Şu gün türkmenistanlylaryň ýüzlerçe müňüsi “Sagdynlyk we bagtyýarlyk” atly köpçülikleýin bedenterbiýe-sport we sagdyn durmuş-medeni çäreleriň çäklerinde dürli sport ýaryşlaryna gatnaşyp, sagdyn durmuş ýörelgesine öwrüldiler. Birinji günüň esasy sport meýdançasyna öwrülen, şonda bada-bat paýtagtymyzda birnäçe iri çäreler geçirildi.
Köpçülikleýin sport çäreleriniň öňüsyrasynda grek-rim göreşi boýunça halkara ýaşlar ýaryşyndan şatlykly habar gelip gowuşdy. Türkmen türgeni bürünç medala mynasyp boldy. Russiýa Federasiýasynyň paýtagty Moskwa şäherinde geçirilen hem-de meşhur halypa W.M.Şeiniň ýadygärligine bagyşlanan ýaryş rus toparlarynyň 42-sine, şeýle hem Täjigistanyň we ýurdumyzyň ýygyndy toparlaryna wekilçilik eden ýaş pälwanlarynyň 300-den gowragy gatnaşdy.
Türkmenistanlylaryň düzüminde 50 kilograma çenli agram toparynda çykyş eden 15 ýaşly Ýusupberdi Kürräýew bürünç medalyna mynasyp boldy. “Spartak” sport toplumynyň göreş meýdançasynda geçirilen bäsleşikleriň dördüsinden üçüsinde ýaş pälwan ýer eýeleriniň wekillerinden üstün çykyp, ynamly ýeňşi gazandy.
Munuň özi halkara sport ýaryşynda Ý.Kürräýewiň gazanan ilkinji medalydyr. Ýöne ýakyn wagtlarda Ýusupberdi Türkmenistanyň sport babatda gazanan üstünlikleriniň üstüni nobatdaky sylag bilen ýetirip biler: häzir ol halkara ýaşlar ýaryşyna taýýarlyk görýär, şol ýaryş 25-27-nji aprel aralygynda Russiýanyň Zelenograd şäherinde geçiriler.
Şu gün bedenterbiýe-sport we medeni-dynç alyş çäresi Köpetdag şa ýolunda 5 kilometr aralyga ylgamak ýaryşy bilen açyldy. Bu ýere ir bilen sowuk howa we ýagan gara garamazdan, oňa gatnaşyjylaryň müňlerçesi, ýagny milli ýokary okuw mekdeplerimiziň hemmesiniň talyplary, şeýle hem ministrlikleriň we pudak edaralarynyň işgärleri ýygnandylar. Agaçlary, tekizlikleri we dag eňňitliklerini örten ak lybas ajaýyp gözelligi bilen göwünleri göterdi.
Ýaryş dört tapgyrda geçirildi. Ilki bilen talyplar badalga aldylar. Erkekleriň toparynda Türkmenistanyň Milli sport we syýahatçylyk institutynyň toparyndan P.Annagylyjow ilkinji bolup pellehana geldi. Ýeňiji 5 kilometr aralygy 14 minut 40 sekuntda geçdi. Gyzlaryň arasynda hormat sekisiniň ýokary basgançagyna Türkmenistanyň Goranmak ministrliginiň Harby institutyndan A.Berdiýewa çykdy, onuň görkezen wagty 20,28 minuta barabar boldy.
Soňra zähmetkeşler toparlaryna gezek ýetdi. Ministrlikleriň we pudak edaralarynyň wekilleri hem oňat sport netijelerini gazandylar. Erkekleriň arasynda Türkmenistanyň Döwlet migrasiýa gullugyndan B.Jülmenowa 5 kilometrlik aralygy geçmek üçin 16 minutdan gowrak wagt gerek boldy. Zenanlaryň arasynda Dokma senagaty ministrliginiň toparyndan N.Öwezowa 24,38 minut wagt görkezip, ýeňiş gazandy.
Ýeňiş gazananlar we baýrakly orunlara eýe bolanlar ýaryşy guraýjylaryň – Sport baradaky döwlet komitetiniň, Aşgabat şäheriniň häkimliginiň, Içeri işler, Medeniýet, Bilim, Saglygy goraýyş we Derman senagaty ministirlikleriniň, şeýle hem jemgyýetçilik guramalarynyň adyndan gymmatly sowgatlar bilen sylaglandy.
Şu gün sport çäreleri “Köpetdag” sport toplumynyň esasy meýdançasynyň ylgaw ýodalarynda dowam etdi. Bu ýerde ajaýyp çykyş boldy, oňa sagdyn durmuş ýörelgeçine eýerýänleriň müňlerçesi—stadionyň münberlerini dolduran janköýerler we tomaşaçylara görkezme çykyşlaryny hödürlän türgenler gatnaşdylar. Çykyş başlanmazyndan öňürti stadionda Türkmenistanyň Döwlet senasy ýaňlanýar, şondan soň “Sport” sazly çykyşynyň owazy astynda welosipedçileriň ýüzlerçesi ylgaw ýodasyna çykdylar. Şolardan soň futbol meýdançasyna milli göreşiň, söweş sungatynyň, gimnastikanyň we sportuň beýleki görnüşleriniň ussatlary çykdylar, şol meýdançada talyplar “Arkadaga şöhrat!” diýen ýazgyny emele getirdiler.
Türgenleriň çykyşlary meşhur estrada artistleriniň, şeýle hem ýaş “ýyldyzlaryň” – Türkmen milli konserwatoriýasynyň mekdep-internatynyň çagalar horunyň hem-de Aşgabadyň Çagalar we ýetginjekler köşgüniň toparynyň ýerine ýetirmeginde aýdym-sazlar bilen utgaşdy.
Şu gün sport-dynç alyş çärelerinden başga hem “Sagdynlyk we bagtyýarlyk” atly ylmy-amaly maslahatyň geçirilmegi bilen hem ýatda galdy, şol maslahat Türkmenistanyň Saglygy goraýyş we derman senagaty ministrliginiň mejlisler zalynda boldy. Maslahata gatnaşyjylar, ýagny, saglygy goraýyş we sport ulgamynyň hünärmenleri, lukmançylyk ýokary okuw mekdebiniň talyplary hem-de professor-mugallymlar düzümi türkmenistanlylaryň ýaş neslini sport bilen meşgullanmaga çekmegiň hem-de bu babatda hormatly Prezidentimiz Gurbanguly Berdimuhamedowyň ýöredýän syýasatynyň ähmiýetine degişli meseleleri ara alyp maslahatlaşdylar. Hut milli Liderimiziň tagalla etmegi netijesinde Berkarar döwletimiziň bagtyýarlyk döwründe türkmen milli sport hereketiniň görlüp-eşidilmedik ýokary derejä ýetendigini nygtap geçmeli. Ýurdumyzda ýylsaýyn iri halkara ýaryşlary, şol sanda sportuň gyşky görnüşleri boýunça ýaryşlar barha köp geçirilýär. 2017-nji ýylda bolsa Aşgabatda ýapyk binalarda we söweş sungaty boýunça V Aziýa oýunlary geçiriler. Şonuň üçin hem eýýäm häzirki wagtda türgenleşikleri meýilleşdirmäge hem-de sport çykyşlaryna baha bermäge doly derejede hil taýdan çemeleşmek zerurdyr diýip, maslahata gatnaşyjylar nygtadylar.
Şol maslahatdan başga hem Saglygy goraýyş we derman senagaty ministrliginde hormatly Prezidentimiz Gurbanguly Berdimuhamedowyň ylmy işleriniň hem-de eserleriniň sergisi guraldy.
2-nji aprelde ýurdumyzyň ähli sport toplumlarynda köpçülikleýin çäräniň çäklerinde sport çäreleri dowam eder. Ahal welaýatynyň Yzgant obasyndaky sport mekdebinde sambo boýunça Türkmenistanyň çempionatyna gatnaşyjylaryň agramyny çekmek bolar, şol ýaryş 3-nji aprelde badalga alar, Köpetdag şaýolunda bolsa welosiped sporty boýunça “aýratyn badalga bilen hususy ýaryşlar” bölüminde ýurdumyzyň çempionatynyň birinji gününiň ýeňijileri hem-de baýraklara mynasyp bolanlary kesgitleniler.