Ï Sport – durmuş ýörelgesi
mail-icon
altynasyr.newspaper@sanly.tm
EN RU TK

Sport – durmuş ýörelgesi

view-icon 1112
Sportuň milli görnüşleri boýunça spartakiadanyň çäklerinde geçirilýän Aşgabat spartakiadasyna 200-den hem gowrak adam gatnaşdy. Bu sport baýramçylygyny Türkmenistanyň Kärdeşler arkalaşygy gurady. Şäher spartakiadasyna pudaklaýyn kärdeşler arkalaşygynyň 14-den, Türkmenistanyň kärhanalarynyň we guramalarynyň toparlarynyň 56-sy gatnaşdy. Sport bäsleşikleriniň meýilnamasy sportuň ýaglyga towusmak, düzzüm, göreş we küşt ýaly oýunlarynyň dördüsini öz içine aldy.

Bäsleşikler birnäçe meýdançada geçirildi. Sport zallarynda pälwanlar we türgenler guşakly göre küşt we düzzüm biýunça bäsleşdiler. Açyk meýdançada bolsa sportuň ýaglyga towusmak görnüşi boýunça bäsleşikler geçirildi.


Eminler topary, bäsleşikleriň ähli tapgyrlary tamamlanandan soňra toplanan utuklary jemläp, bäsleşigiň jemini jemledi hem-de sportuň her görnüşi boýunça ýeňijileri we baýrakçylary kesgitledi. Bu bäsleşiklerde ýeňiji bolanlar Ahal welaýatynyň Ak bugdaý etrabynda geçiriljek jemleýji – umumydöwlet XV spartakiada gatnaşarlar.

Spartakiada dürli ýaşdaky we hünärdäki adamlary bir ýere jemleýär. Meselem, bu bäsleşige 18 ýaşlylar hem, 60 ýaşlylar hem gatnaşdylar. Umuman bäsleşige gatnaşyjylaryň ortaça ýaşy – 35-40 ýaş aralygy boldy. Bäsleşige gatnaşyjylaryň arasynda zenanlaryň hem bolmagy, olar 28 sany, guwandyryjy ýagdaýdyr. Olar erkek adamlar bilen bir hatarda küşt we düzzüm oýunlaryna gatnaşdylar we köp babatda üstünlik gazanmagy başardylar.