Jemgyýetçilik guramalarynyň merkezinde “Türkmenistanyň zenanlarynyň hukuklary” ady bilen maslahat geçirildi. Maslahat Türkmenistanyň Mejlisi, Zenanlar guramasynyň Merkezi geňeşi hem-de Kärdeşler arkalaşygynyň Milli merkezi tarapyndan guraldy.
Aşgabat şäheriniň we welaýatlaryň zenanalr we käedeşler arkalaşyklarynyň ilkinji guramalarynyň başlyklary hem-de wekilleri zenanlaryň jemgyýetçilik we döwlet durmuşyna gatnaşmaklarynyň deňhukuklylygyny kepil geçýän kanunçylyk-hukuk binýady bilen tanyşdyryldy. TKAMM hünärmenleri, Türkmenistanyň Prezidentiniň ýanyndaky Demokratiýa we adam hukuklary türkmen milli institutynyň baş hünärmeni, beýleki edaralaryň hünärmenleri çykyş etdiler.
Maslahatyň gün tertibine zähmet gatnaşyklary ulgamynda zenanlaryň hukuklaryny, eneligi we çagalygy goramak, durmuş üpjünçiligi, hünär bilimi we zenanlary – döwlet gullukçylaryny taýýarlamagy üpjün edýän meselere degişli soraglar goşuldy. Maslahatyň öňünden zenanlara Türkmenistanyň Prezidentiniň arhiwiniň baş ylmy işgäri tarapyndan taýýarlanan Türkmenistanda zenanlaryň hereketiniň ösüşini görkezýän fotoresminamalardan slaýdlar görkezilmegi bilen, taryhy ekskurs guraldy.
Maslahatyň dowamynda diňleýjiler zenanlaryň hukuk ulgamyndaky Türkmenistanyň goşulyşan esasy halkara konwensiýalary we deklarasiýalary bilen giňişleýin tanyşdyryldy. Şunlukda bu ulgamda milli kanunçylygyň halkara kadalaryny implementirlemegiň meselesine aýratyn üns berildi. Maslahatda çykyş edenler Türkmenistanyň Hökümetiniň erkekleriň we zenanlaryň deň hukularyna we mümkinçiliklerine gönükdirlen öz üstüne alan halkara borçnamalarynyň ählisini gyşarnyksyz berjaý edýändigini nygtadylar.
Maslahatyň möhüm meseleleriniň biri hem zenanlaryň dürli görnüşli durmuş goraglylygyny üpjün edýän, maşgala aladalaryny we hünär borçlaryny bilelikde sazlaşdyrmaga doly mümkinçilik berýän, önümçilik we jemgyýetçilik durmuşyna gatnaşmaga, öz telekeçilik işini ösdürmäge mümkinçilik berýän milli kanunçylygyň kadalaryny düşündirmek boldy. Maslahatyň interaktiw usulynda alnyp barylmagy zenanlaryň gün tertibine girizilen mesellere işjeň gatnaşmaklaryna hem-de hünärmenlerden özlerini gyzyklandyrýan meseleler boýunça doly jogap almaklaryna mükinçilik berdi.
Geljekde zenanlar we kärdeşler arkalaşygynyň ilkinji guramalarynyň ählisinde şular ýaly maslahatlaryň geçirilmegi göz öňünde tutulýar.