Ï Sagdyn durmuş ýörelgesi – bagt ýörelgesi!
mail-icon
altynasyr.newspaper@sanly.tm
EN RU TK

Sagdyn durmuş ýörelgesi – bagt ýörelgesi!

view-icon 1237
Paýtagtyň BAE –iň Prezidenti Şeýh Zaýid bin Sultan Al-Nahaýýan adyndaky “Döwletliler” köşgüniň sport meýdançalarynda sportuň ýedi görnüşi boýunça bäsleşikler geçirildi. Bu bäsleşiklere ykbalyň takdyry bilen ene-atasy hossarlyk etmeýän bu çagalar edarasynda terbiýelenilýän çagalar gatnaşdylar.

Döwlet olary terbiýelemegi öz üstüne aldy. Bu ýerde olaryň sazlaşykly ösmekleri üçin ähli şertler döredilendir. Bu ajaýyp bina – taslamaçylaryň we arhitektorlaryň maksatlarynyň amala aşyrylan ýeri bolan bu ajýyp köşk olaryň ygtyýaryndadyr.


Esasy okuwdan boş wagtlary bu ýerde çagalaryň höwes bildirmeleri boýunça gurnaklaryň giden bir tapgyry – akyl-paýhas, sport, döredijilik ýaly gurnaklar işleýär. Çagalar bu gurnaklara gatnaşyp özleriniň milli el işleri we kulinariýa sungatynyň endiklerini özleşdirýärler, baý-ruhy miras – türkmen halkynyň ajaýyp özboluşly däp-dessury bilen tanyş bolýarlar.

Çagalar bilen geçirilýän okuw-terbiýeçilik işleri mugallymlar bilen beýleki bilim edaralarynyň, iri jemgyýetçilik we sport guramalarynyň hünärmenleri geçirýärler. Bu ýerde sport çäreleriniň geçirilmegi indi däbe öwrüldi.


Sportuň dürli görnüşleri boýunça görkezme ýa-da bäsleşikli çykyşlar her okuw hepdesiniň ahyrynda geçirilýär. Häzirki geçirilen sport çäresi akyl-paýhas oýunlary bolan küşt, şaşka we milli oýun bolan düzzüm, şeýle hem woleýbol, kiçi futbol, stoluň üstünde oýnalýan tennis we 60 metr aralyga guralan ýeňil atletika boýunça geçirildi.

Köşkde geçirilen saglyk bäsleşikleri birnäçe sagada ýetdi. Oglanlar ýeňşe bolan höweslerini we öz güýçlerini doly sarp etmek boýunça başarnyklaryny gaýgyrmadylar. Sport bäsleşiklerinde aýratyn tapawutlananlaryň ählisine ýörite diplomlar gowşuryldy.


Köşkde terbiýelenýänleriň halypasynyň belleýşi ýaly, oglanlaryň sportda gazananlaryny tassyklaýan hormat şahadatnamalary çagalar toparlarynyň özboluşly sport we döredijilik bäsleşiklerinde gazananlaryň yzygiderliliginiň üstüni ýetirýär. Abraýly bäsleşikleriň, şol sanda halkara derejeli bäsleşikleriň hem, birnäçe gezek ýeňijisi bolan ähli taraplaýyn zehinli okuwçylara janköýer tomaşaçylar her sapar üýtgewsiz çapak çalýarlar.

Sport babatda aýdylanda bolsa, oglanlar üçin bu ilkinji nobatda sagdynlyk, ruhubelentlik we ruhy taýdan göteriliş hem-de hökmany suratda öňde duran mukaddesliklere, iň gowluklara ymtylyş bolup durýar. Sebäbi, “Saglyk – bu bagt” diýlip ýöne ýere aýdylmaýar.