Ï Türkmenistanda Halkara bahar baýramy mynasybetli dabara geçiril
mail-icon
altynasyr.newspaper@sanly.tm
EN RU TK

Türkmenistanda Halkara bahar baýramy mynasybetli dabara geçiril

view-icon 2210
Şu gün Türkmenistanda Milli bahar baýramyna—Nowruz baýramyna bagyşlanan dabaralar geçirildi. Däp boýunça şu gündäki esasy wakalar Ahalyň dag etegindäki ýaýlasynda geçirildi, bu ýerler ýaz ýagşyndan soňra gök begrese büreldi.

Paýtagtymyzyň gündogar derwezesinden bu ýere çenli 20 kilometrden gowrak ýoly geçmeli. Bu gyşdan soňra janlanan üzüm meýdanlarynyň gapdalyndan geçýär. Bu üzümler günüň ýylysyny özüne siňdirip, bol hasyl getirer. Şol meýdanlaryň aňyrsynda bolsa Köpetdagyň belent gerişlerine tarap depeler, giňişlikler uzalyp gidýär.

“Ýaýla” meýdançasyna tarap ýoluň bir gapdalynda meşhurlyga eýe bolan depeleriň ikisi bar. Şol ýerde arheolog R.Pampelliniň ýolbaşçylygyndaky ekspedisiýanyň geçiren (diňe bir Türkmenistanda däl, eýsem tutuş Orda Aziýada ilkinji gezek) gazuw-agtaryş işleriniň barşynda bu künjeklerden köpsanly gymmatlyklardan başga-da, gadymy obalarda ýaşan adamlaryň taryhda ilkinji bolup bugdaý we arpa ösdürip ýetişderendigine hem-de bugdaýyň ak unundan çörek bişirendigine şaýatlyk edýän subutnamalar tapyldy. Şonda bu ekspedisiýanyň netijeleri ylym dünýäsi üçin uly açyş boldy, ylyma bolsa “Änew medenieti” diýen düşünje girdi. Änewiň günortasyndaky depede kömrüň gatlagynda saklanyp galan we mundan 110 ýyl ozal – 1904-nji ýylda ýüze çykyralan, 5 müň ýyllyk bugdaý däneleriniň galyndylary häzirki wagtda “Ak bugdaý” Milli muzeýiň gymmatlyklarynyň arasynda saklanýar. Müňýyllyklardan aşyp biziň günlerimize gelip ýeten bu däneler häzirki wagtda türkmen halkynyň abadançylygynyň, döredijilikli güýjüniň, zähmetsöýerliginiň we zehininiň aýdyň beýanyna öwrüldi.

Uly bahar baýramynyň geçirilýän ýerine tarap barýan mahalyňda şunuň ýaly pikirler döreýär. Biziň günlerimizde Nowruzyň adamzadyň taryhyna dolanmagynyň baýramy diýlip atlandyrylmagy ýöne ýerden däldir. Nowruz bize täzelenişi bagş edip, dünýäniň sazlaşygyny duýmaga, tebibat bilen birlikde döretmegi öwrenen ata-babalarymyzyň pähim-parasadyna ýüzlenmäge mümkinçilik döredýär. Şunuň bilen birliukde, Nowruz diňe bir bahary garşylap, janlanan topragyň berekediniň baýramy bolmak bilen çäklenmeýär. Nowruz parahatçylygyň, agzybirligiň, hoşniýetli goňşuçylygyň, halklaryň arasyndaky dostlugyň we özara düşünişmegiň beýanydyr. Hut şoňa görä-de, ol adamzadyň möhüm ähmiýetli we gymmatly baýramlarynyň biri bolup durýar hem-de 2010-njy ýyldan bäri Halkara Nowruz güni hökmünde bellenilýär.

Hoşniýetli goňşuçylyk, parahatçylyk we ynsanperwerlik ýaly asylly däpleri dowam ektdirijiler bolan halkymyz bu gadymy baýramy agzybirlikde garşylýar. “Bu bolsa Bitarap Watanymyzyň halkara hyzmatdaşlygynyň giňeldilmeginiň, häzirki zamanyň ählumumy meseleleriniň oňyn çözgüdini tapmakda dünýä bileleşiginiň tagallalarynyň birleşdirilmeginiň, Ýer ýüzünde parahatçylygy gorap saklamagyň tarapynda çykyş edýändigini ýene-de bir gezek aýdyň görkezýär” diýip, hormatly Prezidentimiz Gurbanguly Berdimuhamedowyň Milli bahar baýramy mynasybetli türkmen halkyna iberen gatlagynda aýdylýar.

...Dabaranyň geçirilýän ýerine barýan ýoluň iki tarapy bahara mahsus dürli reňkli baýdaklar bilen bezelipdir. Bularyň aňyrsynda haly düşelen sekili ak öýler, güller bilen bezelen beýik hiňňillikler, esasy sahna üçin uly ak öý, özboluşly ussahanalar, söwda dükanlary görünýär.Bir söz bilen aýdanyňda bu ýerde milli bahar baýramy mynasybetli dabara şäherjigi döredilýär.

Dürli öwüşginli älemgoşar görnüşinde bezelen “Ýaýla” meýdançasyna esasy girelgäniň ýanynda çagalar milli oýunlara şadyýanlyk bilen güýmenýärler. Hoşboý ysly tagamlar taýýarlanýar, dutaryň owazy we şadyýan sesler ýaňlanýar, bu ýagdaý türkmen obasynda tutulan toýy ýatladýar. Bu ýerdäki adamlar türkmen toýunyň başlanmagyna ruhubelentlik bilen garaşýarlar we gelen myhmanlary duz-çörek bilen garşylaýarlar.

Baýramçylyga gatnaşmak üçin gelenleriň arasynda Türkmenistanyň Ministrler Kabinetiniň Başlygynyň orunbasarlary, Mejlisiň, ministrlikleriň we pudak edaralarynyň, jemgyýetçilik guramalarynyň, ýurdumyzdaky diplomatik wekilhananaryň ýolbaşçylary, daşary ýurtly myhmanlar, ýurdumyzyň we daşary döwletleriň köpçülikleýin habar beriş serişdeleriniň wekilleri bar.

Köp öwüşginli we şadyýan türkmen toýy ýakymly owazyň ýaňlanmagy bilen, Täze günüň, Täze ýylyň gelendigini buşlaýar. Sahawatly türkmen topragymyza Nowruzyň gelendigi baradaky aýdym ýaňlanyp, hemmeleri bu köpçülikleýin dabara goşulyşmaga çagyrýar. Tanymal ýerine ýetirijileriň, ussat we ýaş aýdymçylaryň, meşhur “Meňli”, “Näzli”,”Aşgabat” tans toparlarynyň we ýurdumyzyň bäş welaýatynyň folklor toparlarynyň gatnaşmagynda aýdym-sazly çykyşlar ýaýbaňlandyrylýar.

Täsirli çykyşlar dabara gatnaşyjylaryň ruhubelentligini hem-de adamlaryň kalplarynda jebisligi we buýsanjy artdyryp, türkmen halkynyň däp-dessurlarynyň dabaralanmasynyň başlangyjyna öwrüldi. Ýurdumyzyň ähli welaýatlarynyň ak öýleriniň ýanynda ýörite sergi bölümleri we sahna meýdançalary bar. Esasy ýodanyň ugrunda dürli nygmatlar, miweler bilen bezelen saçaklar ýazylypdyr we gazanlar bugaryp dur. Uly gazanlarda Nowruzyň esasy nygmaty semeni gaýnadylýar.

Şol bir wagtyň özünde jarçynyň ählumumy toýa çagyrýan sesi ýaňlanýar. Özboluşly çaýhananyň ýanynda eýýam ýomakçylar we gepe çeper adamlar ýygnanypdyr, olar jaýdar sözleri aýtmakda özara bäsleşip, gülküli gürrüňler we keşpler arkaly märekäni güýmeýär. Gülküli gürrüňlere esaslanýan we özboluşly “gahrymanlaryň” gatnaşmagyndaky bu sahna Gündogaryň halklarynyň arasynda giňden ýaýran meýdançadaky teatra mahsus bolan gadymy žanryň ýörelgelerini äşgär edip, tomaşaçylary şol gadymy döwürlerdäki ýagdaýa aralaşmaga ýardam berýär, şonda bazarlarda, kerwensaraýlarda ýa-da çaýhanada märekä kiçeňräk oýunlar görkezilipdir.

Bu ýerde, “Ýaýla” meýdançasynda gadymy şäherjige mahsus bolan ýagdaý bilen tanyşdyrylýar: aňyrrakda gözel gyzlar nämedir bir zadyň gürrüňini edýärler, gojalar bolup geçýän ýagdaýa pähimli garap, pikir alyşýarlar we jaýdar söze ýylgyrýarlar, aşpezler gazanlarda tagamlary taýýarlaýarlar, olaryň töwereginde bolsa çagalar oýnaýarlar... Şunuň ýaly ýagdaýda bagşynyň we Türkmenistanyň Magtymguly adyndaky milli sazly drama teatrynyň artistleriniň ýerine ýetirmeginde “Sapar çaýçy” diýen aýdym ýaňlanýar.

Hoşboý ysly milli tagamlar täsirliligi artdyrýar, bu tagamlar ähli myhmanlara hödürlenýär. Gadymy usullardan oňat baş çykarýan ussat aşpezler myhmanlaryň sowallaryna göwünjeňlik bilen jogap berip, milli tagamlaryň taýýarlanylyşynyň syrlary barada gürrüň berýärler.

Nowruzda semeni esasy tagam bolup durýar. Semeni bugdaýyň ösdürilip ýetişdirilen maýsasyndan taýýarlanýar. Ony taýýarlamagyň usuly öz gözbaşyny irki döwürlerden alyp gaýdýar. Myhmanlara baýramçylyk desterhanyny bezeýän beýleki tagamlar, ilkinji nobatda, palaw hem hödürlenýär.

“Ýaýladaky” öýler, sekiler, tekjeler we sahna meýdançalary halylar bilen bezelipdir. Ýörite sergide milli halyçylyk sungatyna aýratyn orun berlipdir. Şunda häzirki zaman we nusgawy halyçylygyň iň oňat nusgalary görkezildi. Welaýatlaryň her biri bilen tanyşlyk halylaryň milli däp-dessurlara mahsus bolan ruhy beýan edýän nagyşlaryny synlamakdan başlanýar, bular özboluşly öwüşgini we äheňi bilen tapawutlanýar.

Dabara Ahal welaýaty bilen tanyşlykdan başlanýar, şunda sazly-etnografik çykyş görkezildi. Oňa folklor bilen bagly çykyşlar, milli senetleriň sergileri, adatlara bagyşlanan çykyşlar goşuldy hem-de milli tagamlar hödürlenildi.

Ekerançylara bagyşlanyp özboluşly tans oýnaldy: tansçylaryň hereketleriniň ýeriň sürlüşini we ekişiň geçirilişini aňladýandygyna göz ýetirmek kyn düşmeýär. Gadymy aýdymlar aýdylýar, ozallar zenanlar bulary Nowruz garşylananda aýdypdyrlar. Bu ýerde keteni dokaýan zenanlaryň, demirçi ussalaryň we beýleki senetçileriň işleýşini hem synlamak bolýar. Ahalyň ýaşululary tomaşaçylary “Keçe-keçe” atly gyzykly oýnuň düzgünleri bilen tanyşdyrýarlar, munuň özi giňden ýaýran we höwes blen oýnalýan oýunlaryň biri bolup, şunda synçylyk we pikirleniş talap edilýär. Ahalyň ak öýüne gelen myhmanlara bugdaýyň ýörite gapda ösdürilip ýetişdirilen maýsasy berilýär. Soňra Mary welaýatynyň wekilleri çykyş edýärler. Murgap jülgeçinden gelen wäşiler topary we teatr artistleri Nowruza bagyşlanan şadyýan sahna bilen myhmanlary garşylaýarlar. Ýene-de şadyýan şüweleňler ýaýbaňlandyrylýar.

Folklor topary maldarlaryň durmuşyndan gürrüň berýän kompozisiýany hödürleýär. Onda Nowruzyň gelmegi bilen çopan goşlarynyň ýazlaga göçüşi görkezilýär. Aýratyn hem tomaşaçylarda çoluk oglanyň keşbi ýatdan çykmajak täsir galdyrdy.

Mary welaýatynyň wekilleri şeýle hem öz ülkeleriniň amaly-haşam sungatynyň köpdürlüligini hem-de aýratynlygyny görkezmäge çalşyp, el işleriniň önümleriniň, şol sanda telpekleriň, donlaryň, içmekleriň we beýleki önümleriň sergisini guradylar. Şol ýerde zenanlaryň köýnekleri üçin täsin nagyşlary, tahýalary taýýarlaýan tikinçiler hem bardy, olaryň golaýynda zenanlaryň bir topary jorap örýärdi, keçe basýardy. Öý bikeleri süzme süzüp, ondan dürli tagamlary taýýarlaýardylar. Myhmanlar semeni we milli aşhananyň beýleki tagamlaryny taýýarlamak bilen baglanyşykly rowaýatlary hem-de däp-dessurlary uly gyzyklanma bilen diňleýärdiler.

Soňra nobat Lebap welaýatyna ýetýär. Welaýatyň teatr artistleri hem-de wäşileri baýramçylyga şadyýan çykyşlaryny taýýarladylar. Şu ýerde bu sebit üçin däp bolan süýt önümlerinden, ýaňyja taýýarlanan milli tagamlardan dadyp görmäge mümkinçilik döredildi. Olara çelpek, gatlama, pişme we mekgejöwen unyndan taýýarlanan zagara we beýleki nygmatlar hödürlenildi.

Folklor sahnasynda Amyderýa jülgesiniň ýaşaýjylarynyň Nowruzy garşylamak däbiniň aýratynlyklary öz beýanyny tapdy. Tomaşaçylar şeýle hem darbazlaryň we akrobatlaryň täsin çykyşlaryna tomşa etdiler. Şeýle hem gyzlaryň ýerine ýetirmeginde “Nowruz läleleri”, “Öleňler” ýaňlandy. Agaçdan dürli şekilleri ýasaýan ussalar hem öz hünäriniň syrlaryny paýlaşdylar.

Indiki welaýata barýan ýolda myhmanlara manežde at üstündäki oýunlar garaşýardy. Bu oýunlar jigitleriň tansy bilen başlandy, soňra olara bedewe atlanan ýigit goşuldy. Bedewiň sazyň astynda ýerine ýetirýän ajaýyp we täsin hereketleri tomaşaçylaryň şowhunly el çarpyşmalaryna mynasyp boldy. Şol pursat deprekleriň batly sesi ýaňlanýar, meýdança ahalteke bedewlerine atlanan jigitleriň bir topary çykýar. Olaryň ýerine ýetiren çylşyrymly hereketleri tomaşaçylary haýran galdyrdy. Çalasyn türkmen jigitleri nobatdaky gezek özleriniň ussatlygyny görkezip, milli öwüşginli çykyşlary bilen tomaşaçylarda ýatdan çykmajak täsir galdyrdylar.

Jigitler öňe okdurylyp barýan bedewleriň üstünde akrobatikanyň täsin tilsimlerini görkezdiler, dürli maşklary ýerine ýetirdiler. Aýratyn hem çarpaýa galan ajaýyp bedewiň sazlaşykly hereketleri tomaşaçylaryň şowhunly el çarpyşmasyna mynasyp boldy. Bu sahna oýny at üstündäki jigitleriň bäşisiniň, tansçy gyzlaryň hem bäşisiniň gatnaşmagynda “Küştdepdi” tansy bilen tamamlandy. Olaryň ýerine ýetiren ajaýyp tansy bedewleriň owadan hem özboluşly hereketi bilen aýratyn sazlaşyk döretdi.

Soňra myhmanlary Daşoguz welaýaty kabul etdi. Bu ýerdäki mähelläni teatryň artistleri we çagalaryň wäşiler topary, dessançylar garşyladylar. Şol ýerde gelni garşylamak sahnasy ýerine ýetirildi. Ine, alysdan toý kejebeli kerwen bu ýere ugrady. Jaňjagazlaryň sesi depreklerden çykýan sesler bilen utgaşyp gidýär. Gelni garşylamak dabarasynda däp bolan dessurlar berjaý edilýär, un sepilýär, ýüzärlik tütedilýär, süýji seçilýär. Toý barha gyzyşýar – aýdym-sazyň owazy belentden ýaňlanýar, bagşylar dessanlardan parçalary ýerine ýetirýärler.

Demirgazyk sebitiň wekilleriniň hödürlän tomaşasynyň üsti senetçileriň işleriniň görkezilişi, Daşoguz welaýatynda gadymdan bäri aýratyn usullar boýunça taýýarlanylýan milli aşhananyň tagamlary bilen ýetirildi.

Welaýatlaryň “interaktiw” ekspozisiýasynyň çäklerinde kitap sergisi hem-de ýurdumyzyň esasy muzeýleriniň gaznalaryndan getirilen şekillendiriş we amaly haşam sungatynyň eserleriniň sergisi guraldy. Şol bir wagtyň özünde ýene-de bir özboluşly dabara ýaýbaňlandyrylýar. Haly düşelen münbere zenanlar ýygnandylar—bu ýerde gelin-gyzlaryň “üme” dessury berjaý edilýär. Däp bolşy ýaly, Nowruz günlerinde bir obanyň gyzlary we aýallary gelniň toý lybasyny tikmek üçin bir ýere jemlenýärdiler. Şol ýerde gyzlar aýdym aýdýarlar hem-de degşip-gülüşýärler.

Ýaýlada folklor döredijilik toparlarynyň aýdymçy gyzlarynyň ajaýyp seslerini hem eşitmek bolýardy. Olaryň golaýynda bolsa haly hem-de keteni dokaýan zenanlar ýerleşipdir.

Soňra Nowruz dabaralaryny Balkan welaýatynyň wekilleri kabul edýärler. Ýene-de wäşileriň şadyýan çykyşlary ýaýbaňlandyrylýar. Folklor toparynyň ýerine ýetirmeginde galla oragy, hasylyň ýygnalyşy hem-de ýagmyryň piri Burkut babadan ýagyş ýagdyrmak barada dileg etmek bilen baglanyşykly dessurlar berjaý edilýär. Şol ýerde deňiz ýakasynyň ussatlarynyň haly we haly önümleriniň sergisi ýaýbaňlandyryldy. Ýerine ýetirilen halk tanslary, ýaşlaryň çalasyn oýunlary hem tomaşaçylaryň göwnünden turdy. Häzirki wagta çenli gyzlaryň “monjuk atdy” oýny öz meşhurlygyny ýitirmän gelýär. Bu oýnuň barşynda gyzlar sanawaç aýdýarlar, läle kakýarlar, söýgi we toý aýdymlaryny ýerine ýetirýärler.

Paýtagtymyzyň sungat ussatlary sebitleriň dabarasynyň özboluşly jemine öwrüldi. Bu ýerde oturdylan ak öýler halkymyzyň milli gymmatlyklaryna ygrarlylygynyň özboluşly nyşanyna öwrüldi. Häzirki döwürde ak mermeoli Aşgabat özüniň milli ýörelgeleriň özboluşly dowamyny alamatlandyrýan gaýtalanmajak binagärlik keşbi bilen dünýäniň owadan şäherleriniň birine öwrüldi. Paýtagtymyzyň binalarynyň bezeginde ak öýlere gelşik berýän milli nyşanlar öz beýanyny tapýar.

Ýaýlada baý we köp öwüşginli gadymy däp-dessurlar, milli oýunlar we bäsleşikler, köneden gelýän senetler ýaýbaňlandyrylýar, el işleri görkezilýär, halk eserleri boýunça goýlan sahnalar ýerine ýetirilýär. Türkmen saçagynyň berekedi, mähriban topragymyzyň sahylygy daýhanlarymyz tarapyndan ýetişdirilen dürli gök önümler hem-de miweler arkaly görkezilýär.

Owadan güller bilen bezelen hem-de töwereginde ýaşlaryň köpsanlysy jemlenen belent hiňňilliklerden şadyýan sesler eşidilýär. Hiňňillikde uçmak täze ýyla täze güýç, päk hem-de ýagşy niýetler bilen gadam basmaga mümkinçilik berýän, ruhy taýdan arassalaýan dessur hasaplanýar.

Pälwanlaryň çekeleşikli göreşleri hem hoşniýetliligiň we nuranalygyň güýjüni alamatlandyrýar. Şeýle göreşlere janköýerleriň örän köpsanlysy uly höwes bilen tomaşa edýär. Meşhur hem-de ýaş bagşylaryň çykyşlary şadyýan baýramçylyga özboluşly öwüşgin çaýdy. Bu ýerde köneden gelýän aýdym-sazlar döwrebap estrada owazlary bilen aýratyn sazlaşyk döretdi.

Görkezme sport çykyşlary we ýaglyga towusmak, düzzüm ýaly milli oýunlar hem köpsanly tomaşaçylara ajaýyp pursatlary bagyşlady. Türkmen döwlet gurjak teatrynyň hem-de Türkmenistanyň Baş drama teatrynyň artisleriniň ýaýlada taýýarlan sahnalary hem ýatdan çykmajak täsir galdyrdy.

Mergenleriň ellerindäki aw guşlary we olaryň ýyndam tazylary dabara gatnaşýanlaryň ünsüni özüne çekdi. Olar hem edil naşyja köşekler we guzujyklar ýaly dabaranyň etnografik bölüminiň gahrymanlaryna öwrüldiler. Bahar paslyndan görk alan ýaýlada aga-ýana otlap ýören dowar sürüleri we olaryň wepaly goragçylary bolan alabaýlar türkmen çarwadarlarynyň durmuşyny janlandyrýar.

Ýaýlanyň baş sahnasynda baýramçylyk konsertine orun berilýär. Bu ýerde dabara gatnaşýanlaryň öňünde Türkmenistanyň Prezidenti Gurbanguly Berdimuhamedowyň Milli bahar baýramy mynasybetli guralan baýramçylyk çärelerine gatnaşyjylara iberen Gutlagy okaldy.

Hormatly Preziedntimiziň Gutlagynda şeýle sözler bar: “Goý, parahatçylyk, dostluk, hoşniýetli goňşuçylyk gatnaşyklaryny, ynsanperwerlik we döredijilik gymmatlyklaryny özünde jemleýän bu ajaýyp bahar baýramynyň şanyna geçiriljek dabaralar berkarar Watanymyzyň mundan beýläk-de gülläp ösmegi üçin yhlasly zähmet çekýän, döredýän, gurýan merdana halkymyzyň bagtyýar durmuşyna gaýtalanmajak öwüşgin çaýsyn!” Bu sözlerde halkymyzyň Nowruzy dabaralandyrýandygyny we onuň şeýledigne ýaýlada geçirilýän baýramçylygyň äşgär edýändigini aňladýan çuňňur many bar.

Soňra bu ýerde ýurdumuzyň medeniýet we sungat ussatlarynyň konserti boldy. Onuň maksatnamasyna edebi-sazly we folklor-etnografik çykyşlar, tanslar, halk aýdym-sazlary we häzirki zaman aýdymlary girizildi. Olar Magtymguly Pyragynyň arzuw eden eýýamyny, mähriban Arkadagymyzyň esaslandyran Berkarar döwletimiziň bagtyýarlyk döwrüni wasp etdiler.

Nowrza bagyşlanan dabaralar biziň bedew ýylyndaky umyt-arzuwlarymyzyň beýanyna öwrülip, gadymy nurana baýramçylygyň häzirki döwürde täze many-mazmuna eýe bolýandygyna, milli mirasymyzyň häzirki nesiller bilen aýrylmaz baglanyşygyna göz ýetirmäge mümkinçilik berýär.

Bu ýerde guralan aýdym-sazly çykyşlar tamamlansa-da, Ahalyň ýaýlasyndaky baýramçylyk dowam etdi. Onuň dowamynda dürli milli oýunlara, sport bäsleşiklerine orun berildi. Bu bolsa baýramçylyga özboluşly öwüşgin çaýdy.

Ýaş türgenler birek-birek bilen bäsleşip, özleriniň çeýeligini, güýjüni, ukybyny görkezdiler. Bu ýerde çagalar üçinem, ýetginjekler üçinem özboluşly oýunlar ýaýbaňlandyryldy. Oglanjyklar aşyk top oýnamaga gümra boldular. Gyzjagazlar bolsa “bäş daş”, “ýüp bökdi” oýunlaryna berildiler. Olaryň bilelikdäki aýtekrek-günterek oýny has-da gyzykly we özüne çekiji boldy. Onda bäsleşigiň şertine görä agzybirligiň ruhy duýuldy. Aýtekrek-günterek körpe nesillerde birek-biregi goldamak endigini ösdürmäge ýardam bermek bilen bir hatarda. Milli oýunlaryň dowamat-dowam bolýandygyny äşgär etdi.

Häzirki döwürde gadymy däp-dessurlaryň häzirki zaman görnüşinde baýramçylyklaryň bezegine öwrülýändigi, olaryň mazmun we ähmiýet taýdan üýtgewsiz dowam edýändigi bellärliklidir.

Sirk artistleriniň, gözbagçylaryň çykyşlary baýramçylyk maksatnamasynyň üstüni ýetirdi. Alp Arslan adyndaky Türkmen milli ýaşlar teatrynyň “Çilik” oýny has-da gyzykly boldy.

Agşamara bolsa Ahal ýaýlasynda dabara gatnaşyjylary Nowruzyň esasy dessurlarynyň biri bolan “Şaman ody” garşylady. Bu täsin dessur diňe bir kalby päkligi däl, eýsem egsilmez güýç-kuwwaty alamatlandyrýar. Gadymdan gelýän däbe görä, bu oduň üstünden ýedi gezek bökülip geçilýär.

Bu özboluşly dessuryň berjaý edilmegine ýurdumyzyň döredijilik toparlarynyň wekilleri, teatryň artistleri, çagalar folklor toparlarynyň agzalary gatnaşdylar.

Dabara Günüň keşbini, hoşniýetliligiň hem-de nuryň güýjüni alamatlandyrýan oduň daşynda köpçülik bolup “kuştdepdi” tansynyň ýerine ýetirmegi bilen tamamlandy.

... Nowruz baýramynyň örän uzak taryhynyň dowamynda onda birgiden däp-dessurlar we adatlar jemlendi. Biz oňa täze, döwrebap alamatlary goşmak arkaly şondaky maddy däl gymmatlyklaryň ähmiýetini artdyrmagy dowam edýäris. Ýöne ol Ýagşylygyň we Ýagtylygyň baýramçylygy bolupdy we şeýle bolmagynda galýar. Gadymy ata-babalarymyzyň – marguşlylaryň ýeri ýyladýan Güne tagzym etmeginden başlanan bu baýramçylyk zähmete sarpa goýulmagyny-da aňladýar hem-de onda ekerançylyga mahsus ýörelgeler jemlenýär. Şolaryň berjaý edilmegi bol hasylyň ýetişdirilmegine ýardam berýär, diýmek, abadan durmuş berkarar bolýar diýlip düşünilýär.

Eger gadymy döwürde biziň ata-babalarymyz hudaý hasaplanan Günden ýere güýç-kuwwat berilmegini dileg edipdirler. Wagtyň geçmegi bilen tebigatyň kuwwatly güýjüne ynam adamyň ruhunyň kuwwaty bilen baglanyşdyrylyp ugraldy. Nowruzyň beýik ähmiýeti hut şundan ybaratdyr. Onuň filosofiki many-mazmuny şahsyýetiň ahlak taýdan kämilleşmegine degişli maksatlary, onuň ruhy kämillige, bagtyýarlyga ýetmäge çalyşmagyny aňladýar. Durmuşdaky şadyýanlyga we jebislige mahsus ýagdaýa esaslanýan bu baýramçylyk gowulyga we edebi ýörelegelere eýermäge ýardam bermek bilen, biziň günlerimize gelip ýetdi hem-de milli düşünjeliligiň aýrylmaz bölegine öwrüldi hem-de umumadamzat üçin we medeni taýdan uly ähmiýete eýe boldy.

Berkarar döwletimiziň bagtyýarlyk döwründe Nowruz baýramy biziň ýurdumyzda halkyň ruhunyň täze belentlige göterilýändiginiň, türkmen döwletiniň jemgyetimiziň we her bir raýatymyzyň bähbidine gülläp ösüşiň ýolunda ynamly gadam urýandygynyň aýdyň beýanyna öwrüldi. Milli Liderimiz Gurbanguly Berdimuhamedow döwlet ösüşiniň strategiýasynyň möhüm wezipesi hut şu maksada gönükdirilendir

* * *

Tutuş ýurdumyz nurana Nowruz baýramyny ählumumy ruhy göteriliş we şatlykly ýagdaýda garşylady. Ýurdumuzyň ähli künjeklerinde ýaýbaňlandyrylan dabaralar gadymy türkmen topragyna älemgoşar öwüşginini çaýdy. Belent owaza beslenen aýdym-sazlar, gadymy halk ýörelgeler baýramçylyga gatnaşýanlara egsilmez güýç-kuwwat, şatlyk eçildi hem-de her bir öýde, her bir kalpda ýagtylygyň we ýagşylygyň täsirliligini artdyrdy.

Şu gün ýurdumyzyň sebitleriniň merkezlerinde we Aşgabatda baýramçylyk konsertleri hem-de köpçülikleýin medeni-gumanitar çäreler guraldy.