Ï Türkmen topragy ak lybasa beslenýär
mail-icon
altynasyr.newspaper@sanly.tm
EN RU TK

Türkmen topragy ak lybasa beslenýär

view-icon 666
Şäher “gar” laýbasynda

Türkmenistanda gar ýagmagy geň waka däldir, ýöne oňa häli-şindi bolup durýan ýagdaý diýip hem bolmaz. 31-nji ýanwarda Aşgabatda ýagan garyň galyňlygy 1-nji fewrala çenli ortaça 12 santimetre ýetdi. Şeýle mukdarda garyň ýagmagy şäheriň degişli gulluklarynyň şu howa şertlerine laýyklykda başgaça iş tertibine geçmelidigini aňladýar.

TDH-a habar bermeklerine görä, Türkmenistanyň Jemagat hojalygy minstrligi tarapyndan paýtagtymyzda degişli işleri geçirmek üçin ýörite tehnikanyň 175-si işe girizildi. Olar ilkinji nobatda paýtagtymyzyň köp gatnawly ýollarynda doňaklygyň peýda bolmagynyň öňüni almak hem-de ýol hereketiniň howpsuzlygyny üpjün etmek maksady bilen ulanylýar. Gardan arassalaýan we köçelere taýmazlyk üçin ýörite duzy sepýän Mercedes-Benz, “Schmidt” süpüriji, şeýle hem MAZ, Bodkat we Amkador Belarus kysymly ýükleýji awtoulaglar we beýleki tehnikalar şäheriň köçelerine çykaryldy.

Gary eretmek üçin we buzlaryň emele gelmegine garşy ekologiýa taýdan howpsuz “EKO ANTI ICE” görnüşli ýörite suwuklygyň 10 tonnasy peýdalanyldy. Köçelere, ýollara we ýanýodalara, awtobus duralgalaryna, pyýada geçelgelere, köprülere tehniki duzuň 2 müň tonnadan gowragy sepildi. Bulardan başga-da, emele gelen doňaklygy aýyrmak üçin tehniki duz edaralara, kärhanalara, söwda merkezlerine we bazarlara, jemgyýetçilik, döwlet we hususy kärhanalara, mekdeplere, çagalar baglaryna, saglyk öýlerine hem-de beýleki edaralara bölünip berilýär.

Şeýle hem Aşgabat şäheriniň çäklerinde, has takygy bolsa ýollarda, pyýada geçelgelerinde, awtobus duralgalarynda, seýilgählerde, adamlaryň köpçülikleýin barýan ýerlerinde, edaralaryň we kärhanalaryň öňlerindäki meýdançalarda, müdirlikleriň garažlarynda gardan arassalamak boýunça ýowar geçirildi. Häzirki howa şertleriniň talaplaryna laýyklykda, paýtagtymyzyň ýyladyş gullugy tertipnama boýunça işleýär.

Mälim bolşy ýaly, Türkmenistanyň Prezidenti Gurbanguly Berdimuhamedowyň jemagat gulluklarynyň işiniň netijeliligini ýokarlandyrmak babatynda aýratyn talap etmegi netijesinde şäheriň ýyladyş ulgamy paýtagtymyzyň ýaşaýyş toplumlarynyň bilim we saglygy goraýyş ulgamlarynyň edaralarynyň merkezleşdirilen kotelniýalaryna döwlet tarapyndan yzygiderli satyn alynýan täze awtomatlaşdyrylan enjamlaryň gelip gowuşmagynyň, öň hereket edýän ýyladyş geçirijileri abatlamagyň we olaryň täzeleriniň çekilmeginiň, gyzgyn suw üpjünçiligi ulgamlarynyň hem-de gaz paýlaýjylarynyň täzelenmeginiň hasabyna yzygiderli döwrebaplaşdyrylýar. Bu işler gyş möwsümine taýýarlyk görmegiň çäklerinde öz wagtynda geçirildi. Ähli abatlaýyş we distpeçer gulluklary zerur bolan abzallar, enjamlar we ulag bilen üpjün edildi.

Hususan-da häzirki döwürde “Aşgabatýylylyk” edarasynda umumy uzynlygy 476,9 kilometre barabar uzynlygy bolan ýylylyk merkezli ýyladyş hojalygynyň 171-si bar. Olaryň ulanyş ýagdaýyna birnäçe distpeçer gulluklary gije-gündizleýin gözegçiligi alyp barýarlar. Ýyladyş möwsümine taýýarlygyň barşynda 121 ýyladyş hojalygynda abatlaýyş işleri geçirildi. Olarda bar bolan bug gazanlary çalşyryldy we täzeleri oturdyldy. Şäher ýyladyş ulgamynyň 104 kilometrinden gowrak ýerindäki turbalar çalşyryldy ýa-da doly abatlanyldy.

Şu dynç alyş günleri Selsiý boýunça termometriň sütüni gündizine 7-9, gijesine bolsa 10-15 gradus aýaz bolandygyny görkezýär. Elbetde, Aşgabatda şunuň ýaly aýazlar öňki ýyllar hem bolýardy, has sowuk bolýan halatlary hem bellige alnypdy. Biziň şäherimizde iň güýçli aýaz XX asyryň başynda - 1900-nji ýylyň 2-nji fewralynda bolupdyr, şonda termometriň sütüni 26 gradusa çenli aşak düşdi.

Türkmenistanda iň sowuk howa – 1969-njy ýylyň gyşynda bolupdy, şonda Merkezi Garagumuň gündogar böleginde, Çeşme diýen ýerde Selsiý boýunça termometriň sütüni 35 gradusa çenli aşak düşdi.

Gyş ýagmyry ekerançylaryň işlerinde hemaýat bolar

Türkmenistanyň Ministrler Kabinetiniň ýanyndaky Gidrometeorologiýa baradaky milli komitetiň hünärmenleriniň maglumatlaryna görä, 2014-nji ýylyň 31-nji ýanwary – 1-nji fewraly aralygynda demirgazyk tarapdan sowuk we çygly howa toplumy (antisiklon) ýurdumyzyň çäklerine aralaşyp, 0,1-13 millimetr derejesinde ygal getirdi, ol ähli welaýatlaryň üstünden geçdi we galyňlygy 1 santimetrden 16 santimetre ýetýän gar örtüginiň emele gelmegine getirdi.


Hemişe bolşy ýaly, ekerançylar gyşyna ýagyş-ýagmyryň, şol sanda garyň has köp ýagmagyna garaşýarlar. Türkmenistanyň Oba hojalyk ministrliginde TDH-a habar bermeklerine görä, häzirki günlerde güýzlük bugdaýy iýmitlendirmek işleri alnyp barylýar, munuň üçin bolsa gar hem örän möhümdir. Gar ýaşajyk maýsalaryň gyşyna oňat saklanmagyna we ösmegine oňyn täsir edýär, olaryň kökleri arkaly mineral we ýerli dökünler bilen iýmitlenmegine ýardam berýär.

Garyň ýagmagy ýazda geçiriljek ekiş üçin sürlen ekerançylyk meýdanlarynyň çyglylygy özünde saklap galmagy, topragyň gaýtadan oňki kaddyna gelmegi hem-de gurplanmagy üçin şertleri döredýär. “Türkmenobahyzmat” döwlet birleşiginiň garamagyndaky edaralarda meýdan işleri bilen bir hatarda, oba hojalyk tehnikasyny gowaça ekişine taýýarlamak işleri meýilnama boýunça alnyp barylýar.

Häzirki wagtda 460 müň gektar meýdanda sürüm işleri geçirildi, bu gowaça ekiljek meýdanyň 85 göterimine deňdir. Her günde “Klaas”, “Keýs”, “Jon Dir” we “Belarus” kysymly kuwwatly traktorlaryň 1800-e golaýy meýdanlara çykarylýar.


Dişli boronolaryň 28,5 müňüsi, tekizleýji gurallaryň 2600-si, çizelleriň 250-si, gowaça ekiji enjamlaryň 2100-si we kultiwatorlaryň 4700-si taýýarlyk hataryna çykaryldy. Ýaz ekişi döwründe bu oba hojalyk tehnikalaryndan başga-da, sürüm traktorlarynyň 1000-den we bejergi geçýän tehnikalaryň 4 müňden gowragy işlediler, bu bolsa gowaça ekişini öz wagtynda hem-de ýokary hilli geçirmäge mümkinçilik berer.

Mundan başga-da, mehanizatorlar we beýleki hünärmenler tehnikany däne oragyna taýýarlamaga girişdiler, galla orujy kombaýnlary abatlaýyş işleri geçirilýär. Galla oragyna jemi 2 müňden gowrak kombaýn gatnaşar, olaryň 300-si Germaniýadan satyn alnan “Klaas” kysymly täze kombaýnlardyr.

Suw hojalygy ministrliginde bize habar bermeklerine görä, ýagmyryň ýurdumyzyň suw howdanlarynyň möwsümleýin suwdan doldurylmagyna näderejede oňyn täsirini ýetirendigi kesgitlenilýär, ýurdumyzyň dürli künjeklerine garyň ýagmagy dag eteklerindäki suw çeşmeleriniň dolup akmagyna hem täsir eder. Şu aýazly günlerde bugdaý maýsalarynyň gar örtüginiň aşagynda bolmagy olary sowuk urmakdan gorar, gar eränden soň bolsa bugdaý meýdanlary zerur bolan goşmaça çyglylygy alar. Garyň ýagmagy agaç we üzüm nahallaryny zerur bolan suw bilen üpjün etmäge, şeýle hem dag etegindäki baýyrlyklarda we sähradaky öri meýdanlarynda mallar üçin ýeterlik ot-iýmiň ösmegine ýardam eder, bu bolsa ýurdumyzda maldarçylygyň ösdürilmegi üçin esasy şertleriň biridir.