Ï Dokuzynjy sapar – birinji
mail-icon
altynasyr.newspaper@sanly.tm
EN RU TK

Dokuzynjy sapar – birinji

view-icon 1260
Ýurduň Sport baradaky döwlet komitetiniň “Türkmenistan” Ýaşlar bedenterbiýe-sport guramasy (ÝBSG) 2013-nji ýylyň jemini jemledi. Ýeňiji diýlip Lebap welaýat bölümi yglan edildi, özi hem indi birsydyrgyn dokuznjy sapar

Lebaplylar birinji orny ynamly gazandylar. Olar ikinji we üçünji orny eýelän aşgabtlylary we marlylary ýeňip, umumy hasapda 29 utuk gazanmagy başardylar. Hasap bäş görnüş boýunça alnyp baryldy. Onda esasan hem mekdep okuwçylarynyň we mugallymlarynyň döwlet bäsleşiklerinde görkezen netijeleri; ýerlerde geçirilen bäsleşikleriň möçberleri, şol sanda tomusky dynç alyş möwsüminde hem, köpçülikleýin habar beriş serişdeleri bilen özara gatnaşyklar göz öňünde tutuldy.

Ýurduň gündogar sebtiniň wekilleri ilkinji dört görnüşde birinji orny we bir ikinji orny eýelediler. Bu bolsa epesli arany kesgitledi. “Türkmenistan” ÝBSG öz alyp barýan işinde welaýatlaryň Baş bilim müdirlikleri bilen ýakyndan aragatnaşyk saklaýar. Türkmenistanyň Demokratik partiýasynyň welaýat komiteti, birleşen kärdeşler arkalaşyklarynyň, Magtymguly adyndaky ýaşlar guramalary, Türkmenabadyň “Awtotrans” we “Serbelent” telekeçilik gurluşlary ýaryşlara taýýarlyk görmekde we olary guramaçylykly geçirmekde uly ýardam berýärler.

Oba ýerlerinde işjeň ösdürilýän welosport “Türkmenistan” ÝBSG welaýat bölüminiň özboluşlu ýüzi bolup durýar. Geçen ýylda geçirilen marafonlaryň möçberleri boýunça ähli rekord netijeler gazanyldy. Olaryň maksady ýaşlar bilen geçrilýän köp sanly duşuşyklarda sagdyn durmuş ýörelgesini wagyz etmek, olaryň hataryna türgenleri çekmekden ybarat bolup durýar. Şu ýyl hem mekdep okuwçylarynyň arasynda welosport ýaryşlaryny guramaklyk dowam etdirilýär.

-Gazanylan ýeňiş, özi hem yzygider dokuzynjy sapar, gazanylan üstünligi has berkitmäge borçly edýär – diýip, Türkmenistanyň At gazanan türgenleşdirijisi, “Türkmenistan” ÝBSG welaýt bölüminiň ýolbaşçysy Kadyr Ilamanow gürrüň berýär. – Biüiň ýakyn wagtdaky meýilnamamyzda – “Türkmenistan – rubelenligiň we sagdynlygyň ýurdudyr” atly şygar bilen ýene-de mekdep okuwçylarynyň nobatdaky döwlet spartakiýadalarynda çykyş etmekden ybaratdyr. Geçen saparky geçirilen şular ýaly bäsleşiklerde lebaply mekdep okuwçylar ýütgewsiz baýraky orunlaryň hataryna goşulmagy başardylar.