Ï Ýurdumyzyň çempionatynyň ýedinji tapgyry badalga aldy
mail-icon
altynasyr.newspaper@sanly.tm
EN RU TK

Ýurdumyzyň çempionatynyň ýedinji tapgyry badalga aldy

view-icon 744
Ýokary liganyň toparlarynyň arasynda futbol boýunça Türkmenistanyň çempionatynda 7-nji tapgyryň birinji oýunlary geçirildi. Paýtagtymyzyň köp ugurly “Aşgabat” stadionynda adybir toparyň futbolçylary “Talyp sporty” toparynyň futbolçylaryny kabul etdi. Ýaňy-ýaňylar hem ýaryşyň sanawynda öňdäki orny eýeleýän aşgabatly futbolçylar soňky üç oýunda şowsuzlyga sezewar bolup, ýedinji orna düşdiler. “Talyp sporty” topary bolsa tersine, geçen tapgyrda “Bagtyýarlyk-Lebap” toparyny 1:0 hasaby bilen utdy we şu oýunda üstünlik gazanan halatynda “Aşgabat” toparynyň yzyndan ýetmäge ähli mümkinçiligi bardy.

Oýnuň bütin dowamynda toparlaryň ikisi-de ýeňiş gazanmaga çalyşdylar. Ýöne oýun 0:0 hasaby bilen tamamlandy. Şonuň netijesinde “Aşgabat” topary 8 utuk bilen ýedinji orunda galdy, “Talyp sporty” topary bolsa 5 utuk bilen sekizinji orunda galdy.

Türkmenabatda geçirilen beýleki oýunda ýaryş sanawynda iň soňky orunda barýan “Bagtyýarlyk-Lebap” we “Daşoguz” toparlary duşuşdy. “Bagtyýarlyk-Lebap” topary her tapgyrda bir pökgini tora salyp, 2:0 hasaby bilen ilkinji ýeňşini gazandy.

Türkmenistanyň milli ýygyndy toparyny AFK-nyň çagyryş kubogy ugrundaky ýaryşa taýýarlamak bilen baglanyşykly ýedinji tapgyryň galan oýunlary 22-nji aprele geçirildi, şol ýaryş Maldiwlerde 19-30-njy maý aralygynda geçiriler.

Ýokary liganyň toparlarynyň arasynda futbol boýunça Türkmenistanyň çempionatynda 16 utuk bilen paýtagtymyzyň “Altyn asyr” topary öňde barýar. “Ahal” topary ondan 1 utuk yza galýar. Türkmenbaşynyň “Şagadam” topary 13 utuk bilen üçünji orunda barýar.