Ï Yklym ýaryşynda HTTU-nyň bäsdeşleri kesgitlenildi
mail-icon
altynasyr.newspaper@sanly.tm
EN RU TK

Yklym ýaryşynda HTTU-nyň bäsdeşleri kesgitlenildi

view-icon 1147
“Ceres – La Salle” (Filippinler), “Tatung” (Taýwan) we “Rimyongsu” (KHDR) toparlary AFK-nyň prezidentiniň kubogy ugrundaky 10-njy ýubileý ýaryşynyň saýlama tapgyrynda Türkmenistanyň çempiony Halkara türkmen-türk uniwersitetitiniň bäsdeşleri bolar. Şu gün Malaýziýanyň paýtagtynda, Aziýa futbol konfederasiýasynyň (AFK) ştab-kwartirasynda bolan bije atyşlykda bu toparlar “B” toparyny düzdüler. Bu toparyň oýunlary şu ýylyň maý aýynda Filippinlerde geçiriler.

Ähmiýeti boýunça üçünji orunda durýan yklym ýaryşynda şu ýyl 11 topar bäsleşer. Olar 3 topara bölündiler. “A” topara (duşuşyklar Şri-Lankada geçiriler) “KRL” (Pakistan), “Şheikh Russel Krira Chakara Ltd.” (Bangladeş), “Ugyen Academy” (Butan) we “Sri Lanka Air Force SC” (Şri-Lanka) toparlary girdiler. “C” topara (oýunlar Mongoliýada geçiriler). “”Manang Marshyangdi” (Nepal), “Svayrieng” (Kamboja) hem-de “Erchim” (Mongoliýa) toparlary girdiler. Her topardan ýeňijileriň ikisi AFK-2014 prezident kubogynyň final tapgyryna çykar.

Türkmenistanyň futbol toparlarynyň arasynda ilkinji bolup “Balkan” toparynyň geçen ýyl AFK-nyň prezidentiniň kubogyna mynasyp bolandygyny ýatladýarys. Türkmenistanyň dört gezek çempiony HTTU topary Kubok ugrundaky ýaryşda ikinji gezek çykyş eder. 2010-njy ýylda Halkara türkmen-türk uniwersitetiniň futbolçylary ýarym finala çykmagy başardylar. Ine, indi bolsa olar bu abraýly baýragy almak üçin ýene-de bir gezek synanyşyp görerler.