Ï Türkmenistanyň Diplomatik işgärleriniň gününe bagyşlanýar
mail-icon
altynasyr.newspaper@sanly.tm
EN RU TK

Türkmenistanyň Diplomatik işgärleriniň gününe bagyşlanýar

view-icon 759
Mälim bolşy ýaly, hökümetiň 13-nji fewralda geçirilen mejlisinde hormatly Prezidentimiz Gurbanguly Berdimuhamedowa Türkmenistanyň Diplomatik işgärleriniň däp boýunça her ýylda ýurdumyzda 18-nji fewralda bellenilýän gününe taýýarlyk görmegiň çäklerinde birnäçe çäreleriň geçiriljekdigi barada hasabat berildi. Şolaryň hatarynda daşary döwletleriň ýurdumyzdaky diplomatik wekilhanalarynyň we halkara guramalarynyň arasynda geçiriljek sport ýaryşlaryny görkezmek bolar.

Şu gün türkmen dipllomatlarynyň hünär baýramçylygy mynasybetli Türkmenistanyň Daşary işler ministrliginiň Halkara gatnaşyklary institutynyň sport toplumynda daşary döwletleriň ýurdumyzdaky diplomatik wekilhanalarynyň we halkara guramalarynyň arasynda woleýbol boýunça ýaryş başlandy. Bu ýaryş Birleşen Milletler Guramasynyň düzümleriniň, Russiýa Federasiýasynyň, Amerikanyň Birleşen Şatatlarynyň, Eýran Yslam Respublikasynyň ilçihanalarynyň toparlary, şeýle hem iki sany ýygyndy topar gatnaşýar. Şol ýygyndy toparlaryň birine Ukrainanyň, Belarusuň, Ermenistanyň we Özbegistanyň, beýleki topara bolsa Täjigistanyň, Malaýziýanyň we Türkiýäniň ilçihanalarynyň işgärleri goşuldylar.

Toparlaryň arasyndaky bäsleşikleriň netijeleri boýunça ertir, 17-nji fewralda geçiriljek jemleýji ýaryşda Russiýa Federasiýasynyň we Amerikanyň Birleşen Ştatlarynyň toparlary duşuşar.

Üçünji orny Belarusuň topary eýeledi.

Ýaryşyň ýeňijisine kubok, ikinji we üçünji orunlary eýelän toparlara bolsa ýadygärlik sowgatlary gowşurylar.

Ertir, 17-nji fewralda Türkmenistanyň Daşary işler ministrliginiň Halkara gatnaşyklary institutynda ýurdumyzyň diplomatlarynyň 2009-njy ýylda hormatly Prezidentimiz Gurbanguly Berdimuhamedowyň Permany boýunça esaslandyrylan hünär baýramçylygyna bagyşlanyp maslahat, sergi we konsert guralar.