän aýdym-sazlar ýaňlandy, ýaş türgenler öz ussatlyklaryny görkezdiler.
Welaýat, şäher we etrap häkimlikleriniň, jemgyýetçilik guramalarynyň wekilleriniň, hormatly ýaşulularyň, meşhur türgenleriň dabarada belleýişleri ýaly, häzirki waka ýurdumyzda köpçülikleýin sport hereketiniň Türkmenistanyň döwlet syýasatynyň ileri tutulýan ugry we milli Liderimiz Gurbanguly Berdimuhamedowyň aýratyn alada edýän meselesi bolup durýandygynyň ýene-de bir aýdyň mysalydyr. Şonuň netijesinde bütin ýurdumyzda, şol sanda Lebap welaýatynda hem soňky ýyllarda degişli desgalaryň 30-a golaýy, ýagny her biri 365 orunlyk döwrebap sport mekdepleri, stadionlar, suwda ýüzülýän howuzlar we beýleki sport-sagaldyş toplumlary işe girizildi, köpçülikleýin bedenterbiýe-sport hereketini çalt ösdürmek we zehinli, başarjaň türgenleri taýýarlamak üçin ähli şertler döredildi. Dabara gatnaşyjylar türkmen halkynyň saglygy we abadançylygy hakynda ýadawsyz alada edýändigi üçin Türkmenistanyň Prezidentine çäksiz hoşallyk bildirdiler.
Şäheriň bir ýarym müň orun üçin niýetlenen stadionly täze sport merkezi innowasion gurnamalary, tehnologiýalary we timarlaýyş serişdelerini peýdalanmak bilen guruldy, häzirki zaman sport türgenleýiş esbaplary hem-de öwseleler bilen üpjün edildi. Gürrüňsiz suratda ol dürli ýaryşlaryň, medeni--köpçülik çärelerini geçirmegiň meşhur ýerine öwrüler, diňe bir sagdyn durmuş ýörelgesini giňden wagyz etmek işine däl, eýsem ýerli tälimçileriň hasaplaýşy ýaly ýokary üstünlikler gazanylýan sporty ösdürmäge hyzmat eder. Sebäbi, zallarda, bölümlerde we stadionda munuň üçin ähli şertler bar.
Göwnejaý enjamlaşdyrylan münberden stadionyň giň görnüşi açylýar, munuň özi tomaşaçylara sport meýdançasynda bolup geçýän ähli ýagdaýlary synlamaga mümkinçilik berer. Ellips görnüşinde gurnalan ýeňil telär janköýerleri gün şöhlesinden we ygallardan goraýar.Uly futbol meýdançasy Ýörite ýaşyl örtük bilen ötülen uly futbol meýdançasynyň töweregine ýeňil atletikaçylaryň türgenleşmelerini we ýaryşlaryny geçirmek üçin oňat enjamlaşdyrylan ýodajyklar çekildi. Yşyklandyrmagyň häzirki zaman ulgamy bu ýerde diňe bir gündiz däl, eýsem agşamlaryna hem ýaryşlary geçirmäge mümkinçilik berýär. Woleýbol, basketbol, tennis, göreş we sportuň beýleki görnüşleri bilen hem meşgullanmak mümkin bolan sport merkezi özbaşdak ýylylyk, suw we energiýa üpçünçiligi ulgamy bilen üpjün edilendir. Durmuş toplumlary, dynç alyş otaglary, lukmançylyk nokady türgenleriň hyzmatyndadyr, şeýle hem gulluk we tälimçiler üçin iş otaglary, synçylar kabinalary göz öňünde tutuldy.
Stadionda ýaşlaryň we türgenleriň teatrlaşdyrylan ýörişi dabaranyň jemleýji wakasy boldy. Soňra sportuň köp görnüşleri boýunça görkezme çykyşlary, şol sanda futbol ýaryşy geçirildi.
Täze binanyň açylyş dabarasynda iň oňat gurluşykçylara gymmat bahaly sowgatlar gowşuryldy.
Şu gün Kaka etrabynyň dolandyryş merkezi bolan Kaka şäherçesinde 350 orunlyk täze sport mekdebiniň açylyş dabarasy boldy. Nobatdaky köp ugurly ýöriteleşdirilen edara ýurdumyzda hemme ýerde döredilýän, halkara standartlaryna laýyk gelýän häzirki zaman sport desgalarynyň giň ulgamynyň üstüni ýetirdi.
Häzirki zaman sport şäherçesiniň açylmagy dabaraly ýagdaýda, aýdym-sazlar, tanslar, ýaş türgenleriň çykyşlary, iň oňat gurluşykçylara gymmatly sowgatlary gowşurmak bilen geçdi. Baýramçylyk bezegindäki mekdebiň öňüne şäherçäniň ýaşaýjylary, ýaşulular, şeýle hem dabaranyň myhmanlary—welaýat we etrap häkimlikleriniň, jemgyýetçilik guramalarynyň wekilleri ýygnandylar.
Täze desga häzirki zaman bezegini we däp bolan milli bezegiň parçalaryny utgaşdyrýan özboluşly binagärlik keşbinde guruldy. Bu ýerde sport ussatlygyny öwrenmegi, türgenleriň türgenleşmekleri hem-de dürli ýaryşlary we bäsleşikleri geçirmegi üçin ähli şertler döredildi. Sport mekdebiniň binasyndaky dört sany sport zallary woleýbol, basketbol, gimnastika, boks, göreş we beýleki ugurlar boýunça dürli bölümlerde tälim almak üçin häzirki zaman türgenleşdiriş gurallary, sport öwseleleri bilen üpjün edildi. Mekdep özbaşdak ýyladyş, şemalladyş, suw we energiýa üpjünçiligi ulgamy bilen üpjün edilendir. Egin-eşik çalşyrylýan ýer, suwa düşülýän ýer, lukmançylyk nokady, dynç alyş otagy türgenleriň ygtyýaryndadyr.
Dürli derejedäki ýaryşlary geçirmek üçin sport mekdebiniň çäklerinde oňat enjamlaşdyrylan woleýbol, basketbol, ýeňil atletika meýdançalary, futbol meýdançasy hem-de tennis korty, ylgaw ýodajyklary bilen bilelikde açyk sport şäherçesi göz öňünde tutuldy. Töweregindäki çäklere pürli we ýaprakly agaçlar oturdyldy, gül oturdylan ýerler döredildi.
Sport mekdebiniň açylyş dabarasyna gatnaşyjylar öz çykyşlarynda milli Liderimiz Gurbanguly Berdimuhamedowa ösüp gelýän ýaş nesliň saglygy hakynda hemmetaraplaýyn alada edýändigi, ýurdumyzda bedenterbiýäni we sporty işjeň ösdürmek, häzirki zaman maddy--enjamlaýyn binýady döretmek boýunça üstünlikli ýöredilýän uzakdangörüji syýasaty üçin çäksiz hoşallyk bildirdiler. Şonuň netijesinde häzirki wagtda Türkmenistanyň ähli welaýatlarynda häzirki zaman sport desgalary guruldy hem-de guralmagy dowam edýär.

* * *