Ï Doganlar üstünligi paýlaşdylar
mail-icon
altynasyr.newspaper@sanly.tm
EN RU TK

Doganlar üstünligi paýlaşdylar

view-icon 1054
Ýurdumyzyň Milli şaşka merkezi Gurbanguly Berdimuhamedowyň Türkmenistanyň Prezidentligine saýlanmagynyň senesine bagyşlanylan milli ýaryşlaryň tapgyryny gurady.

Ýurdumyzyň ähli welaýatlarynyň we Aşgabat şäheriniň wekilleri ýüz öýjükli tagtada milli birinjilik ugrundaky ýaryşlaryň dördüsinde bäsleşdiler. Ýurdumyzyň erkek adamlaryň arasyndaky çempionaty iki tapgyrda geçirildi. Ilki bilen ýaryş birinji ligada geçirildi, şonda gatnaşyjylaryň 20-si aýlawly tapgyrda ýokary liga ýollanmalaryň 10-sy ugrunda bäsleşdiler.

Şeýlelikde, jemleýji tapgyr ussatlyk derejesi bilen medala dalaşgärleriň has güýçli düzümini—14 adamy ýygnady.


Milli bäsdeşlikde baýraga mynasyp bolanlar aýlawly ulgam boýunça kesgitlenildi. Mümkin bolan 13 ýeňişden dokuzysyny gazanan halkara grossmeýsterleri-doganlar Mustafa we Bäşim Durdyýewler 22 utuk gazandylar. Olaryň goşmaça görkezijileri hem birmeňzeş boldy. Şonuň netijesinde şaşkaçylaryň ikisine hem ýurdumyzyň çempiony diýen ady bermek barada çözgüt kabul edildi.

Halkara nebit we gaz uniwersitetiniň talyby, sport ussady kümüş medala mynasyp bolan Maksat Durdyýew çempionlardan bir utuk yza galdy. Halkara grossmeýsteri Bagtyýar Durdyýew 20 utuk toplap bürünç medala mynasyp boldy.

Ýurdumyzyň zenanlar çempionatynda halkara grossmeýsteri Amangül Berdiýewa ýeňiş gazandy, şol ýaryşda aýlawlaýyn ulgam boýunça şaşkaçylaryň 12-si göreşdiler. Amangül Berdiýewa tapgyrlaryň 12-sini öz peýdasyna tamamlady we ýüz göterim netije—24 utuk bilen birinjligi eýeledi.


Altynaý Öwezowa we Merettäç Hajyýewa Amangülden 5 utuk yza galdylar. Goşmaça görkezijiler boýunça şahsy duşuşykda sport ussatlygyna dalaşgär M.Hajyýewany ýeňen 14 ýaşly birinji derejeli A.Öwezowa hormat sekisiniň ikinji basgançagyna çykdy.

19 ýaşdan uly bolmadyk ýaşlaryň arasyndaky ýaryşlarda oglanlaryň we gyzlaryň 12-si aýlawlaýyn ulgam boýunça bäsleşdiler. Erkekleriň arasynda geçirilen ýaryşda mümkin bolan 22 utukdan 21 utuk toplan Maksat Durdyýew birinjiligi gazandy. 18 utuk bilen Balkandurdy Goçmaýew ikinji orny eýeledi. Üçünji orunda Döwran Arabow boldy.

Ýaş gyzlaryň arasynda mümkin bolan 22 utukdan 20 utuk toplan Jemile Mämmetnyýazowa oňat netije görkezdi. Ol ikinji bolan Altynaý Öwezowadan bir utuk we bürünç medalynyň eýesi Şirinjemal Aköýliýewadan iki utuk artyk gazandy. Baýraklara mynasyp bolanlaryň ählisi Balkan welaýat ýöriteleşdirilen şaşka mekdebine wekilçilik edýärler.

Bu ýaryşlaryň jemleri boýunça halkara ýaryşlarynyň birnäçesine gatnaşmak üçin ýurdumyzyň ýygyndy topary düzüler, şol ýaryşlara gatnaşyjylaryň hemmesi Milli şaşka merkeziniň ýadygärlik baýraklaryna mynasyp boldular.