Ï “Ahal” öňdebaryjynyň yzyndan ýetýär
mail-icon
altynasyr.newspaper@sanly.tm
EN RU TK

“Ahal” öňdebaryjynyň yzyndan ýetýär

view-icon 823
Şu gün köpugurly “Aşgabat” stadionynda “Ahal” we “Şagadam” toparlarynyň arasyndaky oýun bilen futbol boýunça Türkmenistanyň çempionatynyň üçünji tapgyry badalga aldy.

Deňiz ýakasyndaky Türkmenbaşy şäherinden gelen myhmanlar bu oýundan öň dört utuk bilen baýrakly üçlügiň ahyrky ornuny eýelediler. Türkmenistanyň naýbaşy kubogynyň eýesi “Ahal” topary bolsa bir utuk az gazanyp ýaryş sanawynda ýedinji orny eýeledi.

“Ahal” toparynyň oýunçylary oýna örän taýýarlykly çykdylar. Olar oýnuň bütin dowamynda oýna ynamly gözegçilik etdiler. Bu öz netijesini berdi. “Ahal” topary yzly-yzyna ikinji gezek ýeňiş gazandy we 6 utuk toplap, sanawyň öňdebaryjysy bolan paýtagtymyzyň “Altyn asyr” toparynyň yzyndan ýetmegi başardy.

Ýurdumyzyň çemponatynyň üçünji tapgyry 19-njy martda “Balkan” topary bilen “Talyp sporty “ toparynyň, “Altyn asyr” topary bilen Halkara türkmen-türk uniwersitetiniň toparynyň, “Aşgabat” topary bilen “Daşoguz” toparynyň we “Merw” topary bilen “Bagtyýarlyk-Lebap” toparynyň arasyndaky oýunlar bilen tamamlanar.