Ï Türkmen pälwanlary halkara ýaryşda üstünlik gazandylar
mail-icon
altynasyr.newspaper@sanly.tm
EN RU TK

Türkmen pälwanlary halkara ýaryşda üstünlik gazandylar

view-icon 742
Podolsk şäherinde geçirilen grek-rim göreşi boýunça Bütinrussiýa açyk ýaryşynda öz agram derejelerinde hormatly üçünji orunlary eýelän türkmen türgenleri iki gezek hormat münberine çykdylar. Russiýanyň 14 sebitinden toparlaryň 20-sinden başga-da, bu ýaryşa dünýä ýurtlarynyň bäşisinden pälwanlar gatnaşdylar. Ýaryşa gatnaşanlaryň hatarynda at gazanan sport ussatlary, olimpiýa çempionlary, Ýewropanyň we dünýäniň çempionlary bar. Ýaryşda biziň ýurdumyza Türkmenistanyň grek-rim göreşi boýunça milli ýygyndy toparynyň türgenleriniň 7-si wekilçilik etdi.

Dünýä ýurtlarynyň dördüsinden pälwanlaryň 14-siniň bäsleşen ýaryşynda 98 kilograma çenli agram derejesinde Arslan Saparmämmedow tutluşyklaryň üçüsinde üstünlik gazandy we bir ýeňlişe sezewar bolup, baýrakly üçünji orny eýeledi.

75 kilograma çenli agram derejesinde medallar ugrunda 5 ýurtdan türgenleriň 20-si bäsleşdiler. Bu ýiti, bäsleşikli göreşde Türkmenistanyň wekili Şermet Permanow hem 3 ýeňiş gazandy we bir ýeňlişe sezewar bolup, bürünç medala mynasyp boldy hem-de baýrakly üçünji orny eýeledi.