Şu gün Sergi köşgünde ýapyk binalarda we söweş sungaty boýunça öňde boljak V Aziýa oýunlaryna türkmen paýtagtynda görülýän taýýarlyk boýunça geçirilýän uly möçberli işlere bagyşlanan “Aşgabat – Aziada--2017-niň paýtagty” atly halkara sport sergisi açyldy. Bu ýerde ýurdumyzyň hem-de daşary ýurtly kompaniýlaryň köpsanly diwarlyklarynda sport ulgamynda gazanan iň gowy üstünlikleri görkezilýär.
Bu sergi Türkmenistanyň Daşary işler ministrligi, Türkmenistanyň Syýahatçylyk baradaky döwlet komiteti, Sport baradaky döwlet komiteti we Söwda-senagat edarasy tarapyndan guraldy. Serginiň dabaraly açylyşyna hökümet agzalary, Mejlisiň, ministrlikleriň we pudak edaralarynyň, sport hem-de jemgyýetçilik guramalarynyň ýolbaşçylary, Türkmenistanda resmi taýdan bellenen diplomatik wekilhanalaryň we missiýalaryň baştutanlary, ýurdumyzyň we daşary ýurtlaryň habar beriş serişdeleriniň wekilleri we beýlekiler gatnaşdylar.
Dabarada hormatly Prezidentimiz Gurbanguly Berdimuhamedowyň sergä gatnaşyjylara Gutlagy okaldy, şonda her bir ynsanyň beden we ruhy taýdan sagdyn kemala gelmeginde, sazlaşykly ösýän jemgyýeti döretmekde bedenterbiýäniň we sportuň ähmiýetiniň örän uludygy bellenip geçilýär. Şu nukdaýnazardan, ýurdumyzda sagdyn durmuş ýörelgelerini, bedenterbiýäni we sporty ýakyn geljekde hem-de uzakmöhletleýin esasda ösdürmek biziň döwlet syýasatymyzda ileri tutulýan ugurlaryň biridir. Örän gysga döwürde Türkmenistanda bedenterbiýäni we sporty ösdürmek ugrundaky uzak geljege gönükdirilen maksatnamalaýyn işler, iri taslamalar amala aşyryldy hem-de giň gerim bilen durmuşa geçirilýär.
“Berkarar döwletimiziň bagtyýarlyk döwründe gözel paýtagtymyz Aşgabat şäherinde geçirilýän bu halkara sergisi Garaşsyz, hemişelik Bitarap ýurdumyz bilen dünýä bileleşiginiň arasynda parahatçylygyň ilçisi bolan sporty has-da ösdürmek boýunça netijeli hem-de döredijilikli täze hyzmatdaşlygy ýola goýmaga giň mümkinçilik berer” diýip, döwlet Baştutanymyz öz Gutlagynda ynam bildirdi.
Toplumlaýyn yklymara sport ýaryşlaryny geçirmek hukugyna diňe milli sport binýady ähli halkara ülňülerine laýyk ýokary derejede ösen ýurtlaryň mynasyp bolýandygyny nygtamak gerek. Şonuň üçin hem Aziýanyň Olimpiýa geňeşiniň Aşgabada Aziada-2017–njiň paýtagtynyň derejesini bermek hakyndaky çözgüdi ýokary derejede ösen sport düzümi bolan ýurt hökmünde Türkmenistanyň ykrar edilmegine şaýatlyk edýär.
Dürli halkara ýaryşlarynda türkmen türgenleriniň köpsanly gazanan üstünlikleri bilen bir hatarda, Aziýa oýunlarynyň ýurdumyzda geçirilmegini nobatdaky ýeňş diýip ynamly atlandyrmak mümkindir, ony biziň halkymyz sagdyn durmuş ýörelgesine işjeň eýerýän hem-de türkmenistanlylaryň millionlarçasyny sport bilen meşgullanmaga ruhlandyrýan hormatly Prezidentimiz Gurbanguly Berdimuhamedowyň ýolbaşçylygynda biziň halkymyz gazandy. Hut türkmen döwletiniň Baştutanynyň göreldesi netijesinde milli sport hereketi gysga möhletde görlüp-eşidilmedik ýokary derejä ýetdi.
Sport babatda milli Liderimiziň oýlanyşykly we oňyn syýasatyny belli bir bir maksada gönükdirip durmuşa geçirmek ýurdumyzyň şäherlerini we şäherçelerini häzirki zaman sport binýatlary bilen üpjün etmäge mümkinçilik berdi, şolarda ýöriteleşdirilen sport mekdepleri we sport toplumlary guruldy. Şol mekdeplerde we toplumlarda başarjaň ýaş türgenleriň müňlerçesi bedenterbiýe we sport bilen meşgullanýar. Bularyň hemmesi häzirki eýýamyň esasy ýörelgesi bolan “Döwlet-adam üçindir!” diýen şygaryň üstünlikli durmuşa geçirilmeginiň aýdyň tassyklanmasy bolup durýar.
Halkara Olimpiýa komitetiniň prezidenti Tomas Bahyň ýakynda gelip gowşan haty hem giň möçberli olimpiýa sport hereketinde Türkmenistanyň hem-de milli Liderimiz artýan halkara abraýynyň nobatdaky ynandyryjy mysaly boldy, şol hatda Halkara Olimpiýa komitetiniň baştutany Soçidäki gyşky Olimpiýa oýunlarynyň açylyşyna gatnaşandygy üçin hormatly Prezidentimize hoşallyk bildirdi. Munuň özi türkmen döwletiniň Baştutanynyň Olimpiýa hereketine, sport ussatlygynyň belentliklerine ýetmek hyjuwyny goldaýandygynyň aýdyň subutnamasydyr diýlip, hatda nygtalyp geçilýär. Olimpiýa hereketi taglymyny ösdürmekde üstünlikleriniň ykrar edilmeginiň, dünýäniň sport durmuşyna işjeň gatnaşmagyň we Türkmenistanda ýokary üstünlikler gazanylýan sporty ösdürmegiň alamaty hökmünde Halkara Olimpiýa komitetiniň wekilleri ýurdumyzyň Milli Olimpiýa komitetine sowgat hökmünde bütindünýä-de meşhur “Mersedes-Bens” kysymly kiçi awtobusy bermek baradaky çözgüdi kabul etdiler.
Döwrebap sport desgalaryny gurmak boýunça we Olimpiýa hem-de Aziýa oýunlary guramakda uly tejribesi bolan iri daşary ýurt kompaniýalarynyň hünärmenleri hem türkmen sport hereketini ösdürmekde uly öňegidişligiň bardygyny belläp geçýärler. Muny “Aşgabat – Aziada-2017-niň paýtagty” atly halkara sergisine gatnaşýan kompaniýalaryň sany /altmyş/, aýdyň görkezýär, olar sport babatda Türkmenistan bilen hyzmatdaşlyk etmäge çalyşýarlar.
Russiýadan, Beýik Britaniýadan, Germaniýadan, Fransiýadan, Gollandiýadan, Italiýadan, Awstriýadan, Ispaniýadan we beýleki ençeme ýurtlardan gelen kompaniýalar sergide üstünliklerini we hyzmatlaryny hödürleýärler. Olaryň hatarynda bu ulgamda ýurdumyz bilen özara bähbitli gatnaşyklary ýola goýmakda ilkinji ädimleri ädýänler we Türkmenistan bilen ençeme ýyllap hyzmatdaşlyk edýänler hem-de dünýä sport hereketinde uly tejribesi bolanlar-da bar.
“Jon Tibbs Assoşieýted” we Arup Mažor Ewents Consalting atly meşhur iňlis kompaniýalary şolaryň hataryna degişlidir, olar sport desgalaryny gurmak, iri halkara ýaryşlaryny geçirmek we ýokary hünärli türgenleri kemala taýýarlamak teklipleriň giň toparyny hödürleýärler. Geçen ýylda Türkmenistanyň, Beýik Britaniýanyň we Demirgazyk Irlandiýanyň arasynda sport babatda özara düşünişmek hem-de hyzmatdaşlyk etmek hakyndaky Jarnama gol çekilendigini belläp geçmeli.
Onlarça ýyllaryň dowamynda dünýäniň esasy ýaryşlarynyň, şol sanda Londonda Olimpiada-2012-niň hem desgalaryny gurandygy hem bu ulgamda olaryň ýokary abraýynyň bardygyny tassyklaýar, özi-de şol desgalaryň birnäçesi özboluşly diýlip ykrar edildi. Mysal üçin, 16 000 tomaşaçy orunly münberli basketbol boýunça ýayrşlary geçirmek üçin ýapyk desgany görkezmek bolar, onuň düzüm böleklerini örän aňsat sökmek we erkin ýagdaýda bir şäherden beýleki şähere geçirmek mümkindir. Bu sport desgasyny häzirki wagtda “Polimeks” bilen Aşgabatda Olimpiýa şäherçesini bina etmekde işleýän “Agir” kompaniýasy gurdy.
Iňlis kompaniýalarynyň hatarynda “The Royal Mint” kompaniýasyny hem belläp geçmeli, ol Londondaky Olimpiada üçin medallaryň toplumlaryny taýýarlady we häzirki wagtda türkmen Aziadasynyň sylaglarynyň toplumlaryna buýurma dalaş edýär. Medallaryň çyzgylarynyň oýunlaryň alawlarynyň çyzgylary ýaly sergide aýratyn gyzyklanma döredendigini belläp geçmeli, şolary döretmekde milli amaly-haşam sungatynyň parçalary başarjaňlyk bilen peýdalanyldy.
Türkmen türgenleriniň, tälimçileriniň, şeýle hem meýletinçileriň we hyzmat edýän işgärleriniň Aziada-2017-däki egin-eşigi barada aýdylanda bolsa olar sergide örän giň görnüşlerde hödürlenildi: mysal üçin, diňe meýletinçiler üçin 10 nusgadan gowrak lybaslar hödürlendi. Olaryň artykmaçlygyna her sergi bölüminde goýlan we myhmanlara daşary ýurt kompaniýalarynyň işi hakynda jikme-jik maglumatlary berýän talyplarda –meýletinçilerede baha bermek mümkindir.
Giň bölümleriň biri türkmen türgenleri üçin bölünip berlipdir, olar geçen ýylky Koreýadaky Aziýa oýunlarynda we Russiýadaky Bütindünýä uniwersiadada guşakly göreş hem-de kikboksing boýunça ýaryşlarda tapawutlandylar. Sergini guraýjylar tomaşaçylara bu abraýly ýaryşlarda medallaryň nähili gazanylandygy hakynda beletlerden jikme-jik bilmegiň ajaýyp mümkinçiligini döretdiler.
Sergi merkeziniň birinji gatynyň ýarysyna golaýyny eýelän örän uly diwarlyk türkmen sport hereketiniň ösüşine hem ägirt uly goşant goşýan özboluşly “Awaza” milli syýahatçylyk zolagyna bagyşlanýar. 6-njy iýul aralygynda Hazaryň deňiz ýakasy windserfing boýunça dünýä çempionatynyň bäşinji tapgyrynyň geçirilýän ýeri bolar. Dünýä möçberindäki ýaryş Türkmenistanda ilkinji gezek geçiriler, oňa 40 ýurtdan ýygyndy toparlar gatnaşar, munuň özi bu ýerde ýakyn geljekde sportuň beýleki görnüşleri boýunça hem dünýä çempionatlaryny geçirmek üçin uly mümkinçilikleri açýar.
Halkara gözden geçirilişiniň maksatnamasyna biziň türgenlerimiziň: gimnastikaçylaryň, söweş sungatynyň ussatlarynyň, agyr atletikaçylaryň we beýlekileriň görkezme çykyşlary hem girdi.
Serginiň tomaşaçylary isleg bildirýänleriň hemmesine hödürlenen milli lezzetleriň tagamyny we köpdürlüligini aýratyn bellediler. Hemişe bolşy ýaly, milli şaý-sepler, hususan-da, türkmen ahalteke bedewleri üçin öz gözelligi we nepisligi, gymmat bahaly metallaryň ajaýyp işlenip geçilmegi bilen myhmanlary haýran galdyran bezeg şaý-sepler aýratyn ünsi çekdi.
“Aşgabat – Aziada-2017-niň paýtagty” atly sergä gatnaşyp, bular, şeýle hem beýleki ençeme wakalar hakynda jikme-jik bilmek mümkindir, sergi 5-nji aprele çenli dowam eder.