Ï Türkmen tennisçi zenanlary Aziýa we Okeaniýa zolagynyň ikinji toparynda iň gowy toparlaryň dörtlügine girdiler
mail-icon
altynasyr.newspaper@sanly.tm
EN RU TK

Türkmen tennisçi zenanlary Aziýa we Okeaniýa zolagynyň ikinji toparynda iň gowy toparlaryň dörtlügine girdiler

view-icon 768
Türkmen tennisçi zenanlarynyň topary ilkinji gezek Aziýanyň we Okeaniýanyň zolagynyň 2-nji toparynda Federasiýanyň Kubogyny almak ugrundaky Gazagystanyň paýtagty Astana şäherinde geçirilen bäsleşikde-de ýokary netijeler gazandylar. Ýurdumyzyň tennisçi zenanlary “С” toparynda ýeňiji bolmak bilen, bu iri halkara toparlaýyn ýaryşlarda şeýle üstünligi gazandylar.

Hasap boýunça 52-nji gezek geçirilýän Fed Сup ýaryşynda Aziýanyň we Okeaniýanyň zolagynyň birinji topary üçin ýeke-täk ýollanmany almak ugrunda dört topara bölünen on üç topar bäsleşýär: “A” topary – Gonkong, Malaýziýa, Wýetnam; “B” topary - Filippinler, Singapur, Şri-Lanka; “С” topary – Türkmenistan, Gyrgyzystan, Rak; “D” topary – Hindistan, Täze Zelandiýa, Eýran we Pakistan.

Astanadaky bäsleşiklerde Türkmenistanyň toparynda ýurdumyzyň birnäçe gezek çempionyAnastasiýa Prenko, Jahan Baýramowa, Güljahan Kadyrowa we Jennet Hallyýewa çykyş edip, birinji duşuşykda Yragyň toparyndan 2:1, Gyrgyzstanyň ýygyndy toparyndan bolsa 3:0 hasabynda üstün çykdylar.

Sport synçylarynyň bellemeklerine görä, zenanlaryň arasynda tennis boýunça Türkmenistanyň iň ussat türgeni, Halkara türkmen-türk uniwersitetiniň talyby bu ýaryşlarda üç gezek ýeňiş gazanan A.Prenkonyň ynamly oýnuny aýratyn belleýärler. Ol birinji bäsleşikde öz garşydaşy G.Alajilini (Yrak) duşuşygyň 38-nji minutynda 6:1, 6:0 hasabynda utdy. Ikinji bäsleşikde bolsa ol A.Lazerowany (Gyrgyzystan) bary-ýogy ýarym sagadyň dowamynda ýeňmegi başardy, hasap 6:0, 6:0. Biziň ýygyndy toparymyzyň ussat türgen zenany J.Hallyýewa bilen jübütlikde oýnap, Gyrgyzystandan gelen E.Botaliýewa - A.Lazerowa jübütini 6:1, 6:1 hasabynda utdy. Biziň toparymyzdan 16 ýaşly J.Baýramowa ilki bilen H.Alajilini (Yrak) 6:0, 7:6 (1), soňra bolsa üç tapgyrda I.Wolkowiçi (Gyrgyzystan) 6:1, 1:6, 6:3 hasabynda utup, ýygyndy toparymyzyň gazanan ýeňşine uly goşant goşdy.

Ilkinji bäsleşikde ýeňiş gazanan dört topar Aziýanyň we Okeaniýanyň zolagynyň birinji toparyna ýollanma almak ugrunda Türkmenistanyň we Flippinleriň toparlary, ikinji aýlawda bolsa Gonkongyň we Hindistanyň toparlary bilen güýç synanyşarlar.

Türkmen tennisçileri Federasiýanyň Kubogyny almak ugrundaky ýaryşlarda 2004-nji ýyldan bäri çykyş edýärler. Üç gezek – 2008-nji, 2011-nji we 2012-nji ýyllarda biziň toparymyz Aziýanyň we Okeaniýanyň zolagynyň ikinji toparynda bäşinji orny eýelediler. Indi bolsa, olar öz toparyndaky ähli bäsdeşlerini utup, zenanlar ýygyndy toparlarynyň arasynda geçirilýän abraýly halkara ýaryşynda iň gowy toparlaryň dörtlügine girmegi başardylar.

Berkarar döwletimiziň bagtyýarlyk döwründe Türkmenistanda sportuň dürli görnüşleri, şol sanda tennis bilen meşgullanmak üçin ähli şertler döredildi. Türkmenistanyň Prezidenti Gurbanguly Berdimuhamedowyň bedenterbiýäni we sporty ösdürmäge ägirt uly üns berýändigi hemmelere mälimdir, döwlet Baştutanymyzyň başlangyjy bilen ýurdumyzyň ähli welaýatlarynda we paýtagtymyzda tennis kortlary bolan häzirki zaman sport desgalary, Aşgabatda bolsa sebitde deňi-taýy bolmadyk Olimpiýa şäherjigi gurulýar. Milli Liderimiziň goldaw bermegi hem-de döwlet tarapyndan hemmetaraplaýyn tagalla edilmegi netijesinde geçen ýyl ýurdumyzyň tennis boýunça erkek adamlardan düzülen topary ilkinji gezek Dubaý şäherinde (Birleşen Arap Emirlikleri) Dewisiň Kubogy ugrundaky sebit ýaryşlarynda Aziýanyň we Okeaniýanyň zolagynyň üçünji toparyna girdiler. Indi bolsa, ýurdumyzyň tennisçi zenanlary dünýäde meşhurlygy boýunça pes bolmadyk Fed Сup saýlama ýaryşlaryna gatnaşmaga hukuk gazandylar.