Ozal habar berlişi ýaly, Türkmenistanyň Ministrler Kabinetiniň 13-nji fewralda bolan mejlisinde hormatly Prezidentimiz Gurbanguly Berdimuhamedow agrotehniki kadalaryň berjaý edilişine we tutuşlygyna alnanda obasenagat toplumynyň Türkmenistanda durmuşa geçirilýän toplumlaýyn özgertmeleriniň möhüm tarapy hökmünde ekerançylygyň medeniýetini ýokarlandyrmaga üns bermegiň zerurdygyny nygtady, şol özgertmeleriň maksady oba hojalyk pudagyny täze, häzirki zaman talaplaryna laýyk gelýän sepgitlere çykarmak bolup durýar. Milli Liderimiz möhm wezipeleriň hatarynda oba hojalyk ýerlerini suwaryş suwy bilen üpjün etmegi, şol sanda emeli suw howdanlarynda möwsümleýin suw joşmalary döwründe suwlary toplamagyň hasabyna gowulandyrmagy hem belledi.
Şu günler ýurdumyzyň suw howdanlarynda halk hojalygynyň dürli hajatlary üçin zerur gorlary döretmek maksady bilen suw toplanylýar. Türkmenistanyň Suw hojalyk ministrliginde TDH-a habar berişleri ýaly, ýurdumyzyň suw howdanlarynda suwuň 2700 million kub metre golaýy toplanyldy.
Suwdan rejeli peýdalanmak hormatly Prezidentimiz Gurbanguly Berdimuhamedow tarapyndan ýöredilýän syýasatyň möhüm tarapydyr, munuň özi ekologiýa taýdan abadançylygy gorap saklamak we daşky gurşawy goramak bilen ýakyndan arabaglanyşyklydyr. Mälim bolşy ýaly, bu meselede Türkmenistan halkara hyzmatdaşlygyny ösdürmek ugrunda yzygiderli çykyş edýär. Türkmen döwletiniň Baştutanynyň durnukly durmuş-ykdysady ösüşiň meselelerini, şol sanda suwdan peýdalanmagyň meselelerini çözmäge gönükdirilen oňyn başlangyçlary dünýä bileleşiginde giň goldawa eýe bolýar.
Häzirki wagtda ýurdumyzda ýerleri suwarmakda döwrebap suw tygşytlaýan tehnologiýalary ornaşdyrmakda, gidrotehniki desgalary gurmakda we ulanmakda ägirt uly tejribe toplandy. Uly möçberli suw hojalyk taslamalarynyň üstünlikli durmuşa geçirilmegi oba hojalyk pudagyny netijeli ösdürmäge, däne, pagta we beýleki oba hojalyk önümlerini öndürmegiň möçberlerini artdyrmaga ýardam edýär.
Şu günler türkmen suwgurluşykçylary “Türkmenistanyň Garaşsyzlygynyň 15 ýyllygy” suw howdanynyň we Hanhowuz suw howdanynyň göwrümini giňeltmek boýunça işleri geçirýär, şol suw howdanlary ýurdumyzda iri suw howdanlarynyň hataryna degişlidir. Bu el bilen döredilen suw howdanlary Garagum derýasynyň ugrunda ýerleşýär. Garagum derýasy hakykatdan hem ýurdumyzyň ekerançylyk meýdanlaryny we ilatly ýerlerini suw bilen üpjün etmekde möhüm orunlaryň birini eýeleýär. Derýanyň hanasyny arassalamak, onuň suw geçirijilik ukybygny gowulandyrmak, gorag gaçylaryny we suwy sazlaýjy desgalary abatlamak boýunça meýilnamalaýyn işler alnyp barylýar.
Köpetdagyň eňňitlerinden akyp gelýän suwlary toplamak boýunça şu günlerki çäreler goşmaça suw serişdelerini döretmäge mümkinçilik berer. Şeýle hem dag eteklerinde gurulýan we bar bolan suw howdanlary dagdan inýän suw akymlarynyň öňüni almak bilen bir hatarda, ilatly ýerleri, halk hojalyk desgalaryny we ekerançylyk meýdanlaryny suw basmagyndan goramagy hem üpjün etjekdigini nygtap geçmek gerek. Köpetdagyň dag eteginde eýýäm şeýle suw howdanlarynyň birnäçesi guruldy we ýurdumyz üçin möhüm bolan bu iş her ýylda has ýokary depginlerde alnyp barylýar.
Ýurdumyzyň Syw hojalyk ministrliginiň düzümleri hormatly Prezidentimiz Gurbanguly Berdimuhamedowyň öňde goýan wezipelerini çözmek bilen, Ahal welaýatynyň Kaka etrabynda Gozgançaý derýasynda täze suw howdanynyň gurluşygyny tamamlap barýar. Sil suwlaryny toplamak üçin niýetlenen bu emeli suw howdanynyň möçberi 5,2 million kub metre barabardyr, munuň özi ýerleriň 1,5 müň gektara çenlisini suw bilen üpjün etmäge mümkinçilik berer. Ýerli ilaty agyz suwy bilen üpjün etmek üçin howzuň göwrümi bolsa 500 müň kub metre barabardyr.
Daşoguz welaýatynyň Köneürgenç etrabynda hem göwrümi 20,5 million kub metr bolan täze suw howdany gurulýar. Balkan welaýatynda Mämmetköl suw howdanynyň göwrümini giňeltmek boýunça işler dowam edýär.
Amyderýada kenarlary berkitmek, akym ugruna düzediş girizmek, gaçylary abatlamak boýunça çäreler geçirilýär. Häzirki wagtda Mary welaýatynda “Zähmet-Türkmengala” abzal ýabynyň durky täzelenýär, onuň suw göteriji beketlerinde dünýäniň esasy önüm öndürijilerinden getirilen täze kuwwatly suw sorujylary oturdylar. Bu ugurda Lebap welaýatynda durmuşa geçirilen has iri taslamalaryň hatarynda täze Ýylgynagyz baş abzal ýabynyň durkuny täzelemek bar. Toplum 35 kub metr geçirijiligi bolan täze suw sorujy bekedi, 50 kilometr suw akabasynyň 6 sany göterimlerinde Amyderýanyň suwuny bermegiň kuwwatly tehnologiki ulgamyny özünde jemleýär, munuň özi Amyderýanyň sag kenarynda ekerançylyk meýdanlaryny giňeltmäge mümkinçilik berdi.
Şunuň bilen bir hatarda, ýurdumyzyň welaýatlarynda ýerasty we suwaryş ulgamlaryny arassalamak boýunça işler alnyp barylýar, munuň özi agrotehniki çäreleriň netijeliligini ýokarlandyrmaga, gowaça ekmek üçin taýýarlanylan ekerançylyk ýerlerinde ýuwuş suwuny tutmaga, möhüm oba hojalyk ekinleriniň ýokary hasylyny almaga ýardam berer.
Ýerleriň hasyllylygyny üpjün etmek we ýokarlandyrmak, ony ikinji gezek şorlamakdan gorap saklamak miraplaryň möhüm aladalarynyň biridir. “Altyn asyr” Türkmen kölüniň birinji nobatdakysynyň ulanmaga berilmegi bilen welaýatlardan ýerasty suwlary alyp gaýdýan zeýkeşler bir bitewi ýokary netijeli ulgama birikdirildi. Şonuň netijesinde suwarymly ýerleriň melioratiw ýagdaýy gowulandyrylýar, ýerasty suwlaryň has pesde ýerleşen suw akabalaryna akdyrylmagynyň öňi alynýar. Bu çäreler Türkmenistanda we tutuşlygyna alnanda sebitde ekologiýa ýagdaýyny gowulandyrmaga ýardam edýär. Bu ägirt uly taslamanyň ikinji nobatdakysynyň desgalaryny gurmak dowam edýär, munuň özi ýerasty suwlary oba hojalygynyň hajatlary üçin gaýtadan peýdalanmagyň ägirt uly mümkinçiliklerini açýar. Bu bolsa Orta Aziýada suw çeşmeleriniň çäkliligini nazara alanyňda aýratyn möhümdir. Ýerasty zeýkeş suwlaryny ikilenç ulanmak meselelerini çözmekde Türkmenistan sebitlde mynasyp görelde görkezýär.
Hormatly Prezidentimiz Gurbanguly Berdimuhamedowyň başyny başlan, obasenagat toplumynda ýaýbaňlanan özgertmeleriň çäklerinde Türkmenistanyň Suw hojalyk ministrliginiň maddy-enjamlaýyn binýadyny pugtalandyrmaga aýratyn üns berilýär. Bu gün miraplaryň ygtyýarynda esasy dünýä önüm öndürijiler bolan “Katerpiller”, “Komasu” we “ÇTZ” kompaniýalaryndan getirilen ýokary öndürijilikli buldozerler, ekskowatorlar, awtoulag hem-de beýleki enjamlar we tehnika bar.
Tehniki taýdan ýokary derejedäki üpjünçilik damjalaýyn we ýagyş görnüşinde suwarmak ýaly suwdan peýdalanmagyň geljegi uly ugurlarynyň hem-de döwrebap usullarynyň netijeliligini ýokarlandyrmaga mümkinçilik berýär, olar eýýäm Türkmenistanyň ekerançylyk meýdanlarynda öz netijeliligini görkezdi we suwdan ylmy taýdan esaslandyryp peýdalanmagynyň hasabyna onuň sarp edilişini ep-esli azaltmaga ukyplydyr. Munuň özi bolsa häzirki döwrüň möhüm wezipelerini çözmegiň ýollarynyň biridir.
Türkmen halky köpasyrlyk taryhynyň bütin dowamynda suwa gymmatly hazyna, ýaşaýyş çeşmesi hökmünde garap gelýär, suwa aýawly çemeleşmek hakyndaky sargytlar nesilden-nesle geçirilip gelinýär, suwuň her bir damjasy altyn dänesine deňelýär. Berkarar döwletimiziň bagtyýarlyk döwründe suw pudagyna öňdebaryjy dünýä tejribesini ornaşdyrmak, suw serişdelerini netijeli hem-de rejeli peýdalanmagy üpjün etmek maksady bilen görülýän çäreler hormatly Prezidentimiz Gurbanguly Berdimuhamedow tarapyndan ýurdumyzyň obasenagat toplumynyň ägirt uly kuwwatyny durmuşa geçirmek, oba hojalyk önümlerini öndürmegiň möçberlerini artdyrmak, azyk bolçulygyny üpjün etmek we ahyr netijede, Türkmenistanyň ykdysady kuwwatyny pugtalandyrmak, halkymyzyň maddy hal - ýagdaýyny ýokarlandyrmak baradaky wezipeleri üstünlikli çözmäge ýardam edýär.