Ï Türkmenistanda sportuň olimpiýa görnüşleri ösdürilýär
mail-icon
altynasyr.newspaper@sanly.tm
EN RU TK

Türkmenistanda sportuň olimpiýa görnüşleri ösdürilýär

view-icon 1236
Türkmenistanyň Prezidenti Gurbanguly Berdimuhamedow hokkeý boýunça Halkara ýaryşynyň jemleýji oýunlarynyň hormatly myhmany boldy

Şu gün Türkmenistanyň Prezidenti Gurbanguly Berdimuhamedow gyşky oýunlar sport toplumyna bardy. Bu ýerde hokkeý boýunça Türkmenistanyň Prezidentiniň Kubogy ugrundaky halkara ýaryşynyň jemleýji oýunlary geçirildi.

Ýurdumyzda halkara derejesinde indi ikinji gezek geçirilýän Kubok ugrundaky hokkeý oýunlaryna Russiýadan, Ukrainadan, Belarusdan, Gazagystandan we Türkmenistandan toparlaryň sekizisi gatnaşdy.

Hormatly Prezidentimiziň Kararyna laýyklykda, Türkmenistanyň Sport baradaky döwlet komitetiniň hem-de Milli hokkeý merkeziniň bilelikde guramagynda geçirilýän ýaryşyň ýeňijilerine Kubok, medallar we pul baýraklary gowşurylýar. Ýeňijiler üçin pul baýraklarynyň umumy möçberi ABŞ-nyň 35 müň dollaryna barabardyr. Şunda birinji orna düşen topar ABŞ-nyň 20 müň dollaryna mynasyp bolar. Ikinji orun üçin ABŞ-nyň 10 müň dollary, üçünji orna düşen topara bolsa 5 müň amerikan dollary gowşurylýar.

Ozal habar berlişi ýaly, ýaryşyň ýarym final bäsleşiklerine Türkmenistanyň “Galkan”, “Oguzhan” we “Şir”, Russiýanyň Almetýewsk şäheriniň “Neftýanik” toparlary çykdylar. Bu duşuşyklarda ýeňiş gazanan “Oguzhan” we “Şir” toparlary halkara ýaryşynyň jemleýji bäsleşiginde hokkeý boýunça Türkmenistanyň Prezidentiniň Kubogynyň eýesi bolmak ugrundaky aýgytlaýjy duşuşygy geçirmäge hukuk gazandylar.


Şu gün bu ýerde final oýunlaryna başlanmazdan öňürti “Galkan” topary bilen Russiýanyň “Neftýanik” hokkeý topary üçünji orun ugrunda bäsleşdi. Ýeri gelende aýtsak, “Neftýanik” hokkeý boýunça Türkmenistanyň Prezidentiniň Kubogy ugrundaky geçen ýylky geçirilen bäsleşik ikinji orna mynasyp bolupdy.

Bu ýyl bolsa çekeleşikli geçen bäsleşikleriň netijesinde Russiýanyň “Neftýanigi” üçünji orny eýeläp, bäsleşigiň bürünç medalyna hem-de baýrak gaznasynyň 5 müň amerikan dollaryna mynasyp boldy. Olar türkmen hokkeýçileri bilen geçiren duşuşygyny 5:2 hasabynda ýeňiş bilen tamamladylar.

... Paýtagtymyzdaky gyşky oýunlar sport toplumynda şu günler hokkeý bäsleşikleri örän çekeleşikli ýagdaýda geçdi. Birnäçe ýyl mundan ozal türkmenistanlylar hokkeý oýnamagy arzuw eden bolsalar, Berkarar döwletimiziň bagtyýarlyk döwründe hormatly Prezidentimiz Gurbanguly Berdimuhamedowyň tagallasy netijesinde milli sport hereketi giň gerime eýe boldy.

Häzirki döwürde Türkmenistanyň her bir raýaty iň döwrebap sport toplumlarynda sportuň dürli görnüşleri bilen meşgullanyp bilýär. Awtomobil, welosiped sporty, küreklemek we beýleki görnüşler täzeden dikeldildi. Mundan başga-da, türkmen ýaşlary sportuň gyşky görnüşleri bilen işjeň meşgullanyp başladylar. Şeýle hem olar halkara derejesinde geçirilýän ýaryşlarda tejribeli hokkeý toparlary bilen mynasyp bäsleşýärler. Hokkeý boýunça Türkmenistanyň Prezidentiniň Kubogy ugrundaky geçen ýyl geçirilen bäsleşikde “Oguzhan” toparynyň şowly çykyş edip, ikinji orna düşmegi munuň aýdyň subutnamasydyr.

Mälim bolşy ýaly, hokkeý boýunça ýetginjekleriň arasynda geçirilýän Türkmenistanyň Prezidentiniň Kubogy ugrundaky ilkinji ýaryş döwlet Baştutanymyzyň Kararyna laýyklykda ýola goýuldy. Bu bäsleşik ýurdumyzda köpçülikleýin sporty ösdürmek, bedenterbiýäni we sagdyn durmuş ýörelgelerini yzygiderli alyp barmak, beden taýdan sagdyn we ruhy taýdan kämil nesili kemala getirmek maksady bilen guralýar.

Hokkeý boýunça Türkmenistanyň Prezidentiniň Kubogy ugrundaky ilkinji milli ýaryş ýurdumyzda sportuň bu görnüşiniň ösüşiniň hil taýdan täze ugruny kesgitledi. Bu ýaryşlaryň öňüsyrasynda hokkeýçiler tejribeli tälimçileriň ýolbaşçylygynda ýokary derejedäki taýýarlygy geçdiler. Munuň özi hormatly Prezidentimiz Gurbanguly Berdimuhamedowyň milli sport hereketini döwlet syýasatynyň ileri tutulýan ugurlarynyň biri hökmünde kesgitlemeginiň miwesidir.

Milli Liderimiziň şu ýylyň 7-nji fewralynda Soçi şäherinde geçirilen XXII gyşky Olimpiýa oýunlarynyň açylyş dabarasyna gatnaşmagy ýurdumyzda sportuň ösdürilmegine, bu ulgamda halkara gatnaşyklarynyň netijeli häsiýete eýe bolmagyna ägirt uly ähmiýet berilýändiginiň aýdyň subutnamasydyr.

Ählumumy möçberde geçirilýän ägirt uly sport dabaralaryna gatnaşmaga hormatly Prezidentimiziň çagyrylmagy ýurdumyzda Aziýada-2017-ä taýýarlyk babatynda has-da ähmiýetlidir. Döwlet Baştutanymyzyň gyşky Olimpiýadanyň açylyş dabarasyna gatnaşmagy ýurdumyzyň ýaş hokkeýçileriniň we buzda figuralaýyn typmak boýunça meşgullanýanlaryň ruhuny göterdi. Ýakynda hokkeý boýunça 2013-2014-nji ýyllaryň möwsüminiň Türkmenistanyň ilkinji çempionaty tamamlandy. Şonda “Galkan” topary ynamly ýeňiş gazandy. Şu ýylyň ýazynda bolsa hokkeý boýunça Türkmenistanyň Kubogyny almak ugrundaky ilkinji ýaryşlar geçiriler.

Sportuň bu görnüşi ýurdumyzda sazlaşykly ösdürilýär we oňat enjamlaşdyrylan ygtybarly binýady emele döredildi. Aşgabatda halkara ýaryşlarynyň geçirilmegi we oňa öňdebaryjy hokkeý toparlarynyň işjeň gatnaşmagy munuň şeýledigini aňladýar.

...Sport toplumynda bu gün aýratyn baýramçylyk dabarasy dowam edýär. Dabaraly waka mynasybetli bu ýere Türkmenistanyň Mejlisiniň ýolbaşçylary, ýurdumyzyň hökümet agzalary, harby we hukuk goraýjy edaralaryň ýolbaşçylary, daşary ýurtlaryň Türkmenistanda işleýän wekilhanalarynyň baştutanlary, daşary ýurtlaryň işewür toparlarynyň, ýurdumyzyň jemgyýetçilik guramalarynyň, köpçülikleýin habar beriş serişdeleriniň wekilleri, köpsanly myhmanlar we paýtagtymyzyň ýaşlary ýygnandylar.

Sport toplumynyň münberlerindäki köpsanly tomaşaçylar Türkmenistanda köpçülikleýin bedenterbiýe-sagaldyş hereketini we ýokary netijeli sporty görlüp-eşidilmedik derejede çalt depginler bilen ösdürmegiň başyny başlan we ruhlandyryjysy milli Liderimizi şowhunly el çarpmak bilen garşyladylar.

Türkmenistanyň Döwlet senasy dabaraly ýaňlanýar.

Soňra buzly meýdançada joşgunly aýdymyň ýaňlanmagynda Sport baradaky döwlet komitetiniň sport mekdebinde tälim alýanlar şowhunly çykyş edýärler. Olaryň buzly meýdançada ilkinji ädimleri ädenine entek köp wagt geçenok, bu gün sagdyn we sport toplumynyň buzly meýdançasynda birgeňsi hereket edýän ýaş türgenler çylşyrymly çykyşlary ynamly ýerine ýetirip, figuralaýyn typmagyň dürli usullaryny görkezýärler. Örän bezemen lybasly bu ýaşlaryň joşgunly tanslarynda haly gölüniň şekilleri emele gelip, olaryň bagtyýar ykbaly, ýaşlygyň şadyýanlygy we ajaýyp geljegine ynamy äşgär duýulýar.

Şu günki jemleýji hokkeý ýaryşy mynasybetli guralan dabaranyň alyp baryjysy hormatly Prezidentimizi we jemleýji oýunlara gatnaşyjylary ýetip gelýän Döwlet baýdagynyň güni we bu baýramçylyga bagyşlanan dabaralar bilen gutlady hem-de şu günki ýaryşda çykyş edýän toparlary yglan etdi.

Buzly meýdança Türkmenistanyň Prezidentiniň Kubogyny almak ugrundaky halkara ýaryşynyň esasy baýragyny almak ugrunda bäsleşmek miýesser eden toparlar -- gök geýimde “Oguzhan” we ak geýimdäki “Şir” toparynyň hokkeýçileri çykdylar.

Şeýle hem şu günki bäsleşige eminlik edýän topar yglan edildi. Olar Russiýadan, Belarusdan we Gazagystandan gelen halkara derejeli tejribeli eminlerdir.

Şeýlelikde, meýdançanyň merkezinde bäsleşik başlandy. Hokkeýçiler münberlerdäki tomaşaçylaryň şowhuny astynda garşydaşlarynyň derwezelerine tarap hüjüm edip başladylar. Oýun örän işjeň ýagdaýda başlandy. Hokkeýçileriň ýeňşe bolan ynamy, olaryň erjelligi äşgär duýuldy.

“Şir” toparynyň hokkeýçileri has-da işjeň hereket edip başladylar. Olar garşydaşlarynyň derwezeleriniň öňünde çylşyrymly pursatlary emele getirdiler we dessine goranyşa geçmegi başardylar. Hokkeýçileriň erjelligi, olaryň ýeňşe bolan ynamy oýnuň has-da gyzykly bolmagyny üpjün etdi.

Oýnuň birinji tapgyrynyň ikinji ýarymynda “Oguzhan” amatly pursatlardan netijeli peýdalanmagy başardy we tapgyryň tamamlanmagyna birnäçe minut galanda garşydaşynyň derwezesine ilkinji hokkeý topuny girizdi.

Hasabyň açylmagy oýnuň has-da çylşyrymly häsiýete eýe bolmagyny şertlendirdi. Hokkeý topy derwezeleriň agzynda birnäçe gezek çylşyrymly pursatlary emele getirdi. Ýöne hasap üýtgemedi. Toparlar “Oguzhanyň” bir utuk artykmaçlygynda arakesmä çykdylar.

Oýnuň ikinji tapgyrynyň ilkinji minutlaryndan başlap, “Şir” toparynyň hokkeýçileri erjellik görkezip başladylar. Olar garşydaşlarynyň derwezesine hokkeý topuny girizmek üçin elinde baryny etdiler. Şeýlelikde, “Şir” “Oguzhan” toparynyň derwezesine bir hokkeý topuny girizip, hasaby deňlediler.

Şeýle netije gazanan “Şir” oýnunyň depginini has-da ýokarlandyrdy. Olar köplenç garşydaşlarynyň derwezeleriniň agzynda oýnadylar we birnäçe hüjümleri amala aşyrdylar. Şeýlelikde, “Şir” toparyna öňe saýlanmak başartdy. Olar hasaby 2:1 derejä ýetirdiler we ol duşuşygyň ahyryna çenli üýtgemedi. Oýnuň üçünji tapgyryň ahyrynda “Oguzhan” topary derwezeçini çykaryp, oňa derek ýene-de bir oýunçyny girizdiler we olar alty bolup oýnap başladylar. Ýöne, munuň özi netije bermedi. Toparlaryň ikisi hem hokkeý boýunça Türkmenistanyň Prezidentiniň Kubogyna mynasyp bolmaga çalyşdylar. Ýöne bäsleşigiň öz kadasy bar. Onuň ýeňijisi bolaýmaly.

Tutuşlygyna alnanda, oýun örän gyzykly we çekeleşikli boldy. Iki toparyň hem oýunçylary erjellik görkezdiler we zerur bolan pursatda artykmaçlyk gazanmak ugrunda işjeňlik görkezdiler. Olar agzybirlikli oýnuň çylşyrymly pursatlaryny ýerine ýetirdiler.

“Şir” we “Oguzhan” toparlarynyň hokkeýçileri birnäçe amatly pursatlary emele getirdiler we oýnuň barşynda erjellikligini görkezdiler. Birek-birek bilen sazlaşykly oýnan hokkeýçiler ýokary tizlik görkezip, örän işjeň hüjümleri amala aşyrdylar. Olaryň ýerine ýetirýän kuwwatly urgulary, ýokary tizlikdäki hereketleri tomaşaçylar tarapyndan gyzgyn garşylandy.

Toparlaryň hokkeýçileri her hili pursatlara garamazdan, yza çekilmediler we hokkeý topuny ynamly saklap, okgunly hüjüme geçdiler. Hokkeýçileriň oýunlary birnäçe çylşyrymly ýagdaýlary emele getiren hem bolsa, olar kadadan çykmadylar. Hokkeýçileriň batyrgaý hereketleri tomaşaçylarda uly täsir galdyrdy.

Oýnuň ahyrynda hokkeý topy bir derwezeden beýlekä tarap yzygiderli hereket etdi. Ýöne hasap üýtgemedi. Şeýlelikde, bäsleşik 2:1 hasabynda “Şiriň” peýdasyna tamamlandy.

Bu gün baýramçylyk dabarasynyň ilkinji pursadyndan başlap, tä ahyryna çenli Sport toplumynda ruhubelent ýagdaý dowam etdi. Münberlerdäki köpsanly tomaşaçylaryň her biri şol toparlaryň nyşanlary dokalan şarflary oranyp, baýdaklary pasyrdadyp, öz toparlaryny goldadylar. Bu joşgunly ýagdaý diňe bir duşuşygyň barşynda ýaýbaňlanan çekeleşikli bäsleşik mahalynda däl-de, arakesmede şowhunly estrada aýdymçylary, ýaş ýerine ýetirijiler sport toplumynda belent owaza beslenen aýdym-sazlary ýerine ýetirdiler.

Toparlaryň oýunlary tamamlanandan soň, hokkeýçiler buzly meýdançada hatara düzüldiler.

Bu günki sport baýramçylygyny alypbaryjy hokkeý boýunça Türkmenistanyň Prezidentiniň Kubogy ugrundaky halkara ýaryşlarynyň ýeňijilerini yglan edýär. Şowhunly el çarpyşmalaryň astynda üçünji orna mynasyp bolan Russiýa Federasiýasynyň Almetýews şäheriniň “Neftýanik” toparyna ýaryşyň bürünç medaly, ABŞ-nyň 5 müň dollary möçberindäki pul baýraklary we ýadygärlik sowgatlary gowşurylýar. Ikinji orna bolsa “Oguzhan” topary mynasyp boldy. Bu toparyň hokkeýçilerine kümüş medal, ABŞ-nyň 10 müň dollary we ýadygärlik sowgatlar gowşuryldy. Soňra alyp baryjy tomaşaçylaryň şowhunly el çarpyşmalary astynda hokkeý boýunça Türkmenistanyň Prezidentiniň Kubogy ugrundaky ýaryşyň ýeňijisini yglan edýär. “Şir” toparynyň hokkeýçilerine bäsleşigiň Kubogy, altyn medal we ABŞ-nyň 20 müň dollary möçberindäki pul baýraklary dabaraly ýagdaýda gowşuryldy.

Şeýlelikde “Şir” topary Türkmenistanyň Prezidentiniň Kubogynyň eýesi hökmünde türkmen hokkeýiniň senenamasyna girdi, ýurdumyz üçin sportuň bu täze görnüşiniň has-da meşhurlyk gazanjakdygyny göz öňünde tutanyňda, şol ýaryşyň taryhynyň uzak we gyzykly boljakdygyny aýtsa bolar.

Mynasyp bolan altyn öwüşginli Kubogy elden-ele geçirýän hokkeýçiler gyşky oýunlar boýunça Sport toplumynyň buzly meýdançasynda ýeňiş aýlawyny ýerine ýetirýärler. Olaryň ajaýyp oýunlaryna tomaşa edenler yzy üzülmeýän el çarpyşmalar arkaly hoşallyklaryny bildirdiler.

Dabaranyň ahyrynda hormatly Prezidentimiz Gurbanguly Berdimuhamedow ýaryşyň baş baýragyna mynasyp bolan hokkeýçileri gutlady. Milli Liderimiz ýeňijileri sylaglamak dabarasy tamamlanandan soň, bu ýerden ugrady.

Mälim bolşy ýaly, türkmen döwletiniň Baştutany Gurbanguly Berdimuhamedow saglygy goraýyş ulgamyny we köpçülikleýin bedenterbiýe-sagaldyş hereketini hem-de sportuň ýokary gazananlaryny, şol sanda sportyň olimpiýa görnüşlerini höweslendirmek bilen bagly meselelere elmydama içgin üns berýär. Milli Liderimiz sagdyn durmuş ýörelgesine eýerip we ony wagyz etmek arkaly, watandaşlarymyza, ilkinji nobatda bolsa ýaşlara şahsy görelde görkezýär hem-de adam, onuň saglygy we abadançylygy baradaky aladany döwlet syýasatynda ileri tutulýan esasy ugurlaryň hataryna çykardy. Türkmenistanyň Prezidenti tarapyndan tassyklanan “Türkmenistanda 2011-2020-nji ýyllarda bedenterbiýäni we sporty goldamak hem-de ösdürmek boýunça milli maksatnamasy” ýurdumyzda sportuň ösdürilmegine degerli ýardam bermelidir.

Häzirki wagtda ýurdumyzda milletiň saglygynyň pugtalandyrylmagyna, türkmenistanlylaryň berk bedenli we ruhy taýdan baý ýaş nesliniň terbiýelenip ýetişdirilmegine ýardam berýän döwrebap düzüm döredilýär. Ýerlerde kämil enjamlar bilen üpjün edilen dürli sport desgalary – stadionlar, aýlawlar we beýleki sport binalary guruldy we bularyň gurluşygy dowam etdirilýär, şol desgalarda bedenterbiýe we sport bilen netijeli meşgullanmak üçin ähli zerur şertler döredildi. "Türkmenistanyň Prezidentiniň obalaryň, şäherçeleriň, etrapdaky şäherleriň we etrap merkezleriniň ilatynyň durmuş-ýaşaýyş şertlerini özgertmek boýunça 2020-nji ýyla çenli döwür üçin Milli maksatnamasyny" durmuşa geçirmegiň çäklerinde, 75 müň orunlyk sport mekdepleriniň 200-den gowragyny, sport desgalarynyň 100-den gowragyny gurmak, şeýle hem hereket edýän sport desgalarynyň 70-siniň durkuny täzelemek göz öňünde tutuldy.

Ýeri gelende aýtsak, häzirki wagtda ýurdumyzda gurulýan bilim we mekdebe çenli çagalar edaralarynyň ählisiniň taslamalaryna döwrebap enjamlar bilen üpjün edilen sport zallary, basketbol we woleýbol meýdançalary, suwa düşülýän howuzlar, tennis meýdançalary we beýlekiler hökmany suratda nazara alynýar.

Aziýanyň Olimpiýa Geňeşiniň çözgüdi boýunça Merkezi Aziýa sebitinde Aşgabadyň ilkinji bolup, 2017-nji ýylda ýapyk binalarda we söweş sungaty boýunça V Aziýa oýunlaryny geçirmäge hukuk gazanmagy hem Türkmenistanyň saglygy goramak we sporty ösdürmek boýunça ýöredýän syýasatynyň üstünlikli amala aşyrylýandygyny aýdyň görkezýän subutnamadyr. Aşgabatdaky örän uly we döyrebap Olimpiýa şäherjigi Aziada –2017-niň geçiriljek ýerine öwrüler, bu ýerdäki desgalaryň sany 30-dan geçýär.

Şol taslamany amala aşyrmak üçin ABŞ-nyň 5 milliarda golaý dollary gönükdirildi. Desgalaryň birnäçesi eýýäm ulanmak üçin dolulygyna taýýar edildi, olaryň arasynda köpugurly sport zaly, köpçülikleýin habar beriş serişdeleriniň wekilleri üçin niýetlenen we 800 orunlyk metbugat merkezi bolan kaşaň myhmanhana, Işewürlik merkezi we tomaşaçylar üçin 5 müň orunlyk münberler we beýlekiler bar. 15 müň orunlyk münberli welotregiň gurluşygy tamamlanyp barýar.

Bu köpugurly toplumda ýokary derejeli halkara ýaryşlaryny geçirmek üçin ähli şertler dörediler, şeýle hem sportuň dürli görnüşleri boýunça milli ýygyndy toparlaryny we olimpiýaçylary taýýarlamak üçin köpugurly binýat bolar.

Türkmenistanda 2017-nji ýylda geçiriljek Aziýa oýunlaryna taýýarlyk görmek boýunça ýaýbaňlandyrylan işler sporty ösdürmek, türgenleri taýýarlamak we döwrebap sport düzümini döretmek üçin örän möhüm ähmiýete eýedir. Şunuň ýaly derejedäki oýunlar Türkmenistanda ilkinji gezek geçiriler. Şoňa görä-de, oňa taýýarlyk görmegiň barşynda bu ugurda dünýäde toplanan iň oňat tejribe öwrenilýär. Bu işe Olimpiýa oýunlarynyň, beýleki iri sport ýaryşlarynyň guralmagyna gatnaşan belli daşary ýurt kompaniýalary we bilermenler çekildi.

Tutuş ýurdumyz boýunça türgenler üçin maddy-enjamlaýyn binýat giňeldilýär. Her ýylda täze sport desgalarynyň onlarçasy, şol sanda göwnejaý üpjün edilen sport mekdepleri we stadionlar gurulýar, bu ýerlerde şäherleriň we obalaryň ýaşlarynyň sport bilen meşgullanmagy üçin ähli mümkinçilikler döredilýär.

Aprel aýynda şolaryň binýadynda “Sagdynlyk we bagtyýarlyk” atly biraýlyk köpçülikleýin çäre geçiriler. Hormatly Prezidentimiz sport hereketine baştutanlyk edip, onuň ählihalk häsiýetine eýe bolmagyna badalga berýär hem-de diňe bir beden taýdan taplanmak we ajaýyp netijeler gazanmak bilen çäklenmän, şahsyýeti sazlaşykly ösdürmegiň anyk göreldesini görkezýär. Şunda ilkinji nobatda adamyň ruhy, ahlak dünýäsi, ýörelgeleri möhüm ähmiýete eýe bolmalydyr hem-de ata Watanymyza söýgä, onuň has-da kuwwatlanmagynyň we abadançylygynyň maksat edinilmegine esaslanmalydyr.

Şeýlelikde, sport-sagaldyş hereketine tutuş ýurdumyz goşulyşýar hem-de munuň özi Berkarar döwletimiziň bagtyýarlyk döwrüniň ýörelgelerine eýermekde türkmenistanlylary has-da jebisleşdirýär.

Şol ýörelgeler bolsa sagdyn durmuşa, parahatçylyga we dostluga, jebislige we agzybirlige, döredijilige we rowaçlyga esaslanýar.