Ï Milli derejeden halkara derejesine çykylýar
mail-icon
altynasyr.newspaper@sanly.tm
EN RU TK

Milli derejeden halkara derejesine çykylýar

view-icon 877
Geçen dynç alyş günlerindäki köpsanly bäsleşikleriň arasyndan, Aşgabadyň atçylyk-sport toplumynyň aýlawynda iň gowy ahalteke bedewi saýlamak boýunça halkara bäsleşiginiň birinji tapgyry sport muşdaklarynyň arasynda uly gyzyklanma döretdi. Gözden geçirilişe arassa tohumlara degişli “behişdi bedewleriň” onlarçasy gatnaşdy. Olardan iň oňat bedewleriň 20-si saýlanyp alyndy. Wekilçilikli eminler ahalteke bedewlerine diňe bir daşky gurluşy --gözelligi, görmegeýligi, ýalynyň boýy we beýleki häsiýetleri boýunça baha bermek bilen çäklenmän, olaryň sportda gazanan netijeleri – at çapyşyklaryna we has uzak aralyk boýunça çapyşyklara gatnaşandygyny göz öňünde tutdular. Gözden geçirilişiniň indiki tapgyry 19-njy aprelde, şu ýerde – Aşgabadyň atçylyk sport toplumynyň aýlawynda geçiriler. Şonda emin agzalarynyň düzüminpe daşary ýurtly hünärmenler hem goşular we olar jemleýji tapgyra gatnaşjak bedewleriň onusyny saýlarlar.

12-nji aprelde Russiýanyň paýtagty Moskwada buzda tans etmek boýunça 28-nji halkara festiwaly geçiriler. Bu festiwal köp gezek Olimpiýa çempiony bolan Irina Rodnina tarapyndan döredildi. Buzda figuraly typmak boýunça ýaş zehinleriň ýüze çykarylmagyna gönükdirilen bu bäsleşige “Maral” türkmen tans topary hem gatnaşdy.


Geçen ýylda “Lužniki” Olimpiýa toplumyň kiçi buzly meýdançasynda figuraly typmak boýunça türgenlerimiziň “Awaza” tans kompozisiýasy bilen çykyş edip, “Iň oňat horeografiýa” üçin kubogy eýeländigini ýatladýarys. Şu ýylda türkmen figuraçylary festiwalda üstünlik gazanjaklaryň hatarynda kabul edildi diýlip Russiýanyň köpçülikleýin habar beriş serişdelerinde habar berildi. Biziň ýaş ildeşlerimiz geçen ýylda gazanan üstünliginiň netijesinde iki tans bilen çykyş etmäge hukuk gazandylar. Olar tomaşaçylar tarapyndan şowhunly el çarpmak bilen garşylandy we emin agzalarynyň iň ýokary bahasyna mynasyp boldular. Bu gezek Türkmenistanlylara “Özboluşly tans üçin” diýen kubok gowşuryldy.

Şeýle hem şu günlerde Türkmenistanyň Sport baradaky döwlet komitetinde maslahatyň bolup geçendigini belläsimiz gelýär. Şonda windsörfing boýunça dünýäniň kubogyny eýelemek ugrundaky bäsleşigiň 5-nji tapgyrynyň guramaçylyk meseleleri ara alyp maslahatlaşyldy. 40 ýurtdan windserfing boýunça tanymal türgenleriň gatnaşmagynda bu bäsleşiker 1-6-njy iýul aralygynda kenar ýakasyndaky "Awaza" milli syýahatçylyk zolagynda geçiriler.

Maslahata gatnaşyjylar windsörfing boýunça dünýäniň kubogyny eýelemek ugrundaky bäsleşigiň tapgyrlarynyň biriniň Türkmenistanda geçirilmeginiň ýurdumyzda sportuň beýleki görnüşleri – guşakly göreş, welosport we beýlekiler boýunça dünýä derejesindäki ýaryşlary, şol sanda 2017-nji ýylda Aşgabatdaky Olimpiýa şäherjiginiň binýadynda ýapyk binalarda we söweş sungaty boýunça V Aziýa oýunlary ýaly toplumlaýyn ýaryşlary guramak üçin oňat tejribe bolup hyzmat etjekdigini bellediler.

Şeýle hem maslahatda ýurdumyzda sportuň täze görnüşlerini, şol sanda ýelkenli we gyşky görnüşlerini ösdürmek, ýokary derejeli türgenleri, tälimçileri, eminleri taýýarlamak we ýaryşlara çekmek bilen bagly meselelere garaldy.


Milli ýaryşlar barada aýdanyňda, geçen dynç alyş günlerinde Baýramaly şäherinde täze sport mekdebinde Türkmenistanyň erkin göreş boýunça birinjiligini eýelemek ugrunda ýaryşyň geçirilendigini bellemek gerek. Bäsleşiklere ähli welaýatlardan we Aşgabatdan ýaş türgenleriň 200-den gowragy gatnaşdylar.

Bäsleşiklerde aşgabatlylar öňe saýlanyp, 6 gezek üstün çykdylar. Şonda Eziz Sopyýew 42 kilograma çenli agramda, Rozygeldi Seýidow 46 kilograma çenli agramda, Meýlis Wepaýew 50 kilograma çenli agramda, Şamil Şurpaýew 54 kilograma çenli agramda, Mekan Orazow 58 kilograma çenli agramda we Rahymgeldi Wepaýew 76 kilograma çenli agramda birinjiligi eýelediler. Balkan welaýatynyň toparyndan Serdar Omarow 63 kilograma çenli agramda we Alisahib Ismaýilow 69 kilograma çenli agramda hem-de lebaplylaryň toparyndan Alijan Ýagmyrow 85 kilograma çenli agramda we Muhammet Rozykulyýew 100 kilograma çenli agramda birinji orny eýeledi.

Şeýle hem 12-nji aprelde Baýramaly etrabynda Türkmenistanyň futbol boýunça ýokary ligasynyň toparlarynyň arasyndaky ýaryşyň 9-njy tapgyry başlandy. Şonda Marynyň “Merwi” we Aşgabadyň “Talyp sporty” duşuşdy.

Ýer eýeleri hasaby eýýäm 9-njy minutda açdylar we oýnuň birinji ýarymynyň ahyrynda hasaby artdyrdylar. Oýnuň tamalanmagyna 7 minut galanda hasap 3:0 boldy. Myhmanlar esasy wagt tamamlanandan soňra goşulan 3-nji minutda 1 pökgi geçirmegi başardylar. Netijede, “Merw” 3:1 hasap üstün çykyp. 15 oçko toplady hem-de ýaryşda ikinji orna çykdy. Indi, marylylar Aşgabadyň öňde barýan “Altyn asyr” toparyndan bary-ýogy bir utuk yza galýar.

Aşgabat şäheriniň sport baradaky komitetiniň sport mekdebinde Türkmenistanyň küşt boýunça çempionaty dowam edýär, oňa ýokary liga goşulýan erkekler we zenanlar gatnaşýar.

Zenanlaryň arasynda sport ussatlygyna kandidat bolan 15 ýaşly Jemal Öwezdurdyýewa öňde barýar. Ýurdumyzyň 16 ýaşa çenli toparynda çempion bolan we 2010-njy ýylda 13 ýaşa çenli küştçüleriň arasynda dünýäniň çempionatynda bürünç medala eýe bolan J.Öwezdurdyýewa mümkin bolan 12 utukdan 10,5 utuk toplady. Öňdäki orunlary eýeleýänler öňdebaryjydan bir oçko yzda galýarlar.

Erkekleriň toparynda iki küştçi – sport ussady Saparmyrat Atabaýew we FIDE-niň ussady Suhrab Semiýew 10 utuk toplap, birinji orny eýeleýär. Ýaryş 16-njy aprele çenli dowam eder.

Şeýle hem “Sagdynlyk we bagtyýarlyk” atly köpçülikleýin bedenterbiýe – sport we sagdyn durmuş-medeni çärelere dag gerişlerine çykmagy halaýanlar goşuldylar. 13-nji aprelde Duşak dagynyň eteginde 2480 metrden gowrak belentlige çykmak we 1100 metr belentlige dikligine çykmak boýunça ýaryşa gatnaşýanlaryň 50-den gowragy ýygnandy.


Alpinizm boýunça “Agama” kluby, Aşgabat şäheriniň sport baradaky komiteti, Köpetdag etrabynyň häkimligi hem-de Türkmenistanyň Sagdyn jemgyýet howpsuzylygyny goraýyş döwlet gullugy tarapyndan bilelikde guralan bäsleşiklere diňe bir watandaşlarymyz däl-de, daşary ýurt kompaniýalaryň wekilleri-de gatnaşdy.

Ýurdumyzyň ýokary okuw mekdepleriniň wekilleriniň hem sportuň birnäçe görnüşleri boýunça özara bäsleşýändigini bellemek gerek. Şu günler paýtagtymyzdaky “Galkynyş” sport toplumynda stoluň üstünde oýnalýan tennis boýunça bäsleşikler geçirildi, bular Sport baradaky döwlet komiteti, Bilim ministrligi, ýaşlaryň “Türkmenistan” bedenterbiýe-sport guramasy, Demokrtaik partiýanyň şäher komiteti we stoluň üstünde oýnalýan tennis boýunça sport mekdebi tarapyndan guraldy.

Birinji oýny eýelän Milli sport we syýahatçylyk instiutynyň talyplary has göwnejaý taýýarlanandyklaryny görkezdiler. Ikinji orny gurluşyk boýunça geljekki hünärmenler, üçünji orny bolsa ulag we aragatnaşyk institutynyň talyplary eýelediler.

Şeýle hem aprel aýynyň galan günlerinde türkmen talyplary tennis, gandbol, suwda ýüzmek, basketbol, woleýbol we kiçi futbol boýunça bäsleşerler.

Kenarda dynç möwsümi entek başlanmasa-da, türgenler eýýäm kenaryň ýakasyndaky çägede bäsleşmäge taýýarlyk görýärler. Geçen dynç alyş günlerinde "Awaza" milli syýahatçylyk zolagynyň toplumyna girýän “Seýrana” myhmanhanasynyň çäginde kenaryň ýakasynda oýnalýan woleýbol boýunça Balkan welaýaty boýunça birinjilik ugrunda ýaryş geçirildi.

Çekeleşikli bäsleşikleriň barşynda Magtymguly etrabynyň topary jemleýji tapgyrda Garabogaz şäheriniň toparyndan üstün çykdy. Üçünji orny deňziň kenarynda ýerleşýän Türkmenbaşy şäheriniň topary eýeledi.


Bu ýerde - “Seýrana” myhmanhanasynyň sport meýdançasynda Deňiz we derýa ulaglary döwlet gullugynyň birinji hünärmen mekdebiniň talyplarynyň arasynda kiçi futbol boýunça ýaryş guraldy. Şu günler Türkmenbaşynyň “Maýak” sport öýünde Balkan welaýatynyň basketbol boýunça açyk ýaryşy dowam edýär.

Şu hepdede köpçülikleýin bedenterbiýe – sport we sagdyn durmuş-medeni çäreleri köpsanly ýaryşlary geçirmek arkaly dowam edip, olara gatnaşyjylaryň hem-de janköýerleriň sany barha artar. 15-16-njy aprelde Daşoguz şäheriniň 3-nji sport mekdebinde erkekleriň we zenanlaryň arasynda kýokuşinkaý-karate boýunça Türkmenistanyň birinjiligini eýelemek ugrunda ýaryş bolar, hepdäniň ahyrynda Gökdepe etrabynyň Yzgant obasyndaky sport toplumynda uşu boýunça ussat türgenler ýygnanar.

Bulardan başga-da, biziň şäherlerimiziň we obalarymyzyň esasy sport meýdançalarynda futbol, sport gimnastikasy, baýdarkada we kanoede küreklemek, şeýle hem sportuň başga-da birnäçe görnüşleri boýunça ýaryşlar geçiriler.