Şu gün Sport baradaky döwlet komitetiniň mejlisler zalynda Türkmenistanyň sport göreşi boýunça milli merkeziniň mejlisi geçirildi. Erkin göreş we grek-rim göreşi boýunça ýaryşlar geçirilende, eminlik etmäge girizilen üýtgetmeler bilen tanyşdyrmak we düşündirmek mejlisde seredilen esasy meseleleriň biri boldy, bu üýtgetmeler geçen ýyl Russiýanyň paýtagty Moskwada geçirilen Höwesjeňlik göreşiniň halkara federasiýasynyň (FILA) nobatdan daşary maslahatynda tassyklanyldy.
FILA-nyň şu gezekki Moskwada geçirilen nobatdan daşary mejlisi Halkara olimpiýa komiteti tomusky Olimpiadanyň maksatnamasyndan erkin we grek-rim göreşi boýunça ýaryşlary aýyrmak baradaky çözgüdi kabul edenden soň, gyssagly ýagdaýda çagyryldy. Olimpiýa komitetiniň bu çözgüdi halkara sport jemgyýetinde uly seslenme döretdi, sebäbi nusgawy göreş heniz gadymy döwürlerden bäri—biziň eýýamymyzdan ozal birnäçe asyr öň geçirilen ilkinji Olimpiadadan başlap, 2012-nji ýylda Londonda bolan Olimpiýa oýunlaryna çenli bütindünýä ýaryşlarynyň maksatnamasyna girizilýärdi.
Moskwada geçirilen FILA-nyň mejlisine 100-den gowrak ýurtdan sport göreşi boýunça federasiýalaryň wekilleri (şol sanda Türkmenistanyň), şeýle hem Halkara olimpiýa komitetiniň (HOK) weikliýeti gatnaşdylar. Mejlisde sport göreşiniň Olimpiadanyň maksatnamasyna girizilmeginiň zerurdygy barada getirilen deliller Halkara olimpiýa komitetiniň bu meselede eýeleýän ornuna täsirini ýetirdi. Netijede erkin we grek-rim göreşini Olimpiadanyň maksatnamsyna gaýtadan goşmak baradaky çözgüt HOK-yň Argentinada geçirilen tomusky mejlisinde kabul edildi.
Emma indi sport göreşi boýunça bäsleşikler üýtgedilen düzgünlere laýyklykda geçiriler. Täze düzgünler boýunça bäsleşikleriň döwürleri iki minut däl-de, üç minuda çenli uzaldylar. Şeýle hem möhletinden öň ýeňiş gazanmak üçin zerur bolan utuklaryň möçberi artdyrylydy: indiden beýläk tehniki utuş ýedi utuk tapawudy bilen däl-de, sekiz utuga deň bolar.
Ýurdumyzyň ähli welaýatlaryndan we Aşgabat şäherinden Sport baradaky döwlet komitetiniň mejlisler zalyna ýygnanan erkin we grek-rim göreşi boýunça eminler, tälimçiler we beýleki hünärmenler eminlik etmegiň üýtgedilen düzgünleri bilen tanyşdyryldy. Tälimçilerden we eminlerden başga-da, mejlisiň işine göreş boýunça belli türkmen türgenleri, paýtagtymyzdaky we welaýatlardaky sport mekdepleriniň müdirleri, Sport baradaky döwlet komitetiniň, Türkmenistanyň Milli sport we syýahatçylyk institutyyň işgärleri, köpçülikleýin habar beriş serişdeleriniň wekilleri hem-de sport weteranlary gatnaşdylar.
Mejlisde şeýle hem sport derejelerini bermek baradaky meselelere hem garaldy. Umumy kabul edilen kadalara laýyklykda, sport ussady diýen ada mynasyp bolmak üçin türgen Türkmenistanyň çempionatynda ýa-da erkekleriň arasynda ýurdumyzyň Kubogyny almak ugrundaky bäsleşiklerde ýeňiş gazanmalydyr. Mejlisde bu abraýly sport derejesini ýurdumyzyň milli ýaryşlarynda iki gezek ýeňiş gazanan türgene bermek baradaky teklip hem aýdyldy. Bu türgeniň belent derejä mynasypdygyny gaýtadan tassyklamagynyň hem-de oňa laýyk gelmeginiň zerurlygy bilen düşündirilýär. Sebäbi talap näçe ýokary bolsa, halkara derejesindäki bäsleşiklerde görkezilen netijeleri hem hasaba almak bilen, sportda gazanylýan sepgitler hem ýokary bolýar. Şonuň üçin hem sport ussady diýen ada eýe bolmagy üçin milli çempionatda ikinji gezek ýeňiş gazanmagyň hökmandygy baradaky teklip mejlise gatnaşanlaryň köpüsi tarapyndan goldanyldy.
Mejlisde şeýle hem “Türkmenistan – ruhubelentligiň we sagdynlygyň ýurdy” ady bilen geçirilýän Umumymilli spartakiadanyň çäklerinde türgenleriň gazanan ýeňişlerini hasaba alyp, sport derejelerini bermek baradaky teklip hem öňe sürüldi. Hormatly Prezidentimiz Gurbanguly Berdimuhamedowyň başlangyjy boýunça geçirilýän bu spartakiada türkmenistanlylaryň ýüz müňlerçesi gatnaşýar.
Mejlisiň barşynda oňa gatnaşyjylar geçen ýylda durmuşa geçirilen işleriň netijelerini ara alyp maslahatlaşdylar, şu ýyl üçin meýilnamalary kesgitlediler, şeýle hem Türkmenistanyň, Aşgabat şäheriniň we welaýatlaryň ýygyndy toparlarynyň tälimçiler düzümini tassykladylar.
Häzirki wagtda erkin we grek-rim göreşi boýunça milli ýygyndy toparymyz Russiýanyň belli türgeni W.G.Iwlewe bagyşlanan iri halkara ýaryşyna taýýarlanýar. Bu bäsleşikler 7-10-njy fewral aralygynda Moskwanyň etegindäki Podolsk şäherinde geçer. Şonda ildeşlerimiz diňe bir medallar üçin bäsleşiklere gatnaşmak bilen çäklenmän, emin hökmünde hem çykyş ederler.
Şol ýaryşlardan soňra Türkmenistanyň milli ýygyndy topary 21-nji fewral –5-nji mart aralygynda halkara okuw türgenleşiklerini geçmek üçin Russiýa Federasiýasynyň Tatarystan Respublikasynyň paýtagty Kazan şäherinde bolarlar. Podolskde geçiriljek ýaryşlar we okuw türgenleşikleri şu ýylyň sentýabr aýynda Koreýanyň Inçhon şäherinde geçiriljek Aziýa oýunlaryna taýýarlyk görmegiň tapgyrlarynyň biri bolar.
Mart aýynda birbada türgenleriň ýaş aýratynlyklary boýunça Türkmenistanyň çempionatlarynyň üçüsi geçiriler. Şol ýaryşlar hem Aziýa oýunlaryna taýýarlyk bolar. Ýakyn geljege nazar aýlasak, göreş boýunça biziň türgenlerimiz Braziliýada 2016-njy ýylda geçiriljek tomusky Olimpiada gatnaşmak üçin çalyşmalydyrlar. Munuň üçin olara dünýäniň çempionatynda iň güýçli ýygyndy toparlaryň sekizisiniň biri bolmak hökmandyr.