Ï “Altyn asyr” öňde barýar
mail-icon
altynasyr.newspaper@sanly.tm
EN RU TK

“Altyn asyr” öňde barýar

view-icon 984
Hormatly Prezidentimiz Gurbanguly Berdimuhamedowyň yglan eden “Sagdynlyk we bagtyýarlyk” atly köpçülikleýin wedenterbiýe-sport we sagdyn durmuş-medeni çäreleriň çäklerinde şu gün ýokary liganyň toparlarynyň arasynda futbol boýunça Türkmenistanyň çempionatynyň 6-njy tapgyrynyň oýunlary geçirildi.

Paýtagtymyzda ýurdumyzyň häzirki çempiony Halkara türkmen-türk uniwersitetiniň hem-de Türkmoenistanyň Kubogynyň eýesi “Ahalyň” futbolçylarynyň arasynda geçirilen duşuşyk uly gyzyklanma döretdi. Bir aý mundan ozal, milli birinjligiň öňüsyrasynda bu toparlar öz aralarynda Türkmenistanyň Naýbaşy kubogy ugrundaky oýunda duşuşypdylar. Şonda çekeleşikli oýunda “Ahal” topary 4:2 hasabynda ýeňiş gazandy. HTTU-nyň janköýerleri bu gezek öz toparynyň ýeňşine garaşdylar. Emma bu başa barmady. Duşuşygyň tamamlanmagyna 12 minut galanda ahally futbolçylaryň geçiren ýeke-täk pökgüsi oýnuň ykbalyny çözdi.


“Aşgabat” köpugurly stadionynda geçirilen duşuşyk hem örän gyzykly boldy. Şol ýerde “Altyn asyr” we “Aşgabat” toparlary duşuşdylar. Oýnuň birinji ýarymynyň barşynda “Aşgabat” topary 2:1 hasabynda öňde barýardy. Ýöne, soňra “Altyn asyryň” futbolçylary has erjel oýnap, 5:2 hasabynda üçünji ýeňşini gazandylar.

Üçünji duşuşyk “Köpetdag” stadionynda geçirlidi. Bu oýunda medallar ugrunda göreşmeýän toparlaryň – “Talyp sporty” we “Bagtyýarlyk-Lebap” toparlarynyň duşuşandygyna garamazdan, çekeleşikli geçen oýna tomaşa etmek üçin janköýerleriň 26 müňüsi ýygnandy. Duşuşygyň ikinji ýarymynyň ortasynda talyplar hasaby açdylar. Şondan 10 minut geçenden soň olar üstünligi berkitmäge mümkinçilik aldylar, ýöne 11 metrlik jerime urgusyny dürs ýerine ýetirip bilmelider. Netijede duşuşyk 1:0 hasabynda “Talyp sportunyň” peýdasyna tamamlandy.

Beýleki iki duşuşykda Aziýa konfederasiýasynyň prezidentiniň Kubogynyň eýesi “Balkan” topary “Merwiň” futbolçylaryndan 2:0 hasabynda üstün çykdy, Türkmenbaşynyň “Şagadamy” bolsa “Daşoguz” toparyny 4:0 hasabynda ýeňip, bassyr üçünji ýeňşini gazandy.

Şeýlelikde, 6 tapgyrdan soň öňde barýan “Altyn asyryň” 16 utugy bar. “Ahal” toparynyň bolsa onuňkydan 1 utugy azdyr. Üçünji orunda “Şagadam” barýar, onuň 13 utugy bar.

Iň köp pökgi geçiren futbolçylaryň sanawynda şu günki duşuşyklardan soň A.Boliýan (“Şagadam”) öňdeligi eýeleýär, onuň geçiren pökgüleriniň sany 8-e ýetdi. S.Ataýew (“Ahal”) 6 pökgi bilen ikinji orunda barýar. B.Şamyradow (“Altyn asyr”) we E.Tagaew (“Aşgabat”) üçünji orunda barýarlar, olaryň her biri 5 pökgüni geçirmegi başardy.

Ýokary liganyň toparlarynyň arasynda futbol boýunça Türkmenistanyň çempionatynyň nobatdaky ýedinji tapgyry 5-nji aprelde “Aşgabat” – “Talyp sporty” toparlarynyň duşuşygy bilen badalga alar.