Şu gün Aşgabadyň atçylyk sport toplumynda iň gowy ahalteke bedewi bäsleşiginiň saýlama tapgyry geçirildi, oňa Türkmenistanyň ähli künjeklerinden bu ajaýyp tohuma degişli iň owadan bedewler gatnaşýarlar.
Mälim bolşy ýaly, hormatly Prezidentimiz Gurbanguly Berdimuhamedow 31-nji martda geçirilen göni aragatnaşyk arkaly wideoşekilli iş maslahatynda ahalteke bedewlerini mundan beýläk-de wagyz etmek we olaryň tutuş dünýäde şöhratyny artdyrmak boýunça geçirilýän işleriň ähmiýetini nygtamak bilen, degişli ýolbaşçylara golaýlaşyp gelýän bedew baýramçylygyna gabatlanyp geçirilýän ähli dabaralaryň ýokary derejesini üpjün etmegi tabşyrdy. Döwlet Baştutanymyz öňde boljak Türkmen bedewiniň baýramyna bagyşlanyp meýilleşdirilen halkara derejesindäki we beýleki medeni çäreleriň, bäsleşikleriň guramaçylyk derejesini üpjün etmäge degişli resminama gol çekdi.
Milli Liderimiz Gurbanguly Berdimuhamedowyň başlangyjy bilen geçirilýän bu bäsleşigiň guramaçylary hökmünde “Türkmen atlary” döwlet birleşigi, ýurdumyzyň obasenaga toplumynyň ministrlikleriniň we pudak edaralarynyň birnäçesi bilelikde çykyş edýärler.
Bu özboluşly ahalteke bedewleriniň gözden geçirilişi türkmen halkynyň we tutuş adamzat siwilizasiýasynyň bahasyz gymmatlygyna öwrülen ýurdumyzyň atçylygyny ösdürmegi höweslendirmek maksady bilen geçirilýär. Bu pudak Berkarar döwletimiziň bagtyýarlyk döwründe okgunly ösüşe eýe boldy, türkmen atşynaslarynyň we seýisleriniň behişdi bedewleri ösdürip ýetişdirmeklerine, ahalteke bedewleriniň ýer ýüzündäki şöhratyny artdyrmaga gönükdirilendir.
Döwlet Baştutanymyzyň buýrugyna laýyklykda, bu bäsleşigiň jemleýji bäsleşigiň aprel aýynyň soňky ýekşenbesinde geçiriler. Şol gün biziň ýurdumyzda Türkmen bedewiniň baýramy giňden bellenilip geçiriler.
“Türkmen atlary” döwlet birleşigi tarapyndan döredilen ýörite topara bäsleşige gatnaşmak üçin degişli ýüz tutmalaryň onlarçasy gelip gowuşdy. Geçen ýyldaky ýaly, bu ýyl hem toparyň düzüminde ýurdumyzyň belli atşynaslaryndan başga-da, döredijilik intelligensiýasynyň wekilleri hem girizildi.
“Türkmen atlary” döwlet birleşiginde TDH-a habar bermeklerine görä, bäsleşige Türkmenistanda ösdürilip ýetişdirilen 3-den 10 ýaşara çenli ahalteke bedewleri gatnaşýarlar. Olaryň hatarynda “Türkmen atlary” döwlet birleşiginiň Milli atçylyk-sport merkeziniň, tohumlyk ahalteke atçylyk zawodynyň, hususy eýeçilikdäki we beýlekileriň arassa ganly ahalteke bedewleri bar.
Birinji saýlama tapgyryň çäklerindäki bäsleşige ajaýyp ahalteke bedewleriniň onlarçasy gatnaşdy, emin agzalary olaryň beden gurluşyna, gözelligine we tohumlyk häsiýetnamalaryna baha berip, iň gowylaryny saýladylar.
Ýelden ýüwrük bedewleriň muşdaklary ady rowaýata öwrülen naýbaşy tohum atlary bilen tanyşmaga oňat mümkinçilik aldylar. Bäsleşige gatnaşan bedewleriň her biri özleriniň beden gurluşyny owadanlygyny, ýüwrükligini, berilýän buýruklary ýerine ýetirmek başarnyklaryny görkezdiler. Täsin bedewler günüň şöhlesine has-da ajaýyp gözellige beslenip, tomaşaçylary haýran galdyrdylar.
Ajaýyp ahalteke bedewleriniň arasyndan iň owadanlaryny saýlap almak emin agzalaryna aňsat düşmedi. Olaryň hemmesi hem bäsleşigiň ýeňijisi diýen ada eýe bolmaga mynasypdyr, emma bäsleşigiň öz düzgünleri bar.
Ýelden ýüwrük bedewleriň 20-si birinji tapgyryň ýeňijileri diýlip yglan edildi, olar bäsleşigiň indiki tapgyrynda 2014-nji ýylyň iň owadan bedewi diýen ady almak ugrunda bäsleşigi dowam ederler.