Laosyň, Owganystanyň we Filippinleriň ýygyndy toparlary AFK-nyň Kubogy ugrundaky bäşinji gezek geçirilýän ýaryşlaryň final böleginde türkmen futbolçylarynyň bäsdeşleri bolarlar, bu oýunlar şu ýylyň 19-30-njy maýy aralygynda Maldiw adalarynda geçiriler. Maldiwiň paýtagty Malede geçirilen bije atyşlyga laýyklykda bu komandalar “B” toparyna girýärler. “A” toparyna Palestinanyň, Gyrgyzystanyň, Mýanmanyň we Maldiw adalarynyň ýygyndy komandalary girýär. Her topardan iň oňat netije görkezen komandalaryň ikisi ýarym finala çykar. AFK-nyň Kubogyny eýelän topar Aziýa – 2015 Kubogynyň Awstraliýada geçiriljek final böleginde çykyş etmäge hukuk gazanar.
AFK-2012-de ýarym finalda çykyş eden filippinliler bilen türkmen futbolçylary şu ýaryşyň çäklerinde üç gezek duşuşdylar. Şonda biziň ildeşlerimiz iki gezek – 2009-njy ýylda Malede 5:0, iki ýyl mundan öň Katmanduda (Nepal) bolsa 2:1 hasabynda utupdylar. Geçen ýyl geçirilen saýlama ýaryşlarda filippinliler öz ýerlerinde, Manila şäherinde 1:0 hasabynda ýeňiş gazandylar.
Owganystanyň topary bilen geçirilen duşuşyklarda hem biziň futbolçylarymyz oňat netije gazandylar. Geçirilen jemi üç duşuşykda hem türkmen futbolçylary utdular. 2006-njy ýylda Dünýäniň Kubogy ugrundaky saýlama ýaryşlarda biziň futbolçylarymyz Aşgabatda 11:0 hasabynda, Kabulda bolsa 2:0 hasabynda utdular. Haýdarabatda (Hindistan) 2008-nji ýylda AFK-nyň Kubogy ugrundaky ýaryşlarda türkmenistanlylar owgan türgenlerini 5:0 hasabynda utdular.
Laosyň topary bilen Türkmenistanyň ýygyndy topary häzire çenli resmi ýaryşlarda duşuşmadylar.
Türkmen futbolçylarynyň milli ýygyndy toparlar üçin ikinji derejeli yklym ýaryşlarynda geçen ýylyň martynda Filippinleriň paýtagty Manilada “E” toparynda çykyş edip, finala gatnaşmaga hukuk gazandy. Şonda biziň futbolçylarymyz Kambojanyň toparyny 7:0 hasabynda utdular.