Şu gün hokkeý boýunça Türkmenistanyň Prezidentiniň Kubogy ugrundaky halkara ýaryşlarynyň final bäsleşiklerinde duşuşmaly toparlar kesgitlendi. Ýaryşyň baş baýragy ugrundaky bäsleşikde “Şir” topary bilen “Oguzhan” topary öz aralarynda bäsleşerler.
Sportuň gyşky görnüşleri boýunça toplumyň buzly meýdançasynda şu gün “Şir” topary “Galkan” topary bilen duşuşdy. Ilkinji hokeý topuny “Galkan” topary geçiren hem bolsa, ony eminler özara maslahatlaşyp, oýunlaryň wideo görnüşlerine seredip tassyk etdiler. Munuň özi “Şir” toparynyň oýunçylarynyň ruhdan düşürmedi. Olaryň ýeňşe bolan ynamy we sazlaşykly oýny 3:1 hasabynda ýeňiş gazanmagyny şertlendirdi.
Hokkeý boýunça Türkmenistanyň birinji çempionatynyň 2013-2014-nji ýyllardaky möwsüminde “Galkan” topary altyn medal eýeläp, bäsdeşi “Şir” toparyny ikinji orna geçmäge mejbur etdi. Ol bäsleşikler Halkara ýaryşynyň öňüsyrasynda tamamlandy. Ine, indi bolsa, “Şir” topary öz garşydaşlaryna Türkmenistanyň Prezildentiniň Kubogy ugrundaky bäsleşikleriň final oýnuna çykmaga mümkinçilik bermedi.
Ýaryşyň ikinji ýarym finalynda “Oguzhan” Russiýanyň Almetýewsk şäherinden bolan we iň güýçlüleriň biri hasaplanýan “Neftýanik” topary bilen duşuşdy. Bu topar Türkmenistanyň Prezidentiniň Kubogy ugrundaky geçen ýylky bäsleşikde ýaryşyň bürünç medalyny eýeläpdi. Bu gezek russiýaly hokkeýçiler üçünji ýer ugrunda göreşmeli boldular. Çünki “Ogazhan” bu topary 2:1 hasabynda ýeňmegi başardy.
Şeýlelikde, 17-nji fewralda ýaryşyň üçünji ýeri ugrundaky göreş “Galkan” bilen “Neftýanik” toparynyň arasynda bolar. Türkmenistanyň Prezidentiniň Kubogyny eýelemek ugrundaky bäsleşikde “Şir” topary bilen “Oguzhan” topary oýnar.