Ï Ýaş türgenleriň ýaryşlaryndan ýylyň esasy ýaryşlaryna çenli
mail-icon
altynasyr.newspaper@sanly.tm
EN RU TK

Ýaş türgenleriň ýaryşlaryndan ýylyň esasy ýaryşlaryna çenli

view-icon 772
Şu gün 1996-1999-njy ýyllarda doglan ýetginjekleriň arasynda welosiped sporty boýunça Türkmenistanyň birinjiligi ugrunda köp günlük ýaryş tamamlandy. Ýaryşa gatnaşyjylar, ýagny Lebap, Daşoguz welaýatlaryndan we Aşgabatdan bolan türgenleriň 40-dan gowragy 3 sany toparlaýyn ýaryşlarda, aýratyn badalga bermek bilen iki sany aýratyn ýaryşlarda we toparlaýyn ýaryşlarda ýeňijileri hem-de baýraklara mynasyp bolanlary ýüze çykardylar.

Köpetdagyň ugry bilen geçýän ýollarda indi ençeme on ýyllyklaryň dowamynda welosiped sporty boýunça ähli milli ýaryşlaryň geçirilýändigini belläp geçmeli. Şol ýol soňky ýyllarda esasy sport “ýyldyzlary” üçin halkara okuw türgenleşik ýygnanyşyklarynyň yzygiderli geçirilýän ýeri bolup hyzmat edýär. Hususan-da, ol Russiýanyň bütindünýä meşhur “Katýuşa” toparynyň wekilleri üçin şeýledir, olar her ýyl gyşyna iri halkara ýaryşlaryna taýýarlyk görmek üçin Türkmenistana gelýärler. Biziň myhmanlarymyz ýurdumyzyň howasynyň bütin ýylyň dowamynda açyk asmanyň astynda welosiped sporty bilen meşgullanmaga mümkinçilik berýändigini belleýärler we ýollaryň birkemsiz oňatdygyny nygtap geçýärler.

Ýakynda Türkmenistanyň Prezidenti Gurbanguly Berdimuhamedow “Itera” halkara kompaniýalar toparynyň ýolbaşçysyny kabul etdi, bu holding “Katýuşa” welosiped toparynyň resmi hemaýatkäri bolup durýar. Bu duşuşygyň barşynda ykdysady meseleleri ara alyp maslahatlaşmak bilen bir hatarda, ýurdumyzda welosiped sportuny boýunça mundan beýläk-de hyzmatdaşlyk etmegiň mümkinçilikleri bellenildi, şeýle hem Türkmenistanda dünýä derejesindäki iri ýaryşlary geçirmek meselesi gozgaldy.

Welosiped sporty ýapyk binalarda we söweş sungaty boýunça V Aziýa oýunlaryna gatnaşmaga esasy dalaşgärleriň biridir. Şol oýunlar 2017-nji ýylda Aşgabatda geçiriler. Ýakyn wagtlarda türkmen welosipetçileri häzirki zaman ýapyk welotregi sowgat alarlar, ol Aşgabadyň Olimpiýa şäherçesiniň sport desgalarynyň toplumyna girer, şol ýerde Aziada geçiriler.

Häzirki birinjilikde häzirlikçe aşgabatlylar iň oňat sport görkezijilerini görkezýärler: ýokarda sanalyp geçilen ýaryşlaryň ählisinde hut paýtagtymyzyň welosiped sürüjileri, ýagny Türkmenistanyň Ýokary sport ussatlygy mekdebiniň okuwçylary ýeňiş gazandylar.