Ï “Altyn asyryň” dördünji ýeňşi
mail-icon
altynasyr.newspaper@sanly.tm
EN RU TK

“Altyn asyryň” dördünji ýeňşi

view-icon 996
Şu gün “Aşgabat” köpugurly stadionynda “Altyn asyr” hem-de “Talyp sporty” toparlarynyň duşuşygy bilen Türkmenistanyň futbol boýunça ýokary liganyň toparlarynyň arasyndaky çempionatyň bäşinji tapgyry badalga aldy.

Şu duşuşykdan öň bu toparlar ýaryş sanawynda dürli orunlary eýeleýärdiler. Türkmenistanyň Prezidentiniň Kubogynyň iki gezek eýesi “Altyn asyr” birinji ýerde barýardy, “Talyp sporty” bolsa sekizinji orny eýeleýärdi.

Garaşylyşy ýaly, duşuşygyň ilkinji minutlaryndan çempionatyň öňbaşçysy has erjel oýnap, M.Gurbanowyň dürs urgusy bilen hasaby 1:0-a ýetirdi. Duşuşygyň birinji ýarymynyň ortasynda talyplar B.Rejebowyň tagallasy bilen hasaby deňlediler – 1:1. Ýöne, arakesmä birnäçe minut galanda A.Ataýew duýdansyz urgy bilen “Altyn asyry” öňe çykardy. Şeýlelikde, hasap 2:1 boldy. Duşuşygyň ikinji ýarymynda “Talyp sportunyň” derwezesinden ýene-de bir pökgi geçirildi. Bu oýun 3:1 hasabynda tamamlandy.

“Altyn asyr” çempionatda dördünji ýeňşini gazanyp, 13 utuk bilen öňdäki ornuny has-da berkitdi. “Merw” we “Ahal” topralary öňdebaryjydan 4 utuk yzda barýarlar, ýöne, olar bir duşuşygy az geçirdiler.

Ýurdumyzyň çempionatynyň bäşinji tapgyry 29-njy martda “Aşgabat” – “Balkan”, “Merw” – HTTU, “Ahal” – “Daşoguz” hem-de “Şagadam” – “Bagtyýarlyk-Lebap” toparlarynyň duşuşyklary bilen tamamlanar.