Şu ýylyň baharynda Tokaý tohumçylyk we tebigy baglary goramak boýunça gullugyň önümçilik bölümleriniň Köpetdagyň etegindäki çäklerinde pisse nahallarynyň ýene-de bäş müňüsi peýda bolar. Gullugyň seýrek flora genofond ylmy-önümçilik bölüminiň hünärmenleri her ýylda türkmen badamynyň, pissäniň türkmen arçsynyň ýabany ösýän bir ýyllyk nahallarynyň on müňi töweregini ekýärler.
Tokaý tohumçylyk we tebigy baglary goramak boýunça gyllyk Türkmenistanyň Tebigaty goramak minstrliginiň düzüm hatarynda işleýär hem-de minstrligiň Tokaý hojalygy bilen bir hatarda tokaý dikeldiş çärelerini geçirýär, şeýle hem tebigaty goraýyş işlerini alyp barýar. Gullugyň tokaý işgärleri Aşgabat şäheriniň we Ahal welaýatynyň rekreasion, medeni we tebigy zolaklarynda nahallaryň ýagdaýlaryna yzygiderli baha bermek işlerini geçirýärler, şeýle hem gerek bolan ýagdaýynda olary täzelemk we dikeltmek usullaryny kesgitleýärler. Şeýle hem olar köpçülikleýin bag ekmek çärelerinde maslahat beriji hökmünde çykyş edýärler.
Gullugyň seýrek flora genofond ylmy-önümçilik bölüminden başga hem ygtyýarynda “Giňdiwar”, ”Ak tokaý”,”Asma ýol” bölümleri bolan üç sany önümçilik bölümleri bar.
57 gektar meýdany eýeleýän “Asma ýol” bölüminiň çäklerinde damjalaýyn suwaryş ulgamy bardyr, tokaýlaşdyrmak we baglara ideg etmek boýunça zerur işler yzygiderli geçirilýär. Bu ýerde garyşyk tokaý – pürli we ýaprakly baglar bar, onda eldar sosnasy, gündogar tuýasy, pisse ýaly agaçlar agdyklyk edýär, hat-da miwe getirýän muşmula bagy hem bardyr.
Saglyk ýolunyň ýakynynda ýerleşýän “Giňdiwar” bölüminde örän uly gök zolakly meýdan – landşaft görnüşindäki elde ekilen baglaryň ýüzlerçe gektary ýerleşýär. Bu ýerde, Köpetdagyň etekeleri bilen utgaşyp gidýän ýerde, baglaryň dürli görnüşleri, şol sanda pisse agajy hem, hatar gurap otyrlar.
Şunuň ýaly baglyk ýer, Aşgabatdan uzak bolmadyk ýerde, Köpetdagyň eteginde köp ýaşly baglar bilen elli gektar meýdany eýeleýän “Ak tokaý” bölüminde ýerleşýär. Bu baglar gullygyň işgärleri tarapyndan ösdürilip ýetişdirildi. Häzir olar bu baglara gözegçilik edip, gerek bolan agromelioratiw çärelerini geçirýärler.
Her bir önümçilik uçastogyna tejribeli bagban we gerek bolan tehnika berkidilendir. Her bir bag ekişlik möwsüminde olar ýapon soforasyny, gimiskusy, ýenşeniň ýabany we bag görnüşlerini, çöl akasiýasy ýaly loranyň gymmatly görnüşlerini ekýärler, pürli baglar bilen üstüni ýetirýärler.
Häzirki wagtda nahalhanada güýzki ekiş möwsümi üçin niýetlenen ösümlikleri sapmak, floranyň dürli görnüşleriniň tohumyny taýýarlamak we ekemk işlerini geçirýärler.