Şu gün “Sagdynlyk we bagtyýarlyk” ady bilen geçirilýän köpçülikleýin bedenterbiýe-sport we medeni-sagaldyş çäreleriniň üçünji güni welosiped, nusgawy we söweş sambosy boýunça Türkmenistanyň çempionaty dowam etdirildi, şeýle hem mekdep okuwçylarynyň we talyplaryň arasynda ýeňil atletika boýunça bäsleşikler geçirildi. Ýöne “Aşgabat – Aziada-2017-niň paýtagty” atly Halkara sergisiniň açylyşy şu günüň esasy wakasyna öwrüldi.
Sergä gelýänleriň arasynda şöhrat gazanan russiýaly figuralaýyn tyamak boýunça türgen Irina Rodnina hem bar, ol indi biziň paýtagtymyza dördünji gezek gelýär we ýurdumyzda türgenleri taýýarlamak boýunça öz baý tejribesini paýlaşýar, figuralaýyn typmak boýunça ýaş türgenlere tälim berýär. Şu gün hem birnäçe gezek olimpiýa çempiony, dünýäniň we ýewropanyň çempiony gyşky görnüşler boýunça sport toplumynda türgenlere ussatlyk sapagyny berdi.
-- Men Türkmenistana her gezek gelenimde, bu ýerde bolup geçýän özgertmelere haýran galýaryn—diýip, Irina Konstantinowna gürrüň berýär. – Siziň ýurduňyzda sport, şol sanda figuralaýyn typmak bilen meşgullanmak üçin ajaýyp şertler döredilipdir. Türkmenistan üçin täze bolan sportuň bu görnüşi barha uly meşhurlyga eýe bolýar we onuň uly geljegi bar. “Sagdynlyk we bagtyýarlyk” biraýlygy ýaly köpçülikleýin çäreleriň geçirilmegi sportuň beýleki görnüşleri bilen bir hatarda figuralaýyn typmak görnüşiniň hem ösdürilmegine uly ýardam berýär.
Düýn bolsa söweş sungaty boýunça türkmen türgenleriniň “Galkynyş” sport toplumynda görkezen çykyşlary tomaşaçylarda uly täsir galdyrdy. Kikboksing, taý boksy, taekwondo, adaty karate, aýkido, kekuşinkaý-karate, hapkido we uşu boýunça türgenler öz ussatlygyny görkezdiler.
Şol gün hem welosiped boýunça Türkmenistanyň çempionaty badalga aldy, ol 10-njy aprele çenli dowam eder. Aşgabat şäheriniň, Lebap we Daşoguz welaýatlarynyň toparlarynyň gatnaşmagynda ýaryşyň birinji tapgyrynda, şahsy bäsleşiklerde aýrybaşga badalgada 27 kilometr aralyga paýtagtymyzyň türgenleri ilkinji bolup geldiler. Şu gün, köpçülikleýin sport çäreleriniň üçünji güni Iner Jumaýewiň ýeňiş gazanmagy netijesinde Daşoguz welaýatynyň ýygyndy topary umumytoparlaýyn hasapda 115 kilometr aralyga toparlaýyn ýaryşlarda birinji orna çykdy, Iner bu aralygy 3 sagat 11,35 minutda geçdi. Ýeňijiden bary-ýogy 1 sekunt yza galan aşgabatly Nazar Satimetow ikinji bolup pellehana geldi. Daşoguzly türgen Şatlyk Geldiýew bolsa üçünji orny eýeledi.
4-nji aprelde welotürgenler ýurdumyzyň çempionatynyň altyn medalyny almak ugrunda 120 kilometr aralyga toparlaýyn ýaryşa çykarlar.
Nusgawy we söweş sambosy boýunça ýaryşlar bolsa şu gün Yzgant şäherçesiniň sport toplumynda geçirildi. Oňa ähli welaýatlardan we Aşgabat şäherinden 160 türgen gatnaşdy.
Ýaragsyz öz-özüňi goramak göreş görnüşi boýunça birinji orunlaryň ählisini aşgabatly türgenler—52 kilograma çenli agramda Kemal Muhtarow, 68 kilogram agramda Nyýazmyrat Şahmyradow, 74 kilogram agramda Şähergeldi Saparmyradow we 100 kilograma çenli agramda Jafar Madaminow eýelediler.
Söweş sambosy boýunça hem aşgabatly türgenler -- 57 kilograma çenli agramda Nury Gimiýew, 62 kilograma çenli agramda Kerim Döwletow we 68 kilograma çenli agramda Tirkeş Döwletow altyn medallara mynasyp boldular.
Umumy bilim berýän mekdepleriň okuwçylary we ýokary okuw mekdepleriniň talyplary bolsa şu gün “Köpetdag” sport toplumyna ýygnanyp, ýeňil atletika boýunça bäsleşdiler. Geljekki alymlar, mugallymlar, lukmanlar we beýlekiler dürli aralyklara ylgamakda we uzynlygyna bökmekde öz ussatlyklaryny görkezdiler.
Sport biraýylygynyň üçünji güni şeýle boldy. Ertir 4-nji aprelde esasy sport çäreleri “Galkynyş” sport toplumynda geçiriler. Bu ýerde stoluň üstünde oýnalýan tennis we gylyçlaşmak boýunça Aşgabadyň birinjiligini almak ugrunda bäsleşikler guralar.
“Sagdynlyk we bagtyýarlyk” ady bilen geçirilýän köpçülikleýin bedenterbiýe-sport we medeni sagaldyş çäreleri öz hatarlaryna täze tarapdarlary çekmek bilen, üstünlikli dowam edýär...