Ï “Ahal” topary – Türkmenistanyň Naýbaşy kubogynyň eýesi
mail-icon
altynasyr.newspaper@sanly.tm
EN RU TK

“Ahal” topary – Türkmenistanyň Naýbaşy kubogynyň eýesi

view-icon 874
>“Ahal” toparynyň futbolçylary Türkmenistanyň Naýbaşy kubogyna eýe boldy. Türkmenistanyň Nebitgaz senagaty we mineral serişdeleri ministrliginiň “Türkmennebitönumleri” baş müdirliginiň topary aýgytlaýjy duşuşykda ýurdumyzyň çempiony, Halkara türkmen-türk uniwersitetiniň futbol toparyny 4:2 hasabynda utmak bilen bu üstünlige mynasyp boldy.

Türkmenistanyň Futbol federasiýasynyň ýurdumyzyň çempionynyň we Kubogynyň eýesiniň arasynda geçirmek üçin döreden bu bäsleşikleri 2005-nji ýyldan bäri geçirilýär. Häzirki wagta çenli Naýbaşy kuboga “Balkan” we HTTU toparlarynyň hersi üç gezek we “Aşgabat” hem-de “Merw” toparlarynyň hersi bir gezek eýe boldular.

2014-nji ýylyň milli futbol möwsümini açan ýurdumyzyň çempionynyň we Türkmenistanyň Kubogynyň eýesiniň arasyndaky bu duşuşyk köpugurly “Aşgabat” stadionynda geçirildi. Ýurdumyzyň dört gezek çempiony bolan HTTU Naýbaşy kubogy almak ugrunda indi altynjy gezek güýç synanyşýar. Türkmenistanyň Kubogynyň eýesi bolan “Ahal” üçin bolsa bu ilkinji synanyşykdyr.

Türkmenisitanyň Naýbaşy kubogyny almak ugrundaky bäsleşik çekeleşikli boldy. Duşuşygyň 9-njy minutynda HTTU-nyň oýunçysy Nurýagdy Muhammedow bäsdeşleriniň derwezesine bir pökgüni geçirdi. Şondan 8 minut geçenden soň “Ahalyň” futbolçysy Serdaraly Ataýew hasaby deňlemegi başardy – hasap 1:1.

Duşuşygyň 35-nji minutynda “Ahal” topary jerime urgusyny urdy. Urgudan soň pökgi bäsdeşleriň oýunçylaryndan düzülen “diwara” degip, Ata Geldiýewiň aýagyna düşdi, ol bada-bat pökgüni urdy. Dürs urlan pökgi derwezä girdi. “Ahal” öňe saýlandy – 2:1. Ýöne bu hasap uzak swaklanmady. Arakesmä dört minut galanda Nurýagdy Muhammedow hasaby 2:2-ä ýetirdi.

Duşuşygyň ikinji ýarymy başlanan badyna – 47-nji minutda iki gezek sary kartoçka görkezilendigi üçin Farhat Italmazow oýundan çykaryldy we “Ahal” topary azlykda oýnamaly boldy. Emma şonda-da bu toparyň oýunçylary hüjüm etmegi dowam etdirdiler. Oýnuň 55-nji minutynda “Ahal” topary ýene-de jerime urmak hukugyna eýe boldy we Gahrymanberdi Çonkaýew dürs urup, hasaby 3:2-ä ýetirdi. HTTU-nyň derwezesine dördünji pökgüni oýnuň 84-nji minutynda “Ahalyň” oýunçysy Amir Gurbani geçirdi.

Oýnuň tamamlanmagyna üç minut galanda emin Çarymyrat Gurbanow HTTU-nyň hüjümçisi Suleýman Muhadowy oýundan çykardy. Emma bu duşyşygyň netijesine täsir ýetirmedi. “Ahal” 4:2 hasabynda utup, Türkmenistanyň Naýbaşy kubogyna eýe boldy. Toparyň şeýle üstünlik gazanmagy Türkmenistanyň at gazanan tälimçisi Ali Gurbaniniň zehinli tälimçiliginiň netijesidir, onuň ýolbaşçylygynda “Ahal” topary geçen ýyl Türkmenabat şäherinde Türkmenistanyň Prezidentiniň Kubogynyň iki gezek eýesi “Altyn asyr” toparyny final duşuşygynda 2:1 hasabynda utup, ýurdumyzyň Kubogyna mynasyp bolupdy.