Türkmen tennisçileri şu gün Dewisiň Kubogy ugrunda Malaýziýanyň Kuçing şäherinde geçirilýän ýaşlaryň arasyndaky (16 ýaşdan uly bolmadyk) saýlama ýaryşynda Gyrgyzystanyň komandasyndan 2:1 hasabynda üstün çykyp, ýeňiş bilen başladylar. Bu iň abraýly ýaryşyň indiki tapgyryna çykmak üçin çakylyklaryň ikisine eýe bolmak ugrunda dört topara bölünen 13 komanda bäsleşýär. Her topardan iki komanda güýçli “sekizligi” emele getirer. Olar olimpiýa ulgamy boýunça indiki tapgyra çykmak ugrundaky hukuga eýe bolmak üçin ýaryşarlar. Türkmenistan Saud Arabystanynyň we Gyrgyzystanyň komandalary bilen “C” toparynda çykyş edýär.
Ilkinji oýunda Saud Arabystanynyň ýygyndysy 3:0 hasabynda Gyrgyzystanyň wekillerini ýeňdiler. Soňra olar biziň tennisçilerimiz bilen duşuşdylar. Ýekeleýin derejedäki ilkinji duşuşykda ildeşimiz E.Jumaýew A.Mamatowdan 3:6, 2:6 hasabynda utulan hem bolsa, I.Barzasekow 35 minudyň içinde E.Tenizbaýewden 6:1, 6:0 hasabynda ynamly üstün çykdy we duşuşykda hasaby deňledi - 1:1. Jübütleýin duşuşykdaky aýgytlaýjy oýunda I.Barzasekow H.Çaryýew bilen bilelikde A.Mamatowdan we E.Tenizbaýewden 6:1, 6:3 hasabynda ýeňiş gazandy we Türkmenistanyň toparyna 2:1 hasabynda ýeňiş getirdiler.
Indi biziň tennisçilerimize Saud Arabystanynyň wekilleri bilen duşuşmak garaşýar. Bu oýnuň netijesinden ýaryşyň indiki tapgyryna toparda komandalaryň haýsysynyň birinji orundan, haýsysynyň bolsa ikinji orundan çykjakdygy belli bolar.